hyýaly şekil diýilýär.
Şeýdip,
predmetiň tekiz aýnadaky şekili hyýaly, dogry, ölçegleri predmetiň ölçeglerine deň, predmet aýnadan näçe aralykda bolsa, aýnanyň arkasynda şeýle aralykda we çep tarapy sag tarapy bilen çalşyp görünýär. Sferik aýnalar * . Şaryň bir bölegi görnüşinde bolan aýnalara
sferik aýnalar diýilýär. Olar iki görnüşde bolýar:
oýuk we
güberçek. Oýuk aýnada şöhle sferanyň içki böleginden, güberçek aýnada
sferanyň daşky böleginden serpilýär.
Oýuk aýna Gün şöhleleri goýberilende, olar bir nokatda
toplanýarlar (111-nji
a surat). Bu nokat oýuk aýnanyň baş optik
okunda ýerleşip, onuň
fokusy diýilýär. Aýnanyň merkezinden
F nokada çenli bolan aralyga
fokus aralygy diýilýär.
Güberçek aýna düşen Gün şöhleleri ondan dargaýar (111-nji
b surat).
Dagynyk şöhleleri hyýalda dowam etdirilse,
F nokatda kesişýär. Oňa
hyýaly fokus diýilýär.
OD – aýnanyň egrilik radiusy,
DF – aýnanyň
fokus aralygy diýilýär.
OF =
OD 2
.
a )
b )
111-nji surat.
F R = 2 . Eger ýagtylyk çeşmesini oýuk aýnanyň fokusyna goýulsa, ondan
çykan şöhleler aýnadan serpilip, baş optik oka parallel ýagdaýda
serpilýär. Aýnalarda şekil ýasamak üçin predmetden çykan iki
şöhleden peýdalanmak ýeterlidir. 112-nji suratda oýuk aýnada ýanyp
duran şemiň şekiliniň ýasalyşy görkezilen.
144
112-nji suratda predmet aýnadan 2
F aralykdan aňyrda goýlan. Ondan
1 şöhläni baş optiki oka parallel,
2 şöhläni baş fokus
F -e iberýäris.
Bu şöhleler aýnadan serpilip, özara duşuşan ýerinde şemiň şekili
emele gelýär. Şekil