Amaly ýumuş Şar şekilli kolbany alyp, suwdan dolduryň we onuň Gün
şöhlelerini toplaýan häsiýetine gözegçilik ediň.
1. Adam nädip görýär? 2. Ýagtylyk hadysalary barada Biruny we Ibn Sinanyň aýdan pikirleriniň nähili derejede dogrudygy barada pikirleniň. • Merkezi Amerikada
Anableps diýen balyk bar. Ol suwda hem,
gury ýerde-de birmeňzeş görýär çemeli. Çünki ol suwuň üstünde
uly gözleriniň ýarysy suwda, ýarysy bolan ýagdaýda ýüzüp gezýär.
52-nji TEMA TEKIZ AÝNA Aýna seretmedik adam bolmasa gerek. Oňa seredip nämäni
görýäris? Aýnada biz öz şekilimizi we töweregimizdäki zatlary
görýäris. Aýnadaky şekiliň ölçeg leri, zatlaryň ölçegi bilen bir hili
bolýar. Aýna ýakynlaşsa şekil hem ýakynlaşýar, uzaklaşsak şekil
hem uzaklaşýar. Diýmek, şekil aýnanyň üstünde däl, eýsem içersinde
emele gelýär. Munuň sebäbi nämede? Bir tarapy kümüş bilen örtülen
çüýşe plastina
aýna diýilýär. Zatlardan, predmetlerden serpilýän
ýagtylyk aýna düşýär we onuň kümüşlenen gatlagyndan serpilýär.
Ýagtylygyň serpilme kanu nyndan peýdalanyp, tekiz aýnada şekil
emele getirmäge seredeliň (110-njy surat). Şekili emele getirmek üçin
predmetden iki sany şöhle aýna ugrukdyrylýar. Bu şöhleler aýnanyň
üstünden serpilme kanunyna görä serpilýär.
110-njy surat.
Serpilen şöhleler ters tarapa
dowam etdirilse, predmetiň şekili
aýnanyň arkasynda emele gelýär.
Eger şekilden aýna çenli we aýna-
dan predmete çenli bolan aralyklar
ölçense, olar deň bolup çykýar.
Aýnadaky şekilimize seredip,
oňa sag elimizi uzatsak, suratymyz
143
çep elini uzadýar. Diýmek, tekiz aýnada çep tarap bilen sag tarapyň
ýeri çalşyp görünýär. Aýnadaky predmet özünden şöhle çykarmaýar.
Şonuň üçin hem bu şekile