Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Çaganyň nerwi ulgamynyň ýagdaýyna; ünslüliginiň, ýatkeşliginiň  pikirlenmesiniň ösüşine we ş.m.;  



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə42/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Çaganyň nerwi ulgamynyň ýagdaýyna; ünslüliginiň, ýatkeşliginiň 
pikirlenmesiniň ösüşine we ş.m.; 

 
Bilim derejesine we söz baýlygyna; sesi kabul edişiniň, sözleýiş 
apparatynyň (gep organlarynyň) hereketiniň ýagdaýyna; 

 
Eme dilini grammatikasynyň çylşyrymlylygyna; 

 
Çaganyň daş-töwerekdäkileriň sözleýiş diliniň grammatikasynyň 
ýagdaýyna; çaganyň sözleýşine terbiýeçiniň gözegçiligine. 
Okuw ýylynyň başynda terbiýeçi çagalaryň nähili grammatiki 
ýalňyşlyklary goýberýändigi bilmelidir. Şu maksat bilen hem ol her gün 
çagalaryň sözleýşine syn etmelidir; käbirleri bilen suratlar, predmetler 
arkaly sorag-jogap alyşmalydyr.
 
Dil biliminde “grammatika" sözi iki manyda ulanylýar. Ol 
birinjiden sözleýşiň grammatik gurluşyny, ikinjiden bolsa sözleriň 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
112 
üýtgeýşi we sözlemdäki baglanyşygy baradaky düzgünleriň toplumyny 
aňladýar. 
Grammatika ylym hökmünde mekdepde öwredilip başlanýar. 
Eýýäm başlangyç synplarda grammatikanyň esasy düzgünleri we 
kanunlary özleşdirilýär. Mekdep çagalary şol düzgünleri özleşdirmek 
bilen adalgalary, kesgitlemeleri öwrenip ýatlaýarlar. Sözleýşi ösdürmegiň 
usulyýeti çagalaryň sözleýşiniň grammatik gurluşyny özleşdirmesini göz 
öňünde tutýar. 
Sözleýşe düşünmek üçin, diňe bir sözleriň manysyna düşünmek 
bilen çäklenmän. eýsem bu sözleriň arasyndaky grammatik taýdan 
arabaglanyşygyny hem bilmek zerurdyr. Eger çaga sözüň grammatiki 
gurluşyna düşünmese, şol sözüň sözlemdäki manysyna düşünmez. 
Grammatika - diliň logikasydyr, ýagny sözleýşiň grammatiki gurluşy 
özleşdirilende çaganyň pikirlenmesi-de şol bir wagtyň özünde 
kämilleşýär. Çaganyň sözleýşiniň grammatiki gurluşyny özleşdirmegi 
onuň sözleýiş diliniň, aňynyň ösmegine-de belli bir derejede täsir edýär. 
Çagada sözleýşiň grammatik gurluşy irki ýaşdan kämilleşip başlaýar. 
Eýýäm 3 ýaşly çagalaryň sözleýşinde sözleýşe mahsus bolan söz 
toparlary esasy grammatiki kategoriýalary bolýar. Bu ýaşdaky çagalar 
ulular, deň- duşlary bilen gürleşenlerinde gysgajyk sözlemleri ulanmagy, 
sözleri ýöňkemede, sanda üýtgetmegi başarýarlar. Bu ýaşda sözleýiş çaga 
üçin esasy aragatnaşyk serişdesi bolup durýar. Ýöne bu entek ýeterlik 
derejede kämilleşmedik sözleýişdir Çaga ýönekeý, goşma sözlemleri 
emele getirmegi (sintaksis); sözleri sanda, ýöňkemede, täze sözleri 
ýasamagy hem öwrenmelidir 
Ýörite saýlanyp alnan öwrediji oýunlaryň, ýumuşlaryň üsti bilen 
geçirilýän sözleýiş sapaklary grammatiki endikleri, başarnyklary 
berkleşdirmäge has-da kömek edýär. 

 
Çagalaryň hemmesinde sözleýşiň grammatiki gurluşynyň ýagday 
deň derejede bolmaýar. Munuň sebäbi şulara baglydyr: 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
113 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin