MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
115
25.
Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň
usullary we tärleri.
Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň usullary.
Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň tärleri.
Grammatik taýdan dogry sözleýşi kämilleşdirmek işi sapaklarda
öwretmek arkaly amala aşyrylýar. Grammatik taýdan dogry sözleýşi
öwretmekde öwrediji oýunlaryň,ýumuşlaryň ähmiýeti uludyr.Çaga üçin
grammatikanyň özleşdirmegiň kyn bolýandygy sebäpli, geçirilýän
oýunlar we ýumuşlara 5-10 minut wagt berilýär.
Terbiýeçi sapakda öwreden wagty adalgalary ulanman, sada dilde
oýunlaryň üsti bilen düşündirýär. Kiçi ýaşly toparda oýun ertekileriň
gahrymanlaryny goşsaň ýa-da sözlem içinde oturanlardan biriniň atlaryny
goşup ýumuş berseň, çaga üçin has-da gyzykly bolýar. Çaganyň sapaga
ünsüni güýçlendirmek maksady bilen kyn ýumuşlar bilen bir hatarda öň
özleşdirilen ýeňil ýumuşlar hem berse bolar.
Dostları ilə paylaş: