Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Işiň ýagdaýy: Çagalaryň düzümi. Toparyň abzallaşdyrylyşy,  okuw-görkezme esbaplar bilen üpjünçiligi.  



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə36/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Işiň ýagdaýy: Çagalaryň düzümi. Toparyň abzallaşdyrylyşy, 
okuw-görkezme esbaplar bilen üpjünçiligi. 

 
Çagalar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleri we onuň netijesi. 
Üstünlikler, ýetmezçilikler, kynçylyklar görkezmelidir. 
Işeňňir oglan 
Özüm edesim gelýär 
Öýüň ähli işini. 
Suwarýan ekinleri, 
Süpürýärin işigi. 
 
Kitaplarym tertipli 
Sapaklarmy okamda. 
Süýji, sabyn, kükürdi. 
 
Jigimiň öý işlernem 
Her gün agşam barlaýan. 
Näçe köp iş etsem-de, 
Ýadamaýan, armaýan. 
 
Işden gelen ejemiň 
Çaýy demli öňünde. 
Bir azajyk utanýan 
Başym sypap öwende. 
 
Kem tapanok işimden 
Ejem çigit ýalagam. 
Suw gyzdyryp, ýuwýaryn- 
Jorapdyr elýaglygym. 
 
“Ütük edeýin!” diýip, 
Aýtdym welin ejeme,- 
Diýdi: “ Oglum, maňa-da 
Iş goý ahyr edere ”. 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
93 
20.
 
Oýnawaçlar bilen guralýan öwrediji oýunlar. 
 

 
Oýnawaçlar bilen guralýan öwrediji oýunlar. 

 
Olaryň görnüşleri. 
 
Daş-töwerek bilen tanyşdyrmagyň we sözlügi baýlaşdyrmagyň 
suratlar bilen işlemek usulynyň roly uludyr. Terbiýeçi suraty görkezmek 
bilen täze sözleriň aýdylşyny, aňladýan manysyny düşündirmeli. Bu 
ýerde hem ýenede terbiýeçiniň sapaklarda suratlaryň ulanmagy 
geçilenleri anyklaşdyrmaga we berkitmäge ýardam edýär. Mazmunly 
suratlary ulanmak bilen terbiýeçi çagalaryň geplemegine mümkinçilik 
döretýär. Surat boýunça sorag-jogap alyşýar. Çaga bilen gürrüňdeş 
bolýar. Şoňra suratdaky görnüşleri hekaýa edip aýdýar. Bu çaganyň 
ünsüni has hem özüne çekýär.Şeýle sapaklardan soň çaganyň sözleýiş 
işjeňligi artýar. 
Oýnawaçlary synlamak hem sözlük işiniň bir usuly bolup, hemme 
toparlarda ulanylýar. Uly toparlarda oýnawaçlara syn etmek bilen 
sözlügiň manysy giňeýär. Çagalara oýnawajyň nämeden ýasalandygy, 
nähili böleklerden durýandygy öwredilýär. Oýnawaçlar,suratlar 
çagalaryň 
pikirlenişini, 
ýadyny, 
göz 
öňüne 
getirmesini 
,hyýalyny,synçylygyny ösdürýär. Oýnawaçlary içinde düzülýän 
oýnawaçlar çagalara has hem ýaraýar. Çaga olardan öz islegi boýunça 
şekil ýaşaýar, düzýär. Bu çaganyň işjeňliginiň artmagyna, döredijilik 
ukybynyň kemala gelmegine getirýär. 
Oýnawaçlaryň üsti bilen haýwanlaryň, guşjagazlaryň beden 
agzalary hem aýyl-saýyl edilýär. Ilki terbiýeçiniň özi şekili görkezip; 
”Hany gulagy, hany gözi diýen ýaly soraglar berýär we öz soragyna şol 
beden agzalaryny görkezip, jogap berýär. Çagalar ýeterlik düşünje 
alanlaryndan soňra olaryň özlerine sorag berip, şol agzalary görkezmek 
tabşyrylýar. Şonuň esasynda dürli oýunlar goýlup, çagalaryň öýkünip 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
94 
bilmekleri gazanylýar. Çagalar haýwanlary ady, sesi boýunça tanaýarlar. 
”Hany, güjüjegi getir”, ”Hany, towşanjygy getir” diýen ýumuşlaryň 
hötdesinden gelmegi başarýarlar. Şol ady agzalan oýnawajy 
getirenlerinde gulagyndan ýa-da bir aýagyndan tutup getirmekligine ýol 
berilmeýär. Şeýle edilende haýwanyň hem aýagynyň, gulagynyň, 
agyrýandygy 
düşündirilýär, 
şeýlelikde 
çagalarda 
rehimlilik, 
mylakatlylyk, hoşniýetlilik ýaly duýgular terbiýelenýär. 
Çagalykda ähli zat täsin bolýar. Öý durmuşynda başlanan çaga 
synçylygy barha ösýär, töweregini gurşaýan gözellikleri bolsa onuň üçin 
barha mähremleşýär, gözelleşýär, çaga tebigata näçe inçe syn edip, oňa 
akyl ýetirip başladygyça, ondaky gözel duýgular, tebigata, öz ýaşaýan 
ýeriniň gözelligine bolan söýgüsi şonça-da güýçlenýär, sözleýşi giňeýär. 
Mekdep ýaşyna ýetmedik çaga öz deň-duşlary, uly adamlar bilen 
aragatnaşyk etmek, mekdepde gowy okamak, çeper edebiýata 
telewizorda we radioda berilýän gepleşiklere gowy düşünmek üçin belli 
bir derejede söz öwrenmegi hökmandyr. Çagalaryň söz öwrenmegi 
dowamly döwürdir. Meselem, çaga 1 ýaşynyň ahyrynda 10-12 söz bilýän 
bolsa, ol 6 ýaşda 3-3,5 müň söz öwrenýär. 
Ýene-de çagalara gürrüň etdirmek üçin örän gowy zatlaryň biri 
mazmunly suratlar barada gürrüň etdirmekdir. Terbiýeçi mazmunly 
suratlary köp toplamalydyr. Olar dürli mowzuklar boýunça yzgider 
çykarylandyr. 
Meselem, 5 ýaşly çagalara gürrüň etmegi öwretmek. 
Terbiýeçi çagalary „Öý haýwany“ saklanýan gözenekli jaýjagazyň 
ýanyna alyp barýar. Olar öý haýwanlaryny iýmetlendirýärler. Tüýlerini 
sypalaýarlar. Terbiýeçi şol ýerde şagalar bilen gürrüň etmek boýunça 
meşgullanma guraýar. Ol çagalara yzygiderli we doly gürrüň etmek üçin 
birnäçe sorag berýär:

Öý towşanlary nirede ýaşaýarlar? 

Olaryň tüýi nähili? 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
95 

Olaryň gulagy nähili? 

Towşanlaryň gözi (agzy) nähili? 

Olar nädip iýmitlenýärler? 

Towşanlar nämeleri iýýärler? 
Şeýle soraglar çagalaryň doly we mazmunly gürrüň etmegine 
kömek edýär. Terbiýeçi çagalara gönükdiriji hem soraglar berip biler. 

Towşanlaryň tüýüniň reňki nähili ? 

Towşanlaryň tüýini tutup görseň nähili bolýar ? 
Bir çaga gürrüň edenden soň 2-3 çaga gaýtalatmak hem bolar. Ilkide 
sözleýşi ösen çagalardan soramak, soňra hem sözleýşi gowşagrak 
çagalardan soramak bolýar. 
Oýun usuly. Bu usul çagalar baglarynda çagalar bilen köp 
geçirilýär. Muňa öwrediji oýunlar degişlidir. Terbiýeçi öwretjek zadynyň 
mazmunyna görä usul we tär saýlap alýar. Usul saýlamakda çagalaryň ýaş 
aýratynlygy, çagalaryň taýýarlygy, terbiýeçiniň ussatlygy gerekdir. Şol 
öwredilmeli zady her terbiýeçi özüçe öz gowy görýän usullaryndan 
peýdalanyp öwredip biler.
Oýun mekdebe çenli ýaşly çagalaryň esasy işi bolup, olaryň 
akylyny ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr.
Mazmunly-rolly oýunlar –çagalaryň daş-töwerek baradaky 
gözýetimini giňeldýär, sözleýşini ösdürýär. 
Sahnalaşdyrylan oýunlar – çagalaryň eseriň mazmunyna çuň 
düşünjelerini, sözleýşini baýlaşdyrýar. 
Gurluşyk oýunlary – çagalaryň geometrik formalar baradaky 
düşünjelerini baýlaşdyrýar. 
Öwrediji oýunlar – çagalara täze düşünje öwredýär ýa-da öňki 
düşünjeleriň üstüni doldurýar, berkidýär.
Çaga bedeni hemişe ösüşde. Aýratyn-da mekdebe çenli ýaşly çaga 
günsaýyn, sagatsaýyn beden taýdan ösýär, ýagny agramy artýar, boýy 
ösýär, psihiki taýdan hem öňe gidýär. Çagany ösdürýän hem hereketdir. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
96 
Çagada hereket etmäge uly talap bardyr. Şonuň üçin çaga oýun oýnap 
özüniň herekete bolan islegini kanagatlandyrýar.
Terbiýeçiler didaktiki oýunlaryny, esasan, çagalaryň aňyny 
terbiýelemek maksady bilen ulanýarlar. Olar stolun üstünde 
köpçülükleýin geçirilýän oýunlar bolup durýar (loto, domino). Ondan 
başga-da çagalar bilen dilden, ýagny esbapsyz oýunlary geçirmeklik 
öwrediji oýunlara degişli bolup durýar. ( Atlar oýny) Çagalar öz 
isleglerini esasy maksada gabatlap, köpçülükleýin oýunlar guramaklyk 
terbiýeçiniň wezipesi bolup durýar.Toparlaýyn geçirilýän öwrediji 
oýunlar çagalaryň toparlaýyn işlemekliklerini öwredýär. 
Terbiýeçi mugallym öwrediji häsiýetdäki oýunlary geçirmezden 
öň, çagalaryň ýaş aýratynlygyna we başarnyklaryna uly üns bermeli bolup 
durýar. Ol oýunlarda çagalar amaly görnüşdäki öwrenen zatlaryny şekil 
görnüşinde berkidýärler. 
Çagalary bu oýunlaryň üsti bilen bilimlerini barlamak 
mümkinçilikleri bardyr. Mysal üçin: “Loto” çagalaryň önüňde uly karta, 
ýagny şekiljikli surat ýerleşdirilýär. Çagajyklaň eline bolsa, şol kartadaky 
ýerleşdirilen şekilleriň kiçi görnüşi alýarlar we terbiýeçiniň aýdýan 
zadynyň ilki uly kartada tapyp, soňra elindäki şekiljikleriň arasynda tapyp 
kartaň üstünde göýmaly. Haýsy çaganyň elindäki şekiljikleri birinji 
gutarsa, şol ýeňiji hasaplanylýar. 
Çagalar bagynda kiçi ýaşly toparlarda oýnawaçlary sypatlandyrmak 
işleri oýunlaryň üsti bilen geçirilýär. “ Jadyly haltajyk “, “ Bu näme “, “ 
Bu kim “, ýaly birnäçe oýunlar guralýar. Bu ýaşly çagalaryň oýnawaçlary 
saýlap almaklygynyň öz aýratynlygy bardyr. Oýnawaçlar bilen guralýan 
öwrediji oýunlar çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. 
Täsirli oýunlar guralýar. Çagalaryň durmuşyny oýunsyz göz öňüne 
getirmek mümkin däl.
Terbiýeçi, çagalaryň ünsi oýnawaçlaryň daşky görnüşine, reňkine, 
owodonlygna çaganyň ünsini çekmelidir. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
97 
Kiçi ýaşly çagalar gutarnykly gürrüň aýdyp bermeýärler. 
Terbiýeçiniň berýän soraglary bilen sözleri birikdirip aňsatjak sözlemleri 
düzýärler. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin