Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə56/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
Arkadagym bar 
 
Belent bolsun mertebäň, 
Adyň dolsun äleme. 
Siz nurana Gün bolup
Nur saçýaňyz ilime. 
 
Türkmenistan Diýarda 
Bir bagtyýar çagym bar. 
“Döwlet adam üçindir!” 
Diýýän Arkadagym bar. 
 
Beýik-beýik binalaň 
Göge düşýär ýalkymy. 
Bagtyýarlyk döwrümiz 
Galkyndyrýar halkymy. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
148 
33.
 
Sözleýşiň ses medeniýetini öwretmek barada düşünje. 
 

Medenýetdillik sözleýişiň bir görnüşidir. 

Çeper sözlüligi öwretmek. 
 
Terbiýeçi her bir çaganyň sesleri aýdyşynyň öz aýratynlyklaryny 
bilmelidir 
Terbiýeçi ertirlikden öň ýa-da günüň ikinji ýarymynda, haçan-da 
toparda çaga az bolan wagtynda çaga bilen aýratynlykda gürrüňdeş 
bolanda çagalaryň ses aýdyşyny barlaýar. 
Belli bir çekimsiz sesiň sözüň dürli ýerinde (başynda, ortasynda, 
ahyrynda) gelen sözleri ulanmak arkaly çagalaryň ses aýdyşy barlanylýar. 
Meselem: “Ş" sesli sözlere mysallar 
Şa

şagal

ýowşan

şah

şaha

şaly
Şo

şor
Şy

bagşy

şygyrş

ýaşyl

yşyk

şypbyk


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
149 
Şe 

şemal

şeker

eşek

çebşek
• çüýşe
Şi

şir

şitil

işik

pişik

käşir
Şö

şöhle
Şä
• şäher
Şü

şüle


diş

işçi

çebiş
äş

bäş
Üş

köwüş
Öş

döş


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
150 
Terbiýeçi surat görkezip, çagadan suratda görkezilen zadyň adyny 
aýtmaklygyny soraýar. Eger-de çaga bilmese, terbiýeçiniň özi aýdyp, 
soňra çaga gaýtaladýar. 
Kiçi ýaşly topardaky çagalara adamyň beden agzalaryny aýtdyrmak 
bilen, çaganyň ses aýdyşyny barlamak bolar (el, aýak, burun, barmak, 
dyrnak, kirpik we ş m). 
Ses aýdyşyny barlamak çaga bilen gürrüň geçirmek, kiçi ýaşly 
çagalar bilen bolsa oýun görnüşinde amala aşyrylýar. 
Topardaky hemme çagalaryň ses aýdyşy okuw ýylynyň başynda 
barlanylýar. Birinji gezekde barlanylanda ses aýdyşynda kemçiligi bolan 
çagalar ýylyň dowamynda barlanylýar. 
Çaganyň ses medenýetini ösdünnek boyunça ýokarda aýdylýan 
usullary peýdalanmak oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda, 
mekdebe çenli ýaşda çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6 
ýaşly çaga käbir sesleri dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş 


guş

baýguş


goştorba

älemgoşar


gözýaş


pyşdyl

nagyş

ýagyş

gamyş

gyş


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
151 
geçirmeli. Aýratynlykda geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen 
terbiýeçi sesi aýdanda çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli 
seretmegini, aýdylýan sesi ünsli diňläp. soňra ony gaýtalamaga-
synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da çaga sesi dogry aýdyp başlanda, 
terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen birlikde, şeýle-de şol sese degişli 
sözleri, goşgulary berýär, ýörite saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň 
etdirýär. Eger-de bu işler öz netijesini bermese, çagany logopede (dil 
düzediş mugallymyna) görkezmelidir 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň ähli 
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça 
işlände çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi 
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki 
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dem alşa sesiň dogry 
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär. 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň 
äluniýeti uludyr Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşuly p hereket etmegi 
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini, 
labyzlylygy ösdürýär. 
Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-da (irki maşkda, gezelençde we 
ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini ösdürmeklige üns bermelidir. 
Sözleýşiň ses medeniýeti bu aýdylýan pikiriň mazmunyna görä 
sözleýşiň hemme talaplaryny berjaý edip beýan etmekdir, ýagny hemme 
sesleri ýerli-ýerinde goýup, intenasiýa boýunça hem-de grammatikanyň 
hemme talaplaryny berjaý etmegine aýdylýar. Terbiýeçiniň öňünde 
durýan ilkinji wezipeleriň biri çaga dil çykyp başlandan aýdýan sözlerini 
dogry aýtmagy, ýagny hemme sesleri ýerli-ýerinde öz aýdylyş basymy 
boýunça çaga ilkiden nädogry öwrenip gitse, soň hem şoňa öwrenip 
gidýär. Meselem: şu wagta çenli köp adamlar, mugallym sözüni basymy 
boýunça dogry aýtmagy başarmaýarlar. Sözleýşiň ses medeniýeti 
diýlende, diňe gepleşikdäki hemme sesleri dogry aýdyp bilmek däldir, 
oňa düşnükli, howlukman intonasiýa boýunça gürrüň etmek degişlidir. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
152 
Ýaňy dil çykyp ugran çagalar gepleşikdäki käbir sesleri (r, s, ş, ž we ş.m.) 
dogry aýdyp bilmeýärler. Olar bilen ýörite iş geçirilýär. Gerek bolsa dil 
düzedişe ýüz tutulýar. Durmuşda käbir çagalar öz pikirlerini beýan etjek 
bolup, örän howlugyp gepleýärler. Netijede olar pikirlerini dogry aýdyp 
bilmän sakynýarlar. Çagalaryň sakynyp geplemekleriniň başga sebäpleri 
hem bardyr. Ol kelle beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Munuň ýaly 
çagalar bilen ýörite dil düzedijilere, lukmanlar bilen iş salyşýarlar. 
Durmuşda çagalarda, ulularda aýdylýan pikiri (sözlemi) soňuna 
degişli äheňinde aýtmaýarlar, ýagny olar sözlemiň soňky sözlerini iýip, 
galýarlar. Bu işlerini düzetmek sözleýşiň ses medeniýetine degişlidir. 
Durmuşda çagalar bir zady gürrüň edenlerinde dem almaly 
ýerlerini doly bilmeýärler, käbir pikirleri bir demde aýtjak bolýarlar. 
Netijede käbir sesler, sözler eşidilmän galýar. Soňra sözlemiň manysy 
ýitýär, äheňi bölünýär. 
Çagalara ses medeniýetini öwretmek üçin olara aýdylýan sözleri, 
sesleri gowy eşitmekligi, ünsli bolmaklygy öwretmeli. 
Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi dowam edýär. Çaganyň ses 
çykaranynda käbir sesleri aýtmagynda özbaşdaklyk peýda bolýar. 3,4 
aýlyk çaga bogazdan peýdalanyp ses çykarýar. 5 aýlykda uzyn çekimli 
sesleri aýdyp başlaýar. A-a-a, u-u-u ... 5-6 aýlykda bölek-bölek bogunlary 
aýdyp bilýär. Meselem, bi-bi-bi, ma-ma. 
Terbiýeçi çaganyň sözleýşi,esasan hem,sözdäki sesi çalt we dogry 
kabul etmegi üçin ses eşidişini ösdürýär. 
Gepleýiş sesini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň ähmiýeti uludyr. 
Gepleýäne seretmän diňe pyşyrdyny eşitmek. 
Bu oýunlar (“Men näme didim,hany bil?”) sözleri dürs,dogry aýdyp 
bilýän çaga ýa-da terbiýeçi tarapdan geçirilip bilner.Çagyrylan çaga 
terbiýeçiniň aýdanyny gaýtalaýar. 
Şeýle oýunlary geçirmek üçin sözler saýlanyp aýlanda şulara dürs 
üns bermeli: 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
153 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin