Maddany ň gurlu


-njy TEMA SESIŇ SERPILMEGI. ÝAŇ



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə120/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   131
fizika 6 turkman

60-njy TEMA
SESIŇ SERPILMEGI. ÝAŇ
Biz ýagtylygyň bir gurşawdan ikinjisine geçende bölekleýin 
serpilip, bir böleginiň ikinji sreda geçýändigine seretdik. Ses hem bir 
bir gurşawdan ikinjisine geçende, düşme üstünden serpilýär. Muňa 
içi boş boçkanyň ýa-da trubanyň içine geplemek bilen göz ýetirmek 
bolar. Täze gurlan jaýa ýa-da içi adamsyz sport zalyna girende 
özara gepleşilýän sözleriň gaty eşidilýändigini köpiňiz duýansyňyz. 
128-nji surat.
Telewideniýe we radiogepleşikleri ýapyk sport desgalarynda alnyp 
barylanda hem sesleriň ýaňlanyp 
eşidilýändigine 
üns 
berensiňiz. 
Bularyň sebäbi sesiň tekiz diwarlardan 
serpilmegidir. Eger diwaryň uzaklygy 
20 m den köpräk bolsa, serpilen ses 
çeşmeden çykan sese garanda birneme 
gijigip eşidilýär. Şu serpilen sese 
ýaň
diýilýär. Eger parallel ýerleşýän 
diwarlar ýa-da dar dag deresiniň 
arasynda ses çykarylsa, ýaň köp 
gezek gaýtalanýar. Ýaň diňe bir gaty 
jisimlerden serpilende emele gelmeýär. 
Meselem, 
ýyldyrym 
çakanda
ýalpyldyny bir gezek gören bolsak-
da, gök gürrüldisiniň birnäçe gezek 
gaýtalanýandygyny görensiňiz. Munda 


164
birinji gezek belent, soňkylary bolsa barha peselýär. Onuň sebäbi, gök 
gürrüldisiniň sesi daglardan, tokaýlardan, jaýlardan we bulutlardan 
köp gezek serpilip bize eşidilişidir.
Sesiň serpilmegidan durmuşda we tehnikada köp peýdalanylýar. 
Meselem: deňizde we okeanlarda çuňlugy ölçemekde hem-de suwasty 
gämileri anyklamak üçin ultraseslerden peýdalanylýar (128-nji surat). 
Şonuň üçin deňziň düýbüne ultrases iberilýär we urulyp gaýdan ses 
kabul edilýär. Sesiň barmagy we serpilmegi üçin giden wagt 
t
ölçenip, 
deňziň çuňlugy 
h
anyklanýar. Munda ses 2
h
aralygy geçenligi üçin 
2
h


t
· 
t
bolýar. Mundan 
h
t
=


t
2
anyklanýar. 

t
– sesiň suwda ýaýrama 
tizligi. Şeýle gural 
eholot
 
diýlip atlandyrylýar.
Sesiň serpilmeginden metal predmetleriň arasynda howa boşlugy 
ýa-da keseki maddalaryň girip galandygy anyklanýar. Göni guýma 
degirlip goýlan ses çeşmesi we kabul ediji guýma boýunça ýöredilýär. 
Eger guýmanyň içi birmeňzeş dykyzlykda we bütin bolsa, serpilen 
ses bir meňzeş bolýar. Keseki madda we boşluk bolsa, serpilen ses 
bozulýar. Lukmançylykda hem böwrek kesellerini, hamyla ýagdaýyny 
zyýansyz öwrenmek ultrasesler arkaly amala aşyrylýar.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin