Gabylla şägirt ussat bolar- ussadan.
Galam gylyçdan ýitidir.
Galamyň ýazanyny gylyç pozup bilmez.
21.
Sözleýişde ünsli diňlemekligi, dogry dem almaklygy,
howlukman düşnükli geplemegi öwretmek. Çaga sesini ösdürmek
we gorap saklamak.
Sözleýişde ünsli diňlemekligi, dogry dem almaklygy,
howlukman düşnükli geplemegi öwretmek
Çaga sesini ösdürmek we gorap saklamak.
Sözleýiş seslerden durýar, her bir sözi belli bir sesler emele getirýär.
Meselem, at diýen söz kyn bolmadyk 2 sesden ybarat: a – 1-nji ses, t – 2-
nji ses.
Gepleşikde bir sesiň üýtgemegi, eşidilmän galmagy, uzyn
aýdylmagy täze bir manyly söz emele getirýär. Ot, o:t başgaça aýdylýar.
Şonuň üçin, çagalara gepleşikde her bir sözi, onuň seslerini gowy
eşitmekligi öwretmeli. Munuň üçin degişli mysallar getirmeli. Gepleşikde
sözleri dürli labyzda aýtmak bilen şol bir sözüň manysy üýtgeýär.
Meselem, «ýok» - bu sözi 5-6 äheňde aýtmak bolýar. Ýuwaşja,
adaty ses bilen «ýok» diýýäris, gatyrak, ýüz mimikany üýtgetmän «ýok»
diýsek, 2-nji bir manyny berýär. Gaty ses bilen «ýok» diýsek, ony hem
gaharly aýtsak, şol sözüň manysy üýtgeýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
98
Şonuň üçin çagalara gepleşikde sözleriň nähili äheňde aýdylyşyna
hem üns bermelidigini öwretmeli. Olara birnäçe sözlerden mysal
getirmeli. Terbiýeçi çagalara bir zady gürrüň berende, howlukman
geplemekligi, dogry dem almaklygy öwretmeli. Aýtjak pikirini çalt
demde beýan etjek bolmagy çagalaryň uly ýalňyşlygydyr. Şeýle ýagdaýly
çagalara terbiýeçi düzediş bermese, ol çalt geplär. Ene dilindäki sesleri
dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede kämilleşdirilýär. Çaganyň
gep agzalarynyň hereketiniň ýeterlik derejede ösenligi, kadaly sözleýiş
dem alşynyň bolmagy, oňat sözleýiş eşidişi - sesleri dogry aýdy1magyň
esasy bolup durýar.
Ses aýdylyşynyň bozulmagy sözleýiş apparatynda kemçiligiň (gaty
we ýumşak kentlewügiň açyk bölünen) bolmagy, dilasty sapajygyň gysga
bolmagy gep agzalarynyň, hereketiniň, sesi tapawutlandyryp
eşitmekliginiň ýeterlik derejede ösmedigine bagly bolýar Çaganyň eşidiş
ünslüliginiň pesligi, öz sözleýşine biparh garamagy hem sesleri nädogry
aýdylmagyna sebäp bolýar.
Sesi nädogry aýtmaklyk - bu sözde sesi goýberip aýtmaklyk, bir sesi
başga bir ses bilen çalşyryp aýtmaklyk, sesi ýoýup aýtmaklykdyr. Esasan-
da bir sesi başga ses bilen çalşyp aýdýan, sesi ýoýup aýdýan çaga bilen
düzediş işini öz wagtynda başlamaly, sebäbi ýazuwda hem bir harpy
başga bir harp bilen çalşyp ýazmaklary mümkin, ýoýulyp aýdylýan sesi
öz wagtynda düzetmezlik, dil düzediş mugallymynyň çaga bilen köp wagt
işlemegine eltýär. Sesi nädogry aýtmaklyk, köplenç ýagdaýda, sözleýiş
bozulmasynyň beýleki agyr görnüşleri (alaliýa, dizartriýa we ş.m)
esasynda hem ýüze çykýar. Terbiýeçi çagalara sesleri dogry aýtmaklygy
öwretmelidir, gerek bolan ýagdaýynda sözleýşi kemçilikli çagalary
ýöriteleşdirilen çagalar edarasyna ugratmalydyr.
Artikulýasion apparat (gep agzalary) – ses aýtmaklygyň esasy
bolup durýar. Sesler agyz boşlugynda emele gelmek bilen dodagyň, diliň,
aşaky äňiň, ýumşak kentlewügiň, kiçi diliň hereketlerine baglydyr.
Artikulýasion apparatyndaky kemçilikler (dilasty sapajygyň gysgalygy,
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
99
dişleriň gysylmagynyň nädogrulygy, kentlewügiň beter ýokarda ýa-da dar
bolmagy we ş.m.) ýa-da olar şu hereketleriniň ýeterlik derejede
kamilleşmändigi (diliň, dodagyň az hereketliligi) sesiň nädogry
aýdylmagyna eltýär.
Terbiýeçiniň esasy etmeli işleri:
Diliň hereketini ösdürmek (dili inçeltmegi, ýazgyn görnüşde
saklaniagy, ýokarky dişleriň aňyrsynda saklamagy we ş.m. Öwretmeli);
Dodagyň hereketini ösdürmek (dodagy öňe uzatmagy, tegelemegi
we ş.m öwretmeli);
Aşaky äňi belli bir ýagdaýda saklamagy başarmagy öwretmek.
Sözleýişde kadaly dem alyş - dem almaklygyň gysga bolup, demi
çykarmaklygyň uzak bolmagydyr
Çagada entek sözleýşiň kadaly dem alşy ösen däldir. Terbiýeçi dürli
oýunlaryň üsti bilen kadaly dem alşy türgenleşdirýär. “Ýapraga üfle",
“Kebelegi uçur", ýeňil bolan predmetlere üflemek.
Bu oýunlar oýnalan wagty çaganyň dem alanda eginlerini galdyr-
mazlygyna, demini goýberende gamyny içine çekmezligine üns bemieli
Dem alyş oýunlary 3 minutdan köp geçirilmeýär. Oýnalýan wagty
arasynda çala dynç alar ýaly wagt bermeli. Sözleýşiň kadaly dem alşynyň
bozulmagy bedeniň gowşaklygy, adenoidleriň bolmagy, dürli ýürek-
damar keselleri we ş.m. esasynda hem bolup biler. Terbiýeçi ýörite
oýunlaryň iisti bilen demi çykarmagyň uzak bolmagyny, arkaýyn
çykmagyny öwretmelidir. Sesi kämilleşdirmegiň ýene-de bir ugiy ses
apparatyny ösdürmekdir. Ses apparaty arkaly ses dürli belentlikde,
tembrde, belli bir batlylykda aýdylýar.
Sesiň güýji - sesiň belli bir batlylykda (batly, kadaly, ýuwaş)
aýdylmagydyr.
Sesiň tembri - sesiň aýdylyşynyň aýratynlygy (ýiti ses, sandyraýan
we ş.m.)bolup durýar.
Dem alyş ýollarynyň dürli keseller bilen kesellemegi (gaýtalanyp
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
100
durýan dümewleme, adenoidler we ş.m.) sesiň bozulmagyna eltýär. Sesiň
bozulmagy çaganyň beter ýygra bolmagyna (utanjaň çaga ýuwaş, çala
gürleýär), alýan terbiýesine (ulularyň seslerini gataldyp gürlemekleri),
ýerleşýän otagyndaky galmagala (telewizoryň sesi, toparda hemişe
galmagalyň bolmagy) hem bagly bolýar.
Diksiýa (aýdyň sözleýiş) – heňi sözleýiş ösüşi bilen bilelikde
kämilleşýär. Iki ýaşdan alty ýaş aralygynda sözleýşiň ähli ugurlarynyň
çalt depginde ösýän wagty çaganyň sözi, sözlemleri aýdyň aýtmagyna üns
berilmeli. Çaganyň daş-töweregindäkileriň sözleýşini ünsli diňlemegini,
sözleýişdäki dem alşyň, artikulýasion apparatynyň (gep agzalarynyň)
hereketiniň kadaly bolmagy bilen oňat diksiýa emele gelýär. Terbiýeçiniň
sözleýşi grammatiki taýdan dogry, aýdyň bolmalydyr. Terbiýeçi çaganyň
daş-töwerekdäkileriň sözleýşini ünsli diňlemegini, çaganyň öz
sözleýşiniň aýdyň bolmagyna üns bermegini gazanmalydyr.
Sözleýşiň depgini – sözleýşiň tizligidir, ýagny belli bir wagtda
aýdylýan bogunlaryň sanydyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar, köplenç, çalt
depginde gürleýärler. Eger-de çagalara sözlerdäki basymy çekip aýtmagy
öwredilse, çalt gepleýän çagalaryň sözleýşi aňsat kadalaşýar.
Ene dilindäki sesleriň dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede
kämilleşdirilýär. Çagalaryň gep agzalarynyň hereketi ýeterlik derejede
ösenligi, kadaly sözleýiş dem alşynyň bolmagy, oňat sözleýiş eşidiş-
sesleri dogry aýtmak esasy bolup durýar.
Ses aýdylşynyň bozulmagy sözleýiş aparatynda kemçiligiň ( gaty
we ýumşak kentlewügüň açyk bölünen ) bolmagy, dil asty sapajygyň
gysga bolmagy gep agzalarynyň hereketiniň, sesi tapawutlandyryp
eşitmekliginiň ýeterlik derejede ösenligine bagly bolýar.
Sesi nädogry aýtmaklyk – bu sözde sesi göýberip almaklyk, bir sesi
başga bir ses bilen çalşyrylyp aýtmaklyk sesi ýoýup aýtmaklykdyr.
Sözleýşiň kadaly dem almagynyň bozulmagy bedeniň gowşaklygy,
adeonidleriň bolmagy, dürli ýürek damar keselleri we ş.m. esasynda hem
bolup biler.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
101
Terbiýeçi ýörite oýunlaryň üsti bilen demi çykarmagyň uzak
bolmagyny, arkaýyn çykmagyny öwretmelidir.
Sesi kämilleşdirmegiň ýene bir ugry ses aparatyny ösdürmekdir.
Ses aparaty arkaly ses dürli belentliklere, temabarada, belli bir batlylykda
aýdylýar.
Sesiň güýji-sesiň belli bir batlylykda ( batly, kadaly, ýuwaş )
aýdylmagydyr.
Terbiýeçi çaganyň kadaly depginde gürlemegine üns bermelidir.
Şeýle edilende aýdyň aýdylýar.
Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar.
Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler.
Her bir zyýan akyl artdyrar.
Dostları ilə paylaş: |