51-nji TEMA
ÝAGTYLYK HADYSALARY BARADADAKY BIRUNYNY
Ň
WE IBN SINANYŇ
PIKIRLERI
Ýagtylyk hadysalary akyldarlarymyz bolan Biruny we Ibn
Sinanyň hem ünsüni çekipdir. Öňki temalarda Ýerdäki energiýanyň
(ýylylygyň) esasy çeşmesi Gün diýip görke zilipdi. Bu hakda Biruny
özüniň «Gadymky halklardan galan ýadygärlikler» atly kitabynda
aşakdaky ýaly beýan edýär:
«Gün şöhlesindäki temperaturanyň sebäbi barada käbir adamlar
munuň sebäbi şöhle diýseler, käbirleri bolsa şöhläniň burçlarynyň
ýitiligi sebäp diýipdirler. Beýle däl, eýsem şöhläniň özünde
temperaturasy bardyr – diýýär». Birunynyň bu pikiri Günden Ýere
ýylylyk şöhlelenme sebäpli gelçändigini subut edýär.
Ibn Sina
Ýagtylygyň tizligi barada aşakdaky ýaly ýazýar:
«Käbir adamlar ol zamansyzdyr, çünki jisim däl –
diýse, käbirleri bolsa onuň zamany tiz, ýöne ondan
hem tizräk başga bir zat ýok we şöhläniň tizligini
duýup bolmaýar». Şu pikirler arkaly tebigatdaky hiç
bir jisimiň ýa-da bölejigiň tizligi ýagtylygyň tizligine
deň ýa-da ondan uly bolup bilmeýändigini
nygtalandyr. Biruny Aýyň we Günüň tutulmagynyň
sebäplerini aşakdaky ýaly düşündirýär: «Aýyň
tutulmagynyň sebäbi onuň Ýeriň kölegesine
geçmegidir. Günüň tutulmagy Aý bilen Günüň bizden tutulmagy
(ýagny Gün bilen Ýeriň arasyna Aýyň girmegi) sebäplidir. Şonuň üçin
Aýyň garalmagy günbatar tarapdan we Günüň tutulmagy bolsa
gündogar tarapdan başlanmaýar. Günüň tutulmagy öňünden Aý
günbatar tarapdan gelip bir bölek bulut örten ýaly ony (Güni) ýapýar.
141
Dürli ýer (şäher)lerde ýapylan üsti dürlüçe bolýar. Ýöne Güni ýapýan
(Aý) uly däldir. Aýy ýapýan (Ýer) uludyr».
Birunynyň bu pikirleri
nähili derejede dogrulygy barada pikirleniň.
Ýagtylygyň döwülmegi
barada Biruny we Ibn Sinanyň bir-birine ýollan sowal we
jogaplarynda aşakdakylar bar. Biruny şeýle diýip soraýar: – «Ak,
tegelek, dury çüýşe suw bilen doldurylanda, köýdürmekde edil tegelek
daş (linza) hyzmatyny ýerine ýetirýär. Eger ol çüýşe suwdan
boşadylyp, howa bilen doldurylýan bolsa, köýdürmeýär we Gün
şöhlesini toplamaýar. Näme üçin şeýle bolýar?». Sowala Ibn Sina
aşakdakyça jogap berýär: «Elbetde suw galyň, agyr, dykyz dury bir
jisim bolup, onuň düzüminde reňk bardyr. Şeýle häsiýetli islendik
zatdan ýagtylyk şöhlelenýär (döwülýär). Şonuň üçin suw bilen
doldurylan
tegelek
çüýşede
ýagtylyk
şöhlelenýär.
Şöhläniň
toplanmagyndan köýdürme kuwwaty peýda bolýar. Emma howadaky
şöhle güýçli şöhlelenmeýär. Çünki howa näzik (seýrek) we durudyr».
Bu pikirleriň nähili derejede dogrudygyny soňky «linza» baradaky
temada öwrenersiňiz.
Görmek we onuň sebäpleri barada Biruny Ibn Sina şeýle sowal
ýollaýar: «Gözüň nury arkaly kabul etmek – görmek nähili, näme üçin
dury suwuň aşagyndaky zat görnüp durýar, şol bir wagtyň özünde gözüň
nurunyň röwşenligi dury jisimlerden şöhlelenýär (döwülýär)? Suwuň üsti
ýylmanak we ýalpyldawuk ahyryn».
Ibn Sina özüniň jogaplaryny soňluk bilen «Fizika», «Tib kanun-
lary» atly eserlerinde anygrak häsiýetlendirýär. «Eger gözümizden
şöhle çykyp, predmetleri ýagtylandyrýan we netijede biz predmetleri
görýän bolsak, näme üçin gijesine görmeýäris? Gözümizden çykýan
şöhle nädip bütin älemi ýagtylandyrmaga ýeterkä?» – diýmek bilen
Platonyň pikirini ret edýär. Ibn Sina görmegiň esasy sebäbi tersine,
predmetlerden gelýän şöhleleriň gözümize düşmegi we gözüň
göwherinden geçip döwülmegi, soňra gözdäki torly perdede şekiliň
peýda bolmagy netijesinde diýip düşündirýär.
Asmanda käte ýagyşdan soň görünýän älemgoşar (Hasan-Husan
älemgoşary) hadysasyny hem dogry düşündirýär. Onuň sebäbi Gün
şöhleleriniň atmosfera daky bulutlardan geçen wagtynda reňkli
şöhlelere bölünmegidir. Onuň ýaý şeklinde bolmagynyň sebäbi, Ýeriň
atmosferasynyň şar şekilli bolmagyndandyr.
142
Şeýlelikde, alymlarymyz ýagtylyk hadysalaryny dürli rowaýatlara
däl-de, eýsem ylmy gözegçiliklere esaslanyp düşündiripdirler.
Dostları ilə paylaş: |