135
104-nji suratda predmetiň arkasynda emele gelen kölege
görkezilen. Kölegäniň orta bölegi doly garaňky,
gyrasy bolsa çala
garaňky. Şonuň üçin doly garaňky bölege
kölege
, çala garaňky bölege
ýarym kölege
diýilýär. 104-nji
a
suratda predmete ýagtylyk iki çeşme
(
S
1
we
S
2
)den düşýän ýagdaýy görkezilen. Predmetiň arkasynda emele
gelen kölegä hiç bir çeşmeden ýagtylyk düşmeýär. Ýarym kölegä
çeşmäniň birinden ýagtylyk düşýär. Ýarym kölegäniň daşyna iki
çeşmeden ýagtylyk düşýär.
Eger şemlerden birini öçürsek, predmetiň
arkasynda diňe kölege emele gelýär.
104-nji
b
suratdaky ýagdaýy düşündirmäge synanyşyň! Onda şaryň
ölçegi ýagtylyk çeşmesi bolan elektrik lam poçkasyndan ep-esli kiçi.
Amaly ýumuş
Okarany suwdan dolduryň. Eliňize galam alyp onuň okaranyň
suwunyň düýbündäki kölegesine gözegçilik ediň. Soňra
galamyň ýarysyny suwa sokup, ýene kölegesini synlaň.
Şonda
kölegäniň iki bölege bölünýän digine üns beriň. Kölegeleriň aralygy
ep-esli uly bolup, ýagty bolýar. Sebäbi barada pikirleniň.
1. Näme üçin howa bulut bolanda predmetleriň kölegesi emele
gelmeýär?
2. Eger diwara haýsy-da bolsa bir predmetiň kölegesi dü-
şürilse, bu kölegäniň ölçegi nämä bagly bolýar?
3. Ýagtylygyň göni çyzyk boýunça ýaýramagyny ýene nähili
hadysalar tassyklaýar?
Dostları ilə paylaş: