MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
89
meýilnamalary çagalar bagynyň körpeler bilen geçirýän pedagogik işiniň
resminamasydyr. Olar sowatly ýazylmalydyr we doly düzgünli
saklanmalydyr. Meýilnama düzülende çagalar bagyna gelýän körpeleriň
her bir gününiň mazmunly we gyzykly bolmagy üçin çalyşmalydyr. Eger-
de terbiýeçi meýilnamany düzmäge hem-de ony ýerine ýetirmäge oňat
taýýarlansa, onda anyk we oýlanyşykly meýilnama hemişe oňat netije
berer. Terbiýeçi çagalar bagynda geçirýän hemme terbiýeçilik işlerini
meýilnamada nazarda tutmalydyr. Şeýle hem meýilnamada çagalaryň
hemme taraplaýyn ösmegi göz öňüne tutulmalydyr.
Terbiýeçi meýilnama düzmezinden öňürti „Çagalar bagynda
terbiýeçilik işleriniň maksatnamasyny“ hemme taraplaýyn öwrenmelidir.
Aýratyn-da öz terbiýeçilik işlerini geçirýän toparynyň
hem-de
ondan öňki we soňky toparlarda terbiýeçilik işleriniň mazmunlaryny
gowy bilmelidir. Mekdebe taýýarlaýyş toparynyň terbiýeçisi çagalar
bagynyň maksatnamasyndan başga-da mekdebiň birinji klasynyň
maksatnamasyny oňat bilmelidir.
Terbiýeçi bir hepdelik iş meýilnamasyny düzýär. Meýilnamanyň
möhletiniň uzak bolmazlygy her günde geçiriljek sapagyň
mazmuny
barada oňat oýlanyp görmäge terbiýeçä mümkinçilk berýär. Terbiýeçi
meýilnama düzmek üçin çagalar bagynyň maksatnamasyndan materialy
seçip almalydyr. Seçilip alnan materiallar her bir güne doly
bölüşdirmelidir.
Dostları ilə paylaş: