2
görnüşi bar
–
dialog
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
71
we monolog. Dialog –
2
ýa-da birnäçe adamlaryň arasynda nähilidir
sorag-jogap alyşmak, nähilidir täsirlere gönükdirmek boýunça
söhbetdeşlik. Monolog – bir adamyň baglanyşykly sözleýşi. Kemala
getirmegiň usullary: sorag-jogap alyşmak, gezelençlerde soraglar
bermek, dürli hekaýalary okap bermek, wakalar hakynda gürrüň
etdirmek, sözleýşini işjeňlikde saklamagy öwretmek.
Çagalara 2 ýaşynda beden maşklaryny, gezelençler etdirmek
möhüm bolup durýar. Sowuk howada, ýagny güýzde, gyşda hem-de
baharyň irki günlerinde ýöremegi doly öwrenen çagalar bilen gezelençler
guramak bolar. Ol çagalar eginlerindäki eşikler bilen ýöremegi başarýan
çagalar bolmalydyr. Ýylyň salkyn döwri, ýagny howanyň gowy wagty
ýöremegi ýaňy öwrenen çagalar bilen gezelençler guramak bolar. Ýöne
çagalaryň dürli oýunlar, gezelençler, maşklar bilen meşgullanmagy
olaryň oýnawaçlary oýnamagyna päsgel bermeli däldir.
Çagalar bagyndaky gündelik geçilýän gezelençleriň bilim we
terbiýe berijilik ähmiýeti örän uludyr. Açyk howada hereket etmek,
oýnamak çagalaryň iň gowy görýän zatlarynyň biridir. Çagalaryň açyk
howada gezelenç etmekleri olaryň beden saglygy üçin örän peýdalydyr.
Açyk howada gezelenç etmek çaganyň bedenini yssa, sowuga
öwrenişdirýär, bişişdirýär. Çaga gezelenç wagtynda oýnaýar, köp hereket
edýär. Bu hem olaryň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Gezelenç çagalaryň akyl taýdan ösmeklerine uly mümkinçilik
döredýär. Olar gezelenç wagtynda örän köp täze zatlar bilen tanyş
bolýarlar. Meselem, ulularyň çekýän zähmeti, köçe-ýol hereketi, dürli
kysymly ulaglar, howa ýagdaýy we birnäçe täze-täze zatlar bilen tanyş
bolýarlar.
“Täze bina edilen ýaşaýyş jaýlary, arassa, owadan köçeler,
köçeleriň gyrasyna ekilen agaçlar şäherimize owadanlyk berýär. Biziň
ýaşaýan şäherimiz örän owadan” diýip, terbiýeçiniň öwredýän zatlarynyň
hemmesi ahlak terbiýedir.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
72
Mysal getiren bir gezekgi gezelenç çagalary beden, akyl, ahlak,
gözellik taýdan terbiýe almaklaryna mümkinçilik döretdi.
Çagalar terbiýeçiniň gezelenç wagtynda tanyş etjek zatlaryny
gözleri bilen görýärler, gulaklary bilen eşidýärler. Terbiýeçiniň her bir
gezelençde takyk maksatnamasy bolmalydyr. Şol maksatnamany doly
berjaý etmäge çalyşmalydyr.
Çagalar bagynyň gün tertibinde açyk howada gezelenç etmek
günüň dowamynda 2 gezek meýilnamalaşdyrylýar. Gezelençler günüň I-
ýarymynda sapaklardan soň, günorta nahara çenli (takmynan 1.5-2 sagat)
agşamlyk gezelenç-öýlänlik nahardan soň (takmynan 2-2.5 sagat)
geçirilmelidir.
Tomsuna bu wagtlar köpelip biler. Çagalar bagynyň
meýdançasynda her topar üçin ýerleri bolmaly. Şol ýerde oýnamak üçin
dürli gülleri ekmek, idetmek üçin dürli mümkinçilikler döredilmelidir.
Her toparyň ýeri gyrymsy agaçlar bilen bölünmelidir.
Maksatnama maglumatlary esasynda mekdebe çenli döwürde
çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak bilen birlikde sözlük goruny
baýlaşdyrmakda hem uly üns berilýär.
Çaga her gün zatlar we hadysalar bilen gatnaşykda bolýar. Olaryň
biri çaga tanyş bolsa beýlekisi nätanyş zatlardyr. Maşgalada ata-eneler
düşündirseler çagalar baglarynda terbiýeçi daş töwerekdäki gurşaw bilen
tanyşdyrylýar. Çaganyň täsirlemelerini baýlaşdyrýar, düşünjeleri
tertipleşdirýär.
Akyl ýetirme näme
-
çaga görýär, eşdýär, duýýar, ol özüniň duýgy
agzalaryny arkaly görýän zatlaryny düşündirýär. Akyl ýetirmäniň ösüşi
bu duýgularyň ösüşi. Şonuň netijesinde çagada daş töwerege bolan
höwesi kemala gelýär, ösýär.
Maksatnamanyň maglumatlary esasynda mekdebe çenli döwürde
çagalary daş-töwerek bilen birlikde söz goruny baýlaşdyrmakda hem üns
berilýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
73
Akyl ýetirme näme-
çaga görýär, eşidýär, duýýar, ol özüniň duýgy
agzalary arkaly görýän zatlaryny düşündirýär. Akyl ýetirmäniň ösüşi bu
duýgularyň ösüşi. Şonuň netijesinde hem çagada daş-töwerege bolan
höwesi kemala gelýär, ösýär. Daş-töwerek bilen tanyşlyk diňe akyl
ýetirmek bilen tanyşdyrlanda öz manysyna doly eýe bolup bilmez.
Sözleriň sözleýşi 2 görnüşi bar:
Diolog-söhbetdeşlik.
Monolog-sözleýşi.
Dostları ilə paylaş: |