“ Daş-töwerek bilen tanyşdyrmak we sözleýişi ösdürmek “
“ Çeper edebiýat “
“ Ene dili “
“ Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak “ sapaklar.
17.
Sözlük üstünde işlemegiň ähmiýeti.Mekdebe çenli ýaşly
çagalara sözleýşi öwretmegiň aýratynlygy.
Sözlük üstünde işlemegiň ähmiýeti.
Mekdebe çenli ýaşly çagalara sözleýşi öwretmegiň aýratynlygy.
Çaganyň sözlügini baýlaşdyrmagyň ýene-de bir çeşmesi halk
döredijiligi we çeper edebiýat bolup, ol ulularyň okap bermegi arkaly
özleşdirilýär. Sözlük bilen işlemek daş-töwerekdäki durmuş ýagdaýlary
bilen tanyşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol dürli usullardyr-tärler
arkaly amal edilýär. Şoňa görä-de, şu meselede ene diliniň ähmiýeti biçak
uludyr.
Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň
öwrediljek maglumaty kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek
usulyny saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly zat beýleki
bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy ähtimal.
Şol bir usuly her mugallym, her terbiýeçi dürli hili ulanyp biler,
sebäbi bu ýagdaý terbiýeçiniň şahsy häsiýetine baglydyr. Islendik
adamyň özüne mahsus ýetmezçiligi-de, artykmaçlygy-da bolup biler.
Mundan başga-da şol usuly tapanyň özi-de dürli toparda dürli hili
peýdalanar, sebäbi bu ýagdaý toparyň taýýarlygyna baglydyr. Şeýlelikde,
islendik usuly durmuşa geçirmek üçin ony toparyň zerurlygyna
uýgunlaşdyrmaly, köp halatda weli, güýçli ýa gowşak çaga görä ulanmaly
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
82
bolýar. Şoňa görä-de, usul elmydama maýyşgak bolmalydyr Okatmagyň
şertini üýtgetmek bilen usul hem üýtgäp biler. Usul dürli tärlerden
ybaratdyr.
Şoňa görä-de, çagalara turuwbaşdan ene dilimiziň aragatnaşyk
serişdesidigini her bir sapakda düşündirmek möhümdir. Jemgyýet
ösdügiçe, adamyň talaby hem özgerýär. Işe bolan yhlasy artýar, zehini
daş ýarýar. Adam mydama gözlegde dürli usullar peýda bolýar. Şol
usullaryň biri-de multimedia tehnologiýalary arkaly okatmagyň
interaktiw usullaryny ulanmakdyr. Bilim ulgamyna multimedia
tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy özüniň netijeli taraplaryny görkezip
ugrady. Tejribelerden görşümiz ýaly, tehnologiýalar bilim ulgamynda
maglumatlary düşündirmekde, öwretmekde täze-täze mümkinçilikleri
açyp görkezýär. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki
maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär we sapagyň gidişiniň has
netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýagdaýda sapagyň gurluşy
üýtgemeýär, gaýtam mazmuny güýçlenýär, öwredilýän düşünjäniň bilim
berijiligi, terbiýeleýjiligi, ösdürijiligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, okatmagyň
netijeli tarapy ýüze çykýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda-da,
başlangyç synplarda-da her bir sapakda berilýän maglumatlary
öwretmekde tehnologiýalaryň ulanylmagynyň uly ähmiýeti bar.
Tejribeler
sapaklarda
kompýuterden,
interaktiw
tagtalardan
peýdalanylmagynyň berilýän maglumatlaryň özi eştdirilişiniň has netijeli
bolýandygyny görkezýär.
Sapaklarda halk döredijiliginden peýdalanmak çaganyň söz
baylygynyň artmagyna, sözleýşiniň ösmegine uly ýardam edýär. Şeýle-
de, tapmaçalar, sanawaçlar arkaly oýun äheňinde berlen suratly
ýumuşlary ýerine ýetirtmek çagalaryň oýlanyşykly pikirlenmek,
döredijilikli çemeleşmek endiklerini kemala getirýär. Bu görnüşdäki
ýumuşlar matematikadan iş depderlerinde hem talabalaýyk berlip, dersara
baglanyşygyň saklanylmagyna ýardam edýär. Ýedigen ýyldyzyna degişli
gadymdan gelýän sanawaç goşgy görnüşinde berlip, şol ýyldyzyň suraty
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
83
punktir çyzyklar bilen görkezilýär. Çaga şahyrana setirleri höwes bilen
öwrenip, özlerine tabşyrylan işi uly gyzyklanma bilen ýerine ýetirýärler:
Ýedigenim, ýedi ýyldyz,
Ýedi göçer, ýedi gonar.
Her gijede gök asmany,
Ýedi gezek ýüzup geçer
Adaty durmuşda ulanylýan sözlerden medeniýetde, ylymda,
tehnikada ulanylýan anyk sözlere geçmek halk döredijiligini, edebi
eserleri öwrenip, çeper sözleýşe geçmek bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, çaga şahsyýetiniň ösüşi onuň ruhy baýlygynyň, daş-töwerek
bilen aragatnaşygynyň netijesidir we önümidir. Şonuň üçin-de çagany
gurşaýan, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlar dil we ruhy baýlygy
boýunça ýokary derejede bolmalydyr.
“Türkmenistanda mekdebe çenli terbiýe we bilim bermegiň mak-
satnamasynda” sözleýşi ösdürmek boýunça aşakdaky talaplar esasynda
sözleýşi ösdürmek işleri alnyp barylýar.
Mekdebe çenli ýaş döwri çaganyň pikirlenmesiniň güýçli depginde
ösýän döwrüne gabat gelýär. Kompýuter bu ýerde esasy işjeňligiň dürli
görnüşleriniň meselelerini aňly-düşünjeli çözmeginiň serişdesi bolup
hyzmat edýär. Şonuň üçin-de pikirlenmäniň doly güýjünde işe girişmegi
zerur. Çaga pikirlenme esasynda daşky dünýä düşünmäge çalyşýar.
Sözleýiş kemala gelip başlaýar. Şonuň üçin maglumatlary halk
döredijiligimiz esasynda oýunlaryň üsti bilen öwretmek - bu çaga
dünýäsine mahsus bolan oýunlar arkaly sapak geçmegi ýola goýmak
bolýar.
Sapaklarda halk döredijiliginden peýdalanmak çaganyň söz
baýlygynyň artmagyna, sözleýşiniň ösmegine uly ýardam edýär Şeýle-de,
tapmaçalar, sanawaçlar arkaly oýun äheňinde berlen suratly ýumuşlary
ýerine ýetirmek çagalaryň oýlanyşykly pikirlenmek, döredijilikli
çemeleşmek endiklerini kemala getirýär.
Türkmeniň halk döredijiligi hemmetaraplaýyn edebi hem-de ebedi
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
84
hazyna bolup, çaga terbiýesinde ulanyp boljak egsilmejek gory özünde
saklaýar. Halk döredijiligimiz öz döwründe terbiýäniň her bir ugry
boýunça iş alyp barmakda uly mekdep bolup hyzmat edipdir. Biziň hem
bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleri dünýä derejesine
laýyklaşdyryp, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş
nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek baş wezipämiz bolup
durýar.
Çaganyň ösmegi, aňynyň kämilleşmegi onuň beýnisine barýan
maglumatlaryň kem-kemden baýlaşmagyny, çylşyrymlaşmagyny,
çuňlaşmagyny talap edýär. Şonuň üçin-de, matematiki maglumatlary halk
döredijiligimiz esasynda ertekileriň, matallaryň, sanawaçlaryň
ýaňyltmaçlaryň üsti bilen öwredilýän maglumata bolan gyzyklanma
işjeňlik görnüşine geçýär. Aslynda halk pedagogikasyna ser
salanymyzda, geçmişde terbiýäniň dürli gömüşleriniň berlendigine, akyl
terbiýesinde dürli usullaryň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar.
Çaga dünýä inende onuň kalbam ýüregem edil ak kagyz ýaly arassa
bolýar. Ýüregi päk, gylyk gäsýeti gowy adama baha berlende “ Onuň
ýüregi päk edil çaganyňky ýaly “ diýilýär. Onuň içki dünýäsi boşluk.
Onda geçmiş ýok ol diňe geljege ymtylýar. Çaga gören, eşiden, duýýan
zatlaryny deňeşdirer ýaly içki dünýäsinde, ýadynda hiç zat bolmandygy
üçin bolşy ýaly kabul edýär. 6-7 ýaşyna ýetende gören, eşiden, duýan
zatlary bilen deňeşdirip kabul edip başlaýar. Soňra onuň kalby, ýüregi
umuman daşky dünýäden kabul eden ýagdaýyna alan terbiýesi bagly
bolýar.
Rus Pedagogy W.A.Suhemlinskiý “ Terbiýeçilik işi dykgatly,
akylly başly, paýhasly pikirlenip ýaş ýüreklere galtaşmaly “ diýýär.
Çagalary mylakatly, hoşniýetli, päk ýürekli edip terbiýelemekde
tebigatyň orny uludyr.
Çagada duýgylary terbiýelemek ruhy we beden taýdansagdyn nesil
kemala gelmegine ýardam edýär.
Sözlük Işiniň usulýeti baçlangyç synplarda täze sözleriň hasbyna
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
85
sözlügini giňeltmekden, edebi däl sözleri ulanyşdan aýyrmaklyk
meselelerini öz öňünde goýmak bilen bu işler çagalar baglarynda göz
öňünde tutulýar.
Dostları ilə paylaş: |