Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə58/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

35.
 
Ses bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen dil 
maşklarynyň toplumyny taýýarlamak. 
 

Ses bozulmalarynyň öňüni almak 

Dil maşklarynyň toplumyny taýýarlamak

 
3 we 4 ýaşly çagalami arasynda nädogry gürleýän çagalaryň 
köplügi sebäpli dogry ses aýdyşy terbiýelemek işi (oýunlar, sapaklar) 
toparyň ähli. 
Çagasy bilen bilelikde geçirilýär. Sözleýiş apparatyny 
türgenleşdirmek üçin her gün ähli çagalar bilen bilelikde aýdym aýtmak, 
ses meňzetmelerine degişli öwrediji oýunlary geçirmek hökmanydyr. Bu 
oýunlar köpçülikleýin bolup, oňa hemme çaga gatnaşýar, çaga sözleri 
dogry aýtmasa-da. bilelikde aýdylýan sözleriň bogun taýdan gurluşy 
bozulman galýar. 
“Näme nähili ses edýär" oýny Terbiýeçi çagalara geçiniň hem-de 
sygryň suratyny görkezip, olaryň nähili ses edýändiklerini aýdýar. 
Çagalar terbiýeçiniň yzy bilen birnäçe gezek şol haýwanlaryň seslerine 
öýkünip gaýtalaýarlar. Soňra terbiýeçi ýene-de geçiniň sesini gaýtalaýar 
(haýwanlaryň suratlaryny aýyrsa hem bolýar), çagalar bolsa şol sesiň 
haýsy haýwanyňkydygyny bilmel.i Bu ýerde çaganyň diňe bir eşidiş 
ünslüligi däl-de, eýsem görüş ýatkeşligi hem ösdürilýär. 
Uly topar. Uly toparda, kiçi toparda başlanan iş dowam etdirilýär. 
Terbiýeçi sapaklarda çaganyň sözleýiş apparatyny türgenleşdirmek we 
ses aýdyşyny ösdürmek boýunça oýunlar geçirýär 
Şu maksat bilen sapaklarda eşidişi ösdürmek boýunça ýörite 
oýunlar oýnalýar. 
“Kim aýtdy” oýny. Topardan bir çaga öňe çykyp durýar Terbiýeçi 
öňde duran çaga gözüni ýummagy ýa-da beýleki çagalara tarap tersine 
öwrülip durmagy tabşyrýar Terbiýeçiniň görkezmegi boýunça toparyň 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
159 
çagalaryndan biri öňe saýlanan çaganyň adyny tutýar, öňde duran kimiň 
öz adyny tutandygyny bilmeli. 
“Sözi gutar" oýny. Terbiýeçi sözüň başyny aýdýar, çagalar ony 
gutarýar. Bu oýuny oýnamak üçin terbiýeçi manysy boýunça çagalara 
tanyş bolan 2- 3 bogundan ybarat sözleri saýlap alýar. Çagalaryň öz 
atlaryndan başlamak has gowusydyr: Bi-bi, Lä-le, Ba-ba we ş.m. 
Mundan hem başga kiçi toparda dem alşyny türgenleşdirmek üçin 
geçirilen işler uly toparda hem dowam etdirilýär (ýeňil predmetlere 
üflemek weş.m). 
Terbiýeçi çagalara “söz”, “ses”, “bogun" barada hem ilkinji 
düşünjeleri berýär. 
Mekdebe taýýarlyk toparda sözleýşinde kemçiligi bolan çagalar az 
hem bolsa, sözleýşiň ses taýdan dogry aýdylyşynyň üstünde işlemegi 
dowam etdirmelidir: çagalarda aýdyň, labyzly sözleýşi ösdürmeklige, 
sesiň güýjüni. 
Sazlaşdyrmagy başarmaklyga üns bermeli Munuň üçin aýdym, 
goşgy bilen baglanyşykly hereketli oýunlary, ses eşidişini ösdürmek, 
howa akymyny kämilleşdirmek üçin geçirilýän öwrediji oýunlary, 
ýaňyltmaçlary ulanmaklygyň ähmiýeti ulydyr. 
Sözleriň aýdylyşyny ýoýmazdan ýaňyltmaçlary haýallyk bilen 
köpçülikleýin ýa-da ýekelikde-de aýtsaň bolar. 
Ýaňyltmajy ilki bilen terbiýeçi dürs aýdyň düşnükli edip aýdýar 
Soňra çagalar ilki köplük bolup, soňra toparlaýyn, ýekelikde 
gaýtalaýarlar.Ýaňyltmajy aýtmagy başarandan soň, ony seslerini 
üýtgedip (pyşyrdap, haýal, batly, çalt) aýdýarlar Çaganyň ses 
medeniýetini ösdürmek boýunça ýokarda aýdylýan usullary peýdalanmak 
oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda, mekdebe çenli ýaşda 
çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6 ýaşly çaga käbir sesleri 
dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş geçirmeli. Aýratynlykda 
geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen terbiýeçi sesi aýdanda 
çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli seretmegini, aýdylýan sesi ünsli 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
160 
diňläp. soňra ony gaýtalamaga-synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da 
çaga sesi dogry aýdyp başlanda, terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen 
birlikde, şeýle-de şol sese degişli sözleri, goşgulary berýär, ýörite 
saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň etdirýär. Eger-de bu işler öz 
netijesini bermese, çagany logopede (dil düzediş mugallymyna) 
görkezmelidir 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň ähli 
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça 
işlände çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi 
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki 
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dem alşa. sesiň dogry 
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär. 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň 
ähmiýeti uludyr. Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşuly p hereket etmegi 
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini, 
labyzlylygy ösdürýär. 
3 we 4 ýaşly çagalami arasynda nädogry gürleýän çagalaryň 
köplügi sebäpli dogry ses aýdyşy terbiýelemek işi (oýunlar, sapaklar) 
toparyň ähli çagasy bilen bilelikde geçirilýär. Sözleýiş apparatyny 
türgenleşdirmek üçin her gün ähli çagalar bilen bilelikde aýdym aýtmak, 
ses meňzetmelerine degişli öwrediji oýunlary geçirmek hökmanydyr Bu 
oýunlar köpçülikleýin bolup, oňa hemme çaga gatnaşýar, çaga sözleri 
dogry aýtmasa-da. bilelikde aýdylýan sözleriň bogun taýdan gurluşy' 
bozulman galýar. 
Ses aýdylyşynyň bozulmagy sözleýiş apparatynda kemçiligiň (gaty 
we ýumşak kentlewügiň açyk (bölünen) bolmagy, dilasty sapajygyň 
gysga bolmagy gep agzalarynyň hereketiniň, sesi tapawutlandyryp 
eşitmekligiň ýeterlik derejede ösndigine bagly bolýar Çaganyň eşidiş 
ünslüliginiň pesligi, öz sözleýşine biparh garamagy hem sesi nädogry 
aýdylmagyna sebäp bolýar. 
Sesi nädogry aýtmaklyk - bu sözde sesi goýberip aýtmaklyk, bir sesi 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
161 
başga bir ses bilen çalşyryp aýtmaklyk, sesi ýoýup aýtmaklykdyr Esasan- 
da bir sesi başga ses bilen çalşyp aýdýan, sesi ýoýup aýdýan çaga bilen 
düzediş işini öz wagtynda başlamaly, sebäbi ýazuwda hem bir harpy 
başga bir harp bilen çalşyp ýazmaklary mümkin, ýoýulyp aýdylan sesi öz 
wagtynda düzetmezlik, dil düzediş mugallymynyň çaga bilen köp wagt 
işlemegine eltýär. 
Sesi 
nädogry 
aýtmaklyk, 
köplenç 
ýagdaýda, 
sözleýiş 
bozulmasynyň beýleki agyr görnüşleri (alaliýa, dizartriýa we ş.m) 
esasynda hem ýüze çykýar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin