MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
135
terbiýe estetiki döredijiligiň ösüşidir. Her bir çaga öz mümkinçiligine
görä, her bir estetiki gymmatlygy döredijidir. Jaý gurmak bilen ol
arhitektorlyk ukybyny, surat çekmek, ýasamak bilen çeper nakgaşlyk
ukybyny görkezýän bolsa, tans-aýdym bilen meşgul bolup edýän
hereketleri - bir söz bilen aýdanyňda, çaganyň çeper döredijiligidir.
Çaganyň döredijiligine özbaşdak çeper işjeňlik diýip hem düşünmek
bolýar. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler şol özbaşdak çeper işjeňligiň
döremegine ýol açýar.
Kiçi ýaşly çagalar bilen işlenilende çagalaryň aýdylýan zada
düşünmegine üns berilýär. Uly ýaşly çagalaryň özbaşdaklykda sözi
üýtgetmegi, täze sözýasamagy, sözlem düzmegi göz öňünde tutulýar.
Berilýän ýumuşlar çaganyň ýaş aýratynlygyna görä çylşyrymlaşdyrylyp
bilner. Mysal üçin, kiçi ýaşly toparda çagalar predmetleri dogry
atlandyrmaly bolsa, uly ýaşda eýýäm predmeti toparlamagy we
umumylaşdyrmagy başarmalydyr.
Dostları ilə paylaş: