Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM
18. Sapaklaryň gurluşy.Gözegçiligi we gezelenji geçirmegi we sözlük üstünde iş guramaklygyň usullary,tärleri.
Sapaklaryň gurluşy.
Gözegçiligi we gezelenji geçirmegi we sözlük üstünde iş guramaklygyň usullary,tärleri. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagy boýunça her bir
düşünjäni (pasyllaryň alamatlaryny, ösümlikleri, guşlary...) görüş,
sözleýiş arkaly çaganyň aňynda şöhlelendirip bilýäris. Emma syn edip
bolmaýan zatlar, alamatlar hem bolýar. Olar düşünjeler görnüşinde
aňladylýar. Matematika abstrakt düşünjelerden ybaratdyr. Matematiki
düşünjeleri öwrenmäge başlamak bilen çaga görüş arkaly pikirlenmeden
düşünjeler arkaly pikirlenmä geçýär. Okatmagyň dürli usullaryny
peýdalanmak bilen çaganyň şol abstrakt düşünjeleri talabalaýyk
özleşdirip bilmegini gazanmak terbiýeçiniň işi dogry gurap bilşine bagly
bolup durýar.
Pasyllara mahsus gözellikler bilen her paslyň öz gidişinde
tanyşdyrmak has talabalaýykdyr. Beýle tanyşlyk çaganyň görüp, kabul
edip, beýnä ornaşdyrmagy netijesinde bolup geçýär. Çaga göz öňündäki
bolup geçýän üýtgeşmelere göz ýetirýär, belli bir derejede şol barada
düşünje alýar, gözellige söýgi döreýär. Güýz paslynda ýapraklar ýere
gaçyp, ony ýygnamak aňsat bolýar hem-de ösüp oturan gök ýapragy
ýolmaly däl diýip, öwreden düşünjelerimizi delillendirip bilýäris. Çagalar
dürli reňkdäki, dürli görnüşdäki ýapraklary ýygnamagy gowy görýärler.
Çagalara bir gezelençde ýapraklary ýygnamak, indiki gezelençde
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
86
ýapraklara syn etmek tabşyrylsa has hem maksadalaýyk hasap edilýär. 01
sapaklarda çagalara şeýle soraglary bermek ýerliklidir.