MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
80
çykarmak bolmaz, şonuň üçin syn edýän zadyňy
4-5 gezek
synlap,
öwrenip, umumulaşdyryp belli bir netije çykarmaly. Çaga ýa-da okuwçy
özüniň synlanýanyny, gözegçilik edilýänini bilmeli däldir. Syn,
gözegçilik edýäniň takyk meýilnamasy bolmalydyr.
Täze öwrenilýän zat öňki öwrenileniň esasynda bolmalydyr.
Maksatnama şol esasda düzülendir. Okatmak
tejribesi hem şu esasda
bolýandyr. Terbiýeçi maksatnama materiallary meýilnamalaşdyranda
berk yzygiderlilik saklanmalydyr. „Güýz“ diýen temada surat çekdirmek
üçin güýz aýlary baglara, agaçlara syn etmek, güýz barada gürrüň
geçirmek, goşgy okamak, soňra „Güýz“ diýen
temada özbaşdak surat
çekdirilse gowy bolar.
Çagalar tebigata gezelenje çykanlarynda daş-töwerekdäki gözellige
olaryň ünsüni çekip, gözellige düşünmekligi gazanmak möhüm işleriň
biri bolup durýar. Çagalarda gezelenç döwri daş-töwerek bilen tanyşmak,
gözelligi görüp, duýup bilmek endigi ösýär. Her bir şahsyýet gözelligi her
hili duýýar. Çagalarda gezelençler olaryň daş-töwerek bilen
tanyşmagyna, tebigat baradaky düşünjeleriniň
kemala gelmegine,
duýgularynyň ösmegine ýardam etmek bilen aň derejesiniň
kämilleşmegine getirýär. Tebigat hadysalaryna syn etmek çagalaryň ol
baradaky düşünjeleri terbiýeleýär.
Daş-töwerek bilen tanyşlyk diňe akyl ýetirmek arkaly
tanyşdyrlanda öz manysyna doly eýe bolup bilmez. Çaganyň durmuş
hakykatyna göz ýetirmeginde söz güýjüniň täsiri uludyr.
Durmuş
hakykaty bilen tanyşlyk, oňa düşünmek söz arkaly söz arkaly beýan
edilende, duýgularyna täsir etmek bilen çagada daş töweregine, adamlara
bolan guwanç duýgularyny oýarýar hem-de sözlük goruny baýlaşdyrýar.
Daş-töwerek bilen tanyşlyk boýunça alynyp barylýan işler
çagalarda admlara, öz ýaşaýan ýerine, mähriban tebigatyna bolan söýgi
duýgularyny oýarmaly, daş-töwerege akyl ýetirmeli,
çaga şatlyk
getirmeli. Çagalar bagynda çagany daş-töwerek bilen tanyşdyrmak
maksatnama esasynda sapaklar arkaly amala aşyrylýar.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
81
Dostları ilə paylaş: