Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə94/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   131
fizika 6 turkman

VI
BA P
Şu bapda Siz:
– ýagtylygyň çeşmeleri;
– ýagtylygyň ýaýrama 
kanuny;
– Günüň we Aýyň tutulmagy;
– ýagtylyk hadysalary 
baradaky Biru nynyň we Ibn 
Sinanyň pikirleri;
– aýna baradaky maglumat-
lar;
– älemgoşaryň emele gelmegi 
we ak ýagtylygyň prizmada 
reňklere bölünmegi;
– ýagtylyk hadysalaryna 
degişli laboratoriýa işleri 
bilen tanyşýarsyňyz.
ÝAGTYLYK HADYSALARY 
BARADAKY ILKINJI 
MAGLUMATLAR


132
GIRI
Ş
 SÖHBETI
Öňki temalarda aýdyşymyz ýaly, Gün Ýerdäki energiýanyň esasy 
çeşmesi bolmak bilen birlikde, ondaky organiki ýaşaýşyň sebäpçisi 
hem dir. Ösümlikleriň, daragtlaryň ösmegi üçin elbetde ýagtylyk gerek. 
Ýag tylyk diýende nämä düşünýäris? Görmek nähili bolup geçýär? 
Ýagtylyk näme sebäpden galyň aýnadan geçýär welin, emma ýuka 
karton kagyzdan geçmeýär? Ol nähili tizlik bilen ýaýraýar? Şular ýaly 
soraglara adamzat gadym zamanlardan bäri jogap agtarypdyr. Ýöne 
ýagtylyk özüniň syrla ryny, başga hadysalara görä uzagrak saklap 
geldi. Biziň görmek arkaly daş-töweregimizdäki älem barada alan 
bilimlerimiz başga duýgularymyz arkaly alan bilimlerden ep-esli köp.
Gadymy grekler adamyň gözünden nähilidir şöhleler çykýar we 
olar zatlara, predmetlere düşüp ony görýär, diýip pikir edipdirler. 
Şeýle bo lýan bolsa gözüň görüşi gijesine we gündizine bir 
meňzeş bolmaly dälmi? Siz nähili pikir edýärsiňiz? Soňluk bilen 
iňlis alymy I. Nýuton ýagty lyga örän maýda bölejikleriň akymy 
hökmünde seretmegi teklip edýär. Bu akym 
ýagtylyk şöhlesi
diýlip 
atlandyrylýar. Ýagtylyk şöhlesi belli bir çeşmeden, meselem, Günden 
çykyp zatlara we predmetlere düşýär. Olardan serpilip gözümize 
düşse, biz olary görýäris diýip düşündirýär. Beýle düşündiriş ýagtylyk 
bilen baglanyşykly ençeme hadysalary düşün dirse-de, käbirlerini 
düşündirip bilmeýär. Meselem: Günüň täsirinde bedeniň garalmagy, 
matalaryň ýagtylygyň täsirinde reňkiniň öçmegi, ösüm likleriň 
ýapragynyň ýaşyl bolmagy we ş.m. Şeýle hadysalary öwrenmekde 
alymlar 
ýagtylygyň 
tebigaty 
baradaky 
başga 
nazaryýetleri 
döredipdirler. Olar bilen Siz nobatdaky synplarda tanyşarsyňyz.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin