97
9-njy gönükme
1. Ryçagyň uzyn egni 6 m, gysga egni 2 m-e deň. Uzyn
egnine 10 N güýç täsir etdirilse, gysga tarapynyň ujy bilen nähili
agyrlykdaky ýüki götermek bolar? (
Jogaby:
30 N).
2. Okuwçy oglan gozgalmaýan blokda ýüki ýokary göterýär.
Oglanyň massasy 50 kg bolsa, ol blogyň kömeginde nähili maksimal
agyrlykdaky ýüki göterip biler?
g
≈
10
N
kg
(
Jogaby:
500 N). Jogabyňyzy
esaslandyryň.
3. Ýapgyt tekizlikden ýüki beýiklige götermek üçin 20 J iş ýerine
ýetirildi. Munda PTK 80% bolan mehanizmden peýdalanyldy. Peýdaly işi
tapyň (
Jogaby:
16 J).
4. Jisimiň uzynlygy 6 sm, ini 8 sm bolup, gönüburçluk şeklinde.
Onuň massa merkezi islendik ujundan hasaplananda, näçe santimetr
uzaklykda bolýar? Jogabyňyzy çyzgyda barlap görüň.
5
*
. Guýudan bedrede suw çykarylýar. Bedräniň sygymy 10 l.
Arkanyň saralýan barabanynyň radiusy 10 sm, tutawajyň tirsegi 50
sm -e deň. Suw çykarmak üçin tirsege nähili güýç bilen täsir etmeli?
g
≈ 10
N
kg
. (
Jogaby:
20 N.)
6. Jisim ýapgyt tekizlikden 15 N güýjüň täsirinde göterildi. Jisimiň
agyrlygy 16 N, ýapgyt tekizligiň beýikligi 5 m, uzynlygy 6,4 m.
Ýapgyt tekizligiň PTK-ny tapyň. (
Jogaby:
83,3%.)
Dostları ilə paylaş: