167
aragatnaşygyň gowy bolýandygyny anyklaň. Sesiň hiliniň ýüpüň
dartylanlygyna baglydygyna üns beriň.
1. Köp gapylary açanymyzda skripkanyň sesine meňzeş ses
eşidilýär. Muny nähili düşündirmek bolar?
2. Köp etažly jaýda ýaşanda halyny haýsy diwara asmak
peýdaly?
3. Işläp duran maşynyň dwigateliniň sesini eşidip, onuň
mehanizm leriniň işleýşi barada maglumat almak mümkinmi?
11-nji gönükme.
1. Gaýanyň garşysynda duran oglan sesiniň ýaňyny 2 s dan soň
eşitdi. Oglanyň gaýa çenli aralygy näçä deň? (
Jogaby:
340 m).
2. 54-nji temadaky jedwelden peýdalanyp, teplowozyň sesiniň
demir ýol rels leri boýunça ýaýraýyş tizligi, howadaky ýaýraýyş
tizliginden näçe esse uly bolýandygyny anyklaň.
3. Ylgaýan ýodanyň finişinde duran sudýa haýsy pursatda
sekundomeri işletmeli: start sapançasynyň sesini eşidendemi ýa-da
sapançadan çykan uçguny görendemi?
4. Deňziň ~1,5 km çuňlugyna goýberilen ultrases 2 s dan soň
kabul edildi. Ultrasesiň deňiz suwundaky ýaýraýyş tizligi näçä deň?
(
Jogaby:
1500 m/s.)
5*. Ses ýazylýan studiýada daşky şowhundan goranmak
maksadynda diwara iki gat edip haly kakdylar. Munda şowhun näçe
esse kemeler?
6. Ýaňyň näçe gezek gaýtalanmagy nämelere bagly?
7. Gapylar açylanda jygyldy sesini kemeltmek üçin onuň şarnirleri
ýaglanýar. Munda näme sebäpden şowhun kemelýär?
8. Kamerton şahasynyň uzynlygy artdyrylsa, ondan çykýan sesiň
nähili parametri üýtgeýär?
9. Awtomobil sürüjileri käte awtomobiliň ballonyna depip onuň
nähili çişirilendigini barlaýarlar.
Ballondan çykan ses ondaky
howanyň basyşyna nähili bagly?
10. Çölde ýaňy eşitmek mümkinmi?