MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
122
hem diýseň boljak: gepleşmegi öwrenmek bilen bir hatarda çaga söz
baýlygyny artdyrýar, sözleýşiň grammatiki gurluşy kämilleşýär. Bular
çaganyň ýaşyna görä kem-kemden çylşyrymlaşdyrylýar. Terbiýeçi ähli
çaganyň söhbetdeşlige gatnaşmagyny gazanmalydyr.
Terbiýeçide sözleýiş dilindäki esasy kemçilikler (sözüň burna salyp
aýdylmagy, sakawlama) barada düşünje bolmalydyr. Kemçiligiň öz
wagtynda ýüze çykarylyp, çaganyň dil düzediş mugallymyna
ugradylmagy dogry sözleýşi kämilleşdirmäge kömek edýär.
Çaga gürrüňler boýunça albomlar döredilse, çaganyň özüne her bir
gürrüňiň mazmunyna laýyklykda surat çekdirilse has-da gowy bolar hem-
de çaganyň döredijiliginiň ösmegine itergi berer. Çagalara gürrüň
bermegi öwretmek, sözleýşiň ähli ugurlarynyň ösmegine, çaganyň
mekdepde oňat taýýarlykly barmagyna ýardam eder.
Taýýarlanylan gürrüňiň esasy maksady çagalara gönüden-göni
söhbetdeş bolmagy, ýagny, söhbetdeşiňi diňlemegi, onuň sözüni
bölmezligi, garaşmaklygy, düşnükli gürlemäge çalyşmaklygy. Şeýle-de,
grammatiki taýdan dogry sözlemek endigini terbiýelemegi we aýdylýan
sözleriň manysyna düşünmekligi öwretmekligi göz öňünde tutýar. Gürrüň
geçirmegiň usuly ähli ýaş aýratynlygyndaky toparlarda birmeňzeşräk
hem diýseň boljak: gepleşmegi öwrenmek bilen bir hatarda çaga söz
baýlygyny artdyrýar, sözleýşiň grammatiki gurluşy kämilleşýär. Bular
çaganyň ýaşyna görä kem-kemden çylşyrymlaşdyrylýar. Terbiýeçi ähli
çaganyň söhbetdeşlige gatnaşmagyny gazanmalydyr.
Dostları ilə paylaş: