MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
77
mekdebe çenli pedagogika çagalarda sözlügiň ösüşine sözleýşiň
ösmeginiň möhüm meseleleriniň biri hökmünde garaýar. Dildäki sözleriň
hemmesi birlikde diliň sözlük düzümi bolup, onuň
özeni esasy sözlük
gorumyzdyr. Çagalarda tebigata bolan söýginiň kemala gelmegi üçin
tebigata gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Çagalar bilen alnyp barylýan
işleriň netijesinde tebigata söýgi duýgulary kämilleşýär. Ol söýgi
duýgularyny gaýtalamak sapaklaryny geçmek bilen berkitmek bolar. Bu
gaýtalamak sapaklarynda çagalar bilen syn etmeleriň, gezelençleriň,
okuw gezelençleriniň netijesinde gören
zatlary barada söhbetdeşlik
guralýar, sorag jogap alşylýar, öwrenen goşgulary, aýdymlary, nakyllary
aýtdyrylýar. Gören, synlan geň-enaýy wakalaryny surat ýüzüne
geçirtmek arkaly syn etmegiň netijesinde ýatda galyjylyk, göz öňüne
getirip
bilmek endikleri, başarnyklary barlanylýar. Çagalaryň çeken
suratlarynyň esasynda toparyň içinde ene-atalaryň gatnaşmagynda sergi
guralýar. Soňra “Körpe tebigaty söýüji”diýen ýaryş yglan edilip, çagalar
bagynyň çäginde ýaşajyk suratçylaryň sergisi geçirilýär. Ol sergä başga
çagalar baglaryndan hem myhmanlar çagyrylýar.
Çaga dünýä
inen gününden başlap, ony hemmetaraplaýyn
terbiýelemek işi başlanýar. Şeýle terbiýeçilik çäreleriniň biri-de olaryň
görüş, eşidiş organlaryny formirlemekden, duýgy ýagdaýlary
döretmekden ybaratdyr. Çagada duýgy ýagdaýy bolanda, ol ýylgyrýar,
gülýär. Bu hem onuň ösüşine örän gowy täsir edýär. Çagalaryň 1-nji
ýaşynyň ösüşini döwürlere bölüp öwretmek maksadalaýykdyr.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2008-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky
43-nji belgili buýrugy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş
we derman
senagaty ministrliginiň 2008-nji ýylyň 5-nji martyndaky 69-njy belgili
buýrugy bilen tassyklanylan "Çagalaryň irki ösüşiniň we çaganyň
mekdebe taýýarlygynyň ölçeglerinde bu döwürler giňişleýin açylyp
görkezilýär. Bu resminamada uly we mekdebe taýýarlaýyş toparlaryny
tamamlan çagalaryň ukyplarynyň, başarnyklarynyň we bilimiň minimal
çägi beýan edilýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
78
Dostları ilə paylaş: