Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə39/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Işjeň-oýun guramak. 
Gürrüň bermäge degişli oýunjaklary saýlap almak. Oýunjaklar 
baradaky gürrüňleriň nusgasyna derňew. Çagalara oýunjaklar barada 
gürrüň düzmekligi öwretmek boýunça sapagyň meýilnamasyny düzmek 
we derňemek. Sapaklaryň meýilnamasyny düzmek we derňemek. Çaga 
gürrüňleriniň magnit ýazgylaryny derňemek. 
“Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasy” 
bilen işlemek. Ondaky berilýän çeper eserler bilen tanyşdyrmak işleriniň 
wezipelerini ýüze çykarmak. Sapak üçin goşmaça çeper eserleri 
toplamak. Dürli ýaşly toparlarda kitapdaky suratlara seretdirip goşgy ýat 
tutdurmak we çeper eser okap bermek boýunça sapagyň meýilnamasyny 
düzmek we derňemek. 
Usuly edebiýatlar bilen iş. 
Watan temasyna, halk döredijiligine, ýazyjynyň, suratkeşiň 
döredijiligine, ýyl pasyllaryna bagyşlanan edebi agşamlary guramagyň 
meýilnamasyny düzmek we derňemek. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
105 

 
Magnitafonda – magnit ýazgyda çeper eserler bilen tanyşdyrmak 
sapaklary üçin niýetlenen goşgulary diňletmek we derňetmek. 

 
Talyplar bilen çagalar bagynda dürli ýaş aýratynlykly toparlarda 
kitaplar burçlaryna syn we derňew etmek. 

 
Talyplara kitaplar burçunda belli-belli temada sergi guramagyň 
meýilnamasyny düzdürmek. 

 
Talyplar bilen edebi agşamlar üçin temalary saýlamak. 

 
Edebi wiktorina geçirmek üçin esbaplar saýlamak,toplamak. 
 
Çagalar üçin sanawaçlar. 
Iňňä-iňňä, 
Ujy diňňä. 
Bal-balyn-a, 
Şek-şeki-ä. 
Çotur geçi, 
Gotur geçi, 
Möle geçi, 
Halalaň-hapbaň, 
Güleleň-güpbeň, 
Ýaryl-böwsül, 
Çomakaý-çotakaý, 
Däne-düýne, Dömme-däh! 
 
 
Dil bilen nöker-bal bilen şeker. 
Dil bilen nöker-abraýňy döker. 
Dil akyldan ozup ýöremez. 
Dil bilenler galadyr,dil bilmezen beladyr. 
Dil bir öl ýerde biten zat, nämäni diýmez. 
Dil bir süňksiz et, ýagşyny hem diýer, ýamany-hem. 
Dil görki-söz, ýürek görki-göz. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
106 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin