Işjeň-oýun guramak.
Gürrüň bermäge degişli oýunjaklary saýlap almak. Oýunjaklar
baradaky gürrüňleriň nusgasyna derňew. Çagalara oýunjaklar barada
gürrüň düzmekligi öwretmek boýunça sapagyň meýilnamasyny düzmek
we derňemek. Sapaklaryň meýilnamasyny düzmek we derňemek. Çaga
gürrüňleriniň magnit ýazgylaryny derňemek.
“Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasy”
bilen işlemek. Ondaky berilýän çeper eserler bilen tanyşdyrmak işleriniň
wezipelerini ýüze çykarmak. Sapak üçin goşmaça çeper eserleri
toplamak. Dürli ýaşly toparlarda kitapdaky suratlara seretdirip goşgy ýat
tutdurmak we çeper eser okap bermek boýunça sapagyň meýilnamasyny
düzmek we derňemek.
Usuly edebiýatlar bilen iş.
Watan temasyna, halk döredijiligine, ýazyjynyň, suratkeşiň
döredijiligine, ýyl pasyllaryna bagyşlanan edebi agşamlary guramagyň
meýilnamasyny düzmek we derňemek.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
105
Magnitafonda – magnit ýazgyda çeper eserler bilen tanyşdyrmak
sapaklary üçin niýetlenen goşgulary diňletmek we derňetmek.
Talyplar bilen çagalar bagynda dürli ýaş aýratynlykly toparlarda
kitaplar burçlaryna syn we derňew etmek.
Talyplara kitaplar burçunda belli-belli temada sergi guramagyň
meýilnamasyny düzdürmek.
Talyplar bilen edebi agşamlar üçin temalary saýlamak.
Edebi wiktorina geçirmek üçin esbaplar saýlamak,toplamak.
Çagalar üçin sanawaçlar.
Iňňä-iňňä,
Ujy diňňä.
Bal-balyn-a,
Şek-şeki-ä.
Çotur geçi,
Gotur geçi,
Möle geçi,
Halalaň-hapbaň,
Güleleň-güpbeň,
Ýaryl-böwsül,
Çomakaý-çotakaý,
Däne-düýne, Dömme-däh!
Dil bilen nöker-bal bilen şeker.
Dil bilen nöker-abraýňy döker.
Dil akyldan ozup ýöremez.
Dil bilenler galadyr,dil bilmezen beladyr.
Dil bir öl ýerde biten zat, nämäni diýmez.
Dil bir süňksiz et, ýagşyny hem diýer, ýamany-hem.
Dil görki-söz, ýürek görki-göz.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
106
Dostları ilə paylaş: |