Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Hemme agaçlaryň ýapragy birmeňzeşmi?  



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə33/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Hemme agaçlaryň ýapragy birmeňzeşmi? 

 
Sen haýsy agajyň ýapragyny haladyň? 

 
Haýsy agajyň ýapragy iri, haýsy agajyň ýapragy kiçi? 
Çagalar bu soraglara jogap bermek arkaly agaçlaryň ýapraklaryny 
tapawutlandyrmak bilen birlikde deňeşdirmegi seljermegi öwrenýärler Şu 
ýerde ýapraklary tapawutlandyryp bilmekleri üçin "Maňa pylan (alma, 
erik, tut) agajyň ýapragyny getir" diýen ýaly ýumuşlary tabşyrmak has 
hem maksadalaýykdyr. 
Çagalar üçin tebigaty suratlandyryp hekaýa düzmek has-da kyn 
düşýär. Terbiýeçiniň dogry görkezme bermegi arkaly çagalar kem-
kemden bu görnüşli hekaýa düzmegi öwrenýärler. Pasyllar barada gürrüň 
etdirmezden öň çagadan howa, agaçlar barada; bu pasylda haýwanlarda 
nähili üýtgeşmeleriň bolýandygy; ulularyň zähmeti barada çagalaryň 
oýnaýan oýunlary barada, aýtmaklyk bolar. Şeýle-de meýilnama 
esasynda hem düzse bolýar: 

Ýaz paslynyň gyş paslyndan nähili tapawudy bar? 

Ýaz paslynda howa nähili bolýär? 

Ýaz paslynda agaçlarda nähili üýtgeşmeler bolup geçýär? 

Ýaz paslynda haýwanlar we guşlar näme edýärler? 

Adamlar näme bilen meşgullanýarlar? 
Tebigy hadysalary deňeşdirmek arkaly (“Gyş we tomus”, “Irki-
giçki güýz” we ş.m ) düzülýän döredijilikli gürrüňler hem uly ähmiýete 
eýedir. Bu gürrüňler diňe bir dürli mazmunda hekaýa düzmäge däl-de 
eýsem çagalaryň baglanyşykly sözleýişiniň ösmegine-de, sözleýşiň 
grammatiki gurluşyny (ýaýraň we goşma sözlemler) dogry peýdalanmaga 
kömek edýär. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
87 
Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow: 
-
Sowadyňyzy, bilimiňizi, ylymyňyzy kämilleşdirmelidigiňizi ýekeje 
pursat hem ýatdan çykarmaň. Siz dünýädäki täzeliklerden, ösen 
tehnalogiýalardan habarly bolmalysyňyz. 
 
 
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly 
Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly başlangyçlary 
netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala 
aşyrylýar. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamyny 
ösdürmeklige hem möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesle döwrüň talabyna 
laýyk derejede bilim bermek, olary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de 
Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwrüne mynasyp edip ýetişdirmek 
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 
Bahar 
Düýn hemmeler baharyň 
Gelenini buşlady. 
Onuň bilen oýnajak 
Boldum, ýöne duşmady. 
 
Ene, bahar nirede 
Gitdimi ýa yzyna? 
-Diýip, Näzli ýüzlendi 
Sorag bilen enesine. 
 
-Ýör görkezeýin saňa
Baharyň bar ýerini. 
Synla bagda açylan,
Üljäniň güllerini. 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
88 
Bahym akja kömelek 
Görkezer telpegini. 
Bahardyr şolar gyzym 
-Diýip enesi Näzliň 
Sypady gulpagyny

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin