MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
136
Döwleti artykdyr niýeti pägiň,
Buýsançly saklaýar dessuryn-däbin,
Ylymyň-bilimiň giňeldip çägin,
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara.
Mertlik syryn saklar daglar-gaýalar,
Watan borjun haklan mydam aýalar,
Her bir işde halallyga daýanyp,
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara.
30.
Grammatikany özleşdirmäge degişli albom taýýarlamak.
Grammatikany özleşdirmäge degişli albom taýýarlamak.
Albomyň ähmiýeti.
Mekdebe çenli bilim we terbiýe çagalar baglarynda maşgala bilen
arkalaşykly berilýär.
Çaga daşky dünýä, adamlar we jemgyýet hakynda belli bir
düşünjeler, tejribeler toplap, garaýyşlaryny emele getirip, beýlekiler
bilen aragatnaşyga girýär. Şeýlelikde, ol jemgyýetde kesgitli omy tutup,
ondaky borçlaryny we hukuklaryny ýerine ýetirýän şahsyýete öwrülýär
Şahsyýetiň döreýşiniň we ösüşiniň üç ugry bar:
Jemgyýetiň ahlak düzgünlerini öwrenmek (bilmek), kabul etmek we
ýerine ýetirmek.
Bu ugry hem şertli iki bölege bölmek mümkin.
Jemgyýetiň, milletiň ahlak we özüni alyp baryş düzgünlerini,
kada- kanunlaryny, urp-adatlaryny, däplerini özleşdirmek.
Döwletiň kanunlaryny, düzgünlerini özleşdirmek.
Bu düzgünler hem şertli üç bölekden ybaratdyr.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
137
Hökmany ýerine ýetirilmeli düzgünler.
Gadagan, jemgyýetiň kabul etmeýän düzgünleri.
Ýerine ýetirilmegi mümkin düzgünler.
Terbiýeçiler. ata-eneler jemgyýetiň, döwletiň ahlak, hukuk
düşünjelerini çaga üçin düşnükli, aň ýeterli derejede durmuşdan we çeper
eserlerden alnan gahrymanlaryň mysalynda öwretmeli we olaryň
birkemsiz ýerine ýetirilmelidigini düşündirmeli.
Dogry ýerine ýetirilen hereketleri bellemeli, öwmeli, nädogry
ýerine ýetirilen düzgünleri sabyrlylyk bilen düşündirmeli, çagany onuň
mertebesini kemsitmezden ýazmaly.
Şahsyýetde özüne we jemgyýete peýdaly bilesigelijilikli
gyzyklanmalar, watansöýüjilik, ata-enä hormat, borç, jogapkärlik ýaly
duýgular kemala getirilýär. Öz-özüne hyzmat, ata-enelerine, ýoldaşlary
na, bütin jemgyýete, döwlete hyzmat etmek meýilleri oýarylýar.
Şahsyýetiň Watany goramak we anyk işler arkaly oňa
hyzmat etmek,
zähmet bilen ýurduň ykdysady we kuwwatlylygyna goşant goşmak ýaly
baş islegleriniň düýbi tutulýar.
Şahsyýetiň jemgyýet tarapyndan ýazgarylýan endikleriniň
täsirlerinden özüni saklamak, düzgünleri berjaý etmek, duş gelýän
kynçylyklara, päsgelçiliklere çydamly bolmak,
olara dözümli, sabyrly
garamak, ygtyýarlylyk,
erklilik, öz-özüni dolandyryp bilmek ýaly
sypatlarynyň esasy tutulýar.
Dostları ilə paylaş: