23.
Çagalanyň gündelik durmuşynda sözleýiş dilini ösdürmek.
Çagalaryň gündelik durmuşynda sözleýiş dilini ösdürmek.
Onuň ähmiýeti.
Tebigat arkaly çagalaryň söz goruny baýlaşdyrmak,zatlaryň hilini
we häsiýetini görkezýän dürli sözleri, umumylaşdyrma sözlerini, ulanyp
bilmeklerini
gazanmak
bolar.Bu
işde
tapmaçalary,matallary
peýdalanmak has-da ähmiýetlidir.
Tebigatyň janly hadysalary öz içini ösümlik hem-de haýwanat
dünýäsini alýar.Adamyň işinde ekerançylyk önümçilik pudagynyň iň
ýokary basgançagy hasap edilýär. Ýabany ösümliklerde (peýdalysy-
derman ösümlikler), medeni ösümlikler-de halk durmuşynda möhüm
orun eýeläp geldi.Adamyň tükeniksiz zähmeti siňýän bu ösümlikler
matallardan,tapmaçalardan uly joşgun, mähri bilen şekillendirilipdir;
Çil-çiläniň boýunda
Çilim boýly gyz otur,
Ganatyny kakanda,
Läle-jöwher döküler
(Künji)
Bir topar atly çeşmede otlar,
Wagty gelende dodagy şatlar
(Gowaça)
Aý aýmasy,
Gün düwmesi,
Müň dänesi,
Garaja gazan şa palaw.
(Ýüzärlik)
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
107
Çagalar baglarynda sözlük bilen işlemek arkaly çagalara nätanyş
ýa-da olar kyn bolan sözleri öwretmek meýilnamalaşdyrylandyr. Bu iş
daş-töweregi gurşap alan hakykatyň, daş-töwerege bolan hoşniýetli
garaýşyň netijesi esasynda amala aşýar.
Söz-bu düşünjäni aňladýan esasy leksiki birlikdir. Her söziň öz
manysy bolýar, gutarnykly bir pikiri aňladýar şeýle-de morfologik
gurluşy bolýar. Bu üç häsiýete çagalar baglarynda sözlük işlenilende göz
öňünde tutulmalydyr.
Pikirlenmäniň
ösüşiniň
aýratynlyklary
çaga
sözlüginiň
aýratynlyklaryny kesgitleýär. Görkezme esbaplaryň, hereketleriň, täsirli
sözleriň üsti bilen çaganyň söz baýlygy ösýär. Işjeň sözlük-bu gepleýäniň
diňe bir düşünýän sözleri däl-de, öz gepleşiginde ulanýan sözleridir. Işjeň
sözlük sözleýşiň baýlygyny we medeniýetliligini kesgitleýär. Çaganyň
işjeň sözlügine umumy ulanýan sözleri girýär, käbir ýagdaýda bolsa
çaganyň gündelik durmuşda ulanýan sözleri, ýagny ýaşaýan ýerine
laýyklykda dürli adamlaryň bolmagy bilen hem kesgitlenilýär. Mysal
üçin, çagalaryň gum içinde ýaşaýanlar öz degresine laýyklykda dürli
adalgalary ulanýarlar.
Passiw sözlük – gepleýän sözlere düşünýär, ýöne özi ulanmaýar. Bu
sözlük ulanyşda bolan sözlükden köpdür.
Sözlük işini alyp barmakda terbiýeçiler aşakdaky ýörelgelere
eýeleýär.
Sözlük üstünde işlemek çagalary daş-töweregi bilen tanyşdyrmak
arkaly işjeň akyl ýetirmegi esasynda alyp barmak;
Çaganyň psihiki ösüşi we akyl ýetirmek başarnyklaryny,
duýgularyny,özüni barmagyň natijesinde sözlügiň kemala gelmegi;
Sözlük işiniň maselelerini bilelikde we kesgitli yzygiderlilikde
çözmek.
Goşgy görnüşinde düzülip jogaby içinde gizlenen sorag şekilli
sözlemlere tapmaça diýilýär. Tapmaça gizlenen jogabyny dogry
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
108
tapmakdyr. Tapmaçalarda hem matallardaky ýaly çeper serişdeler
ulanylýar. Olar halk matallardan nusga alnyp döredilen eserdir.
Tapmaçalar goşgy görnüşinde düzülýär. Tapmaçalar çagalaryň aňyna
täsir edýändigi üçin, ýatda galyp oýlandyrýar, pikirlendirýär. Şunlukda
tapmaçalarda goýlan sorag arkaly diňleýji köp zady öwrenýär. Netijede
çagalaryň pikirleniş endigi terbiýelenýär. Bu bolsa akylly- paýhasly
bolmaga itergi berýär. Tapmaçadaky soragyň jogabyny tapmak üçin
çagalar goşgy, arkaly suratlandyrylýan zadyň keşbini göz öňüne getirip,
dogry pikirlenmeli bolýar.
Daşy akja
Içi sary
Ol towugyň
Oýnan gary
Diýen tapmaçada ýumurtganyň görnişi suratlandyrylýar, towugyň
hereketi göz öňüne gelýär. Şeýlelikde, suratlandyrylan zadyň, hadysanyň
jogaby aýdyň bolýar. Şonuň üçin hem tapmaçada görkezilýän zadyň
häsiýeti, keşbi we aýratynlyklary suratlandyrylýar. Netijede, tapmaça
okyjynyň pikirleniş, duýuş endigini ösdürmek bilen, onuň edepli,
başarjaň adam bolup ýetişmegine kömek edýär.
Arkasy bar weli
Başy niredekä ?
Arkasy bar weli
Döşi niredekä
(oturgyç)
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň:
Siziň bilim ulgamyny dünýä tejribesine hemde milli
ýörelgelerimize laýyklykda, esasda döwrebap ösdürjekdigiňize,
ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barjakdygyňyza berk ynanýaryn!
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
109
Namarda bir iş müň oý getirer.
Namarda zar bolandan gara derýa dark bol.
Namardyň gany çyksa, jany çykar.
Namardyň ýalagyny ýalandan, merdiň işigni syr.
Namart-aş üstünde, mert-iş üstünde.
Mert söweşde belli, dana-geňeşde.
Mert özünden görer, namart-ýoldaşyndan.
Mert ýigitden mert dogar.
Mert ýigitler saçak açar-at alar.
Türkmen goşun alybam bolmaz, salybam.
Türkmen oňmaz gününe şükür eder.
Türkmene gabaragy.
Türkmeni dürtmeseň duýmaz.
Dostları ilə paylaş: |