Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə37/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Gabylla şägirt ussat bolar- ussadan. 
Galam gylyçdan ýitidir. 
Galamyň ýazanyny gylyç pozup bilmez. 
21.
 
Sözleýişde ünsli diňlemekligi, dogry dem almaklygy, 
howlukman düşnükli geplemegi öwretmek. Çaga sesini ösdürmek 
we gorap saklamak. 
 

 
Sözleýişde ünsli diňlemekligi, dogry dem almaklygy, 
howlukman düşnükli geplemegi öwretmek 

 
Çaga sesini ösdürmek we gorap saklamak.
 
Sözleýiş seslerden durýar, her bir sözi belli bir sesler emele getirýär. 
Meselem, at diýen söz kyn bolmadyk 2 sesden ybarat: a – 1-nji ses, t – 2-
nji ses. 
Gepleşikde bir sesiň üýtgemegi, eşidilmän galmagy, uzyn 
aýdylmagy täze bir manyly söz emele getirýär. Ot, o:t başgaça aýdylýar. 
Şonuň üçin, çagalara gepleşikde her bir sözi, onuň seslerini gowy 
eşitmekligi öwretmeli. Munuň üçin degişli mysallar getirmeli. Gepleşikde 
sözleri dürli labyzda aýtmak bilen şol bir sözüň manysy üýtgeýär. 
Meselem, «ýok» - bu sözi 5-6 äheňde aýtmak bolýar. Ýuwaşja, 
adaty ses bilen «ýok» diýýäris, gatyrak, ýüz mimikany üýtgetmän «ýok» 
diýsek, 2-nji bir manyny berýär. Gaty ses bilen «ýok» diýsek, ony hem 
gaharly aýtsak, şol sözüň manysy üýtgeýär.


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
98 
Şonuň üçin çagalara gepleşikde sözleriň nähili äheňde aýdylyşyna 
hem üns bermelidigini öwretmeli. Olara birnäçe sözlerden mysal 
getirmeli. Terbiýeçi çagalara bir zady gürrüň berende, howlukman 
geplemekligi, dogry dem almaklygy öwretmeli. Aýtjak pikirini çalt 
demde beýan etjek bolmagy çagalaryň uly ýalňyşlygydyr. Şeýle ýagdaýly 
çagalara terbiýeçi düzediş bermese, ol çalt geplär. Ene dilindäki sesleri 
dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede kämilleşdirilýär. Çaganyň 
gep agzalarynyň hereketiniň ýeterlik derejede ösenligi, kadaly sözleýiş 
dem alşynyň bolmagy, oňat sözleýiş eşidişi - sesleri dogry aýdy1magyň 
esasy bolup durýar. 
Ses aýdylyşynyň bozulmagy sözleýiş apparatynda kemçiligiň (gaty 
we ýumşak kentlewügiň açyk bölünen) bolmagy, dilasty sapajygyň gysga 
bolmagy gep agzalarynyň, hereketiniň, sesi tapawutlandyryp 
eşitmekliginiň ýeterlik derejede ösmedigine bagly bolýar Çaganyň eşidiş 
ünslüliginiň pesligi, öz sözleýşine biparh garamagy hem sesleri nädogry 
aýdylmagyna sebäp bolýar. 
Sesi nädogry aýtmaklyk - bu sözde sesi goýberip aýtmaklyk, bir sesi 
başga bir ses bilen çalşyryp aýtmaklyk, sesi ýoýup aýtmaklykdyr. Esasan-
da bir sesi başga ses bilen çalşyp aýdýan, sesi ýoýup aýdýan çaga bilen 
düzediş işini öz wagtynda başlamaly, sebäbi ýazuwda hem bir harpy 
başga bir harp bilen çalşyp ýazmaklary mümkin, ýoýulyp aýdylýan sesi 
öz wagtynda düzetmezlik, dil düzediş mugallymynyň çaga bilen köp wagt 
işlemegine eltýär. Sesi nädogry aýtmaklyk, köplenç ýagdaýda, sözleýiş 
bozulmasynyň beýleki agyr görnüşleri (alaliýa, dizartriýa we ş.m) 
esasynda hem ýüze çykýar. Terbiýeçi çagalara sesleri dogry aýtmaklygy 
öwretmelidir, gerek bolan ýagdaýynda sözleýşi kemçilikli çagalary 
ýöriteleşdirilen çagalar edarasyna ugratmalydyr. 
Artikulýasion apparat (gep agzalary) – ses aýtmaklygyň esasy 
bolup durýar. Sesler agyz boşlugynda emele gelmek bilen dodagyň, diliň, 
aşaky äňiň, ýumşak kentlewügiň, kiçi diliň hereketlerine baglydyr. 
Artikulýasion apparatyndaky kemçilikler (dilasty sapajygyň gysgalygy, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
99 
dişleriň gysylmagynyň nädogrulygy, kentlewügiň beter ýokarda ýa-da dar 
bolmagy we ş.m.) ýa-da olar şu hereketleriniň ýeterlik derejede 
kamilleşmändigi (diliň, dodagyň az hereketliligi) sesiň nädogry 
aýdylmagyna eltýär. 
Terbiýeçiniň esasy etmeli işleri:
 

Diliň hereketini ösdürmek (dili inçeltmegi, ýazgyn görnüşde 
saklaniagy, ýokarky dişleriň aňyrsynda saklamagy we ş.m. Öwretmeli); 

Dodagyň hereketini ösdürmek (dodagy öňe uzatmagy, tegelemegi 
we ş.m öwretmeli);

Aşaky äňi belli bir ýagdaýda saklamagy başarmagy öwretmek. 
Sözleýişde kadaly dem alyş - dem almaklygyň gysga bolup, demi 
çykarmaklygyň uzak bolmagydyr 
Çagada entek sözleýşiň kadaly dem alşy ösen däldir. Terbiýeçi dürli 
oýunlaryň üsti bilen kadaly dem alşy türgenleşdirýär. “Ýapraga üfle", 
“Kebelegi uçur", ýeňil bolan predmetlere üflemek. 
Bu oýunlar oýnalan wagty çaganyň dem alanda eginlerini galdyr- 
mazlygyna, demini goýberende gamyny içine çekmezligine üns bemieli 
Dem alyş oýunlary 3 minutdan köp geçirilmeýär. Oýnalýan wagty 
arasynda çala dynç alar ýaly wagt bermeli. Sözleýşiň kadaly dem alşynyň 
bozulmagy bedeniň gowşaklygy, adenoidleriň bolmagy, dürli ýürek-
damar keselleri we ş.m. esasynda hem bolup biler. Terbiýeçi ýörite 
oýunlaryň iisti bilen demi çykarmagyň uzak bolmagyny, arkaýyn 
çykmagyny öwretmelidir. Sesi kämilleşdirmegiň ýene-de bir ugiy ses 
apparatyny ösdürmekdir. Ses apparaty arkaly ses dürli belentlikde, 
tembrde, belli bir batlylykda aýdylýar. 
Sesiň güýji - sesiň belli bir batlylykda (batly, kadaly, ýuwaş) 
aýdylmagydyr. 
Sesiň tembri - sesiň aýdylyşynyň aýratynlygy (ýiti ses, sandyraýan 
we ş.m.)bolup durýar. 
Dem alyş ýollarynyň dürli keseller bilen kesellemegi (gaýtalanyp 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
100 
durýan dümewleme, adenoidler we ş.m.) sesiň bozulmagyna eltýär. Sesiň 
bozulmagy çaganyň beter ýygra bolmagyna (utanjaň çaga ýuwaş, çala 
gürleýär), alýan terbiýesine (ulularyň seslerini gataldyp gürlemekleri), 
ýerleşýän otagyndaky galmagala (telewizoryň sesi, toparda hemişe 
galmagalyň bolmagy) hem bagly bolýar. 
Diksiýa (aýdyň sözleýiş) – heňi sözleýiş ösüşi bilen bilelikde 
kämilleşýär. Iki ýaşdan alty ýaş aralygynda sözleýşiň ähli ugurlarynyň 
çalt depginde ösýän wagty çaganyň sözi, sözlemleri aýdyň aýtmagyna üns 
berilmeli. Çaganyň daş-töweregindäkileriň sözleýşini ünsli diňlemegini, 
sözleýişdäki dem alşyň, artikulýasion apparatynyň (gep agzalarynyň) 
hereketiniň kadaly bolmagy bilen oňat diksiýa emele gelýär. Terbiýeçiniň 
sözleýşi grammatiki taýdan dogry, aýdyň bolmalydyr. Terbiýeçi çaganyň 
daş-töwerekdäkileriň sözleýşini ünsli diňlemegini, çaganyň öz 
sözleýşiniň aýdyň bolmagyna üns bermegini gazanmalydyr. 
Sözleýşiň depgini – sözleýşiň tizligidir, ýagny belli bir wagtda 
aýdylýan bogunlaryň sanydyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar, köplenç, çalt 
depginde gürleýärler. Eger-de çagalara sözlerdäki basymy çekip aýtmagy 
öwredilse, çalt gepleýän çagalaryň sözleýşi aňsat kadalaşýar. 
Ene dilindäki sesleriň dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede 
kämilleşdirilýär. Çagalaryň gep agzalarynyň hereketi ýeterlik derejede 
ösenligi, kadaly sözleýiş dem alşynyň bolmagy, oňat sözleýiş eşidiş-
sesleri dogry aýtmak esasy bolup durýar. 
Ses aýdylşynyň bozulmagy sözleýiş aparatynda kemçiligiň ( gaty 
we ýumşak kentlewügüň açyk bölünen ) bolmagy, dil asty sapajygyň 
gysga bolmagy gep agzalarynyň hereketiniň, sesi tapawutlandyryp 
eşitmekliginiň ýeterlik derejede ösenligine bagly bolýar. 
Sesi nädogry aýtmaklyk – bu sözde sesi göýberip almaklyk, bir sesi 
başga bir ses bilen çalşyrylyp aýtmaklyk sesi ýoýup aýtmaklykdyr. 
Sözleýşiň kadaly dem almagynyň bozulmagy bedeniň gowşaklygy, 
adeonidleriň bolmagy, dürli ýürek damar keselleri we ş.m. esasynda hem 
bolup biler. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
101 
Terbiýeçi ýörite oýunlaryň üsti bilen demi çykarmagyň uzak 
bolmagyny, arkaýyn çykmagyny öwretmelidir. 
Sesi kämilleşdirmegiň ýene bir ugry ses aparatyny ösdürmekdir. 
Ses aparaty arkaly ses dürli belentliklere, temabarada, belli bir batlylykda 
aýdylýar. 
Sesiň güýji-sesiň belli bir batlylykda ( batly, kadaly, ýuwaş ) 
aýdylmagydyr. 
Terbiýeçi çaganyň kadaly depginde gürlemegine üns bermelidir. 
Şeýle edilende aýdyň aýdylýar. 
Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar. 
Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler. 
Her bir zyýan akyl artdyrar.

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin