166
Olar çykarýan sesleriniň ýygylygy, belentligi, tembri dürlüçe
bolýar. Meselem, skripkanyň çykarýan sesiniň ýygylygy 260–15000
Hz, klarnetiňki 150–8000 Hz, nagaranyňky 90–14000 Hz töwereginde
bolýar. Sazyň seslerini guşlara, öý haýwanlaryna täsiriniň barlygy
hem öwrenilen. Islendik ýakymly saz ýa-da aýdymy-da gaty belent
sesde goýlanda, ol şowhuna öwrülýär. Şowhun adamyň nerwlerine
we saglygyna täsir edýär. Şu sebäpli şowhundan goramak üçin ses
ýudujy serişdelerden peýdalanylýar. Zatlaryň we serişdeleriň sesi
ýutmak häsiýetini bellemek üçin ses ýuduş koeffisiýenti (
) diýlip
atlandyrylýan ululyk girizilýär.
– ýudulan sesiň energiýasynyň düşen
sesiň energiýasyna gatnaşygy bilen ölçelýär. 6-njy jedwelde
ululygyň
dürli materiallar üçin bahasy getirilen (sesiň ýygylygy 500 Hz).
6-njy jedwel
Material
a
Kerpiçden örülen suwalmadyk diwar
Beton diwar
Linoleum (0,5 sm galyňlykda)
Diwara kakylan faner
Äpişgäniň aýnasy
Diwara asylan haly
Çüýşeden ýasalan pagta gatlagy (9 sm)
0,03
0,02
0,03
0,06
0,03
0,21
0,51
Şowhunlaryň adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýänligi üçin,
olary kemeltmek çäreleri görülýär. Meselem: Ýewropa ýurtlarynda
şowhuny mälim çäkden geçýän samolýotlara ýurduň çäginden uçmak,
aeroportlaryna gonmak gadagan edilen.
Binalaryň taslamasy taýýarlanda-da sesiň ýaýramagyna üns berilýär.
Olary öwrenýän ylmyň pudagy
Dostları ilə paylaş: