138
50-nji TEMA
ÝAGTYLYGYŇ TIZLIGI.
ÝAGTYLYGYŇ SERPILMEGI WE DÖWÜLMEGI
Aristotel, ýagtylyk şöhlesini bir nokatdan ikinji nokada bir pursatda
barýar, diýip hasaplapdy. Ýagtylygyň tezligini tejribede anyklamaga
Galileý syna nyşypdyr. Bir-birinden birnäçe
kilometr uzaklykda
ýerleşdirilen iki adamyň birine panus beripdirler. Panusy bir bir gezek
ýakyp-öçüren adam wagty belläpdir. Ikinji gözegçi gören wagtyny
belläpdir. Ýöne tejribe üstünliksiz tamamlanypdyr. Ýagtylygyň
tezligini ilkinji bolup 1676-njy ýylda daniýaly
astronom
Olaf Rýomer
ölçemegi başarypdyr. Şondan soň başga alymlar hem ýagtylygyň
tezligini dürlüçe usulda ölçäpdirler. Ýagtylygyň tizligi örän uly bolup,
wakuumda
= 300 000 km/s-a deň.
Tebigatdaky başga hiç bir jisim ýa-da bölejik şeýle tizlige eýe
bolup bilmeýär. Ýagtylyk bir sredadan ikinjisine geçende tizligi
üýtgeýär. Meselem, suwda onuň tizligi 225 000 km/s bolsa, çüýşede
200 000 km/s-ga deňdir. Şeýle uly tizlik bilen hereketlenýän Gün
şöhlesi Ýere takmynan 8,3 minutda ýetip gelýär.
Dostları ilə paylaş: