Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə41/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Gözellik nury 
 
Gözellik nuruna beslenýän şäher, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym, 
Mydama köňüllerde ol misli bahar, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym. 
 
Ady meşhur kitabynda ginnesiň, 
Köňüllerde joşa geler höwesiň, 
Öwşün atyp durlandyr nepesiň, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym. 
 
Ak binalar lowurdaýar Gün ýaly, 
Dünýämiz şatlyk-şowhundan doly, 
Ulus-iliň wysal bolan hyýaly, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
110 
Waspyn eýläp dolup-daşýar göwünler, 
Aýna kimin arassadyr şaýollar, 
Misli toýdur baýram sag bilen sollar, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym. 
 
 
Arkadagyň paýhasynyň sungatydy, 
Ykbal peşgeş berdi bu beýik bagty, 
Goýnunda gül açar durmuş daragty, 
Mermer paýtagtymyz jan Aşgabadym.
 
 
24.
 
Grammatiki taýdan dogry sözlemek barada düşünje. 
 

 
Grammatiki taýdan dogry sözlemek barada düşünje. 

 
Terbiýeçiniň grammatiki taýdan dogry sözlemegi. 
 
Dil bilimden “grammatika” sözi iki manyda ulanylýar. Ol 
birinjiden sözleýşiň grammatik gurluşyny, ikinjiden bolsa sözleriň 
üýtgeýşi we sözlemdäki baglanşygy baradaky düzgünleriň toplumyna 
aýdylýar. 
Grammatika ylmy hökmünde öwredilip başlanýar. Eýýäm 
başlangyç sypatlarda grammatikanyň esasy düzgünleri we kanunlary 
özleşdirilýär. Mekdep çagalary şol düzgünleri özleşdirmek bilen 
adalgalary, kesgitlemeleri öwrenip ýatlaýarlar. Sözleýiş ösdürmegiň 
usulyýeti çagalaryň sözleýiş grammatik gurluşyny özleşdirmesini göz 
öňünde tutýar. Sözleýşe düşünmek üçin, diňe bir sözleriň manysyna 
düşünmek bilen çäklenmän, eýsem arasyndaky grammatiki taýdan 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
111 
arabaglanşygyny hem bilmek zerurdyr. Eger çaga sözüň grammatiki 
gurluşyna düşünmese, şol sözüň sözlemdäki manysyna düşinmez. 
Grammatik-diliň logikasydyr, ýagny sözleýşiň grammatiki 
gurlyşy özleşdirlende çaganyň pikirlenmesi-de şol bir wagtyň özünde 
kämilleşýär. Çaganyň sözleýşiň grammatiki gurluşyny onuň sözleýiş 
diliniň, aňyna ösmegine-de belli bir derejede täsir edýär. Çagada 
sözleýşiň grammatik gurluşy irki ýaşda kämilleşip başlaýar. Eýýäm 3 
ýaşly çagalaryň sözleýşinde sözleýşe mahsus bolan söz toparlary esasy 
grammatiki kategoriýalary bolýar. Bu ýaşda sözleýiş çaga üçin esasy 
aragatnaşyk serişde bolup durýar.Ýöne bu entek ýeterlik derejede 
kämilleşmedik sözleýişdir. Çaga ýönekeý,goşma sözlemleri emele 
getirmegi (sintaksis); sözleri sanda, ýöňkemede, täze sözleri ýasamagy 
hem öwrenmelidir. Ýörite saýlanyp alnan öwrediji oýunlaryň, 
ýumuşlaryň üsti bilen geçirilýän sözleýiş sapaklary grammatiki endikleri, 
başarnyklary berkleşdirmäge has-da kömek edýär. Çagalaryň 
hemmesinde sözleýşiň grammatiki gurluşyny ýagdaýy deň derejede 
bolmaýar. Munuň sebäbi şulara bagly. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin