MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
111
arabaglanşygyny hem bilmek zerurdyr. Eger çaga sözüň grammatiki
gurluşyna düşünmese, şol sözüň sözlemdäki manysyna düşinmez.
Grammatik-diliň logikasydyr, ýagny sözleýşiň grammatiki
gurlyşy özleşdirlende çaganyň pikirlenmesi-de şol bir wagtyň özünde
kämilleşýär. Çaganyň sözleýşiň grammatiki gurluşyny onuň sözleýiş
diliniň, aňyna ösmegine-de belli bir derejede täsir edýär. Çagada
sözleýşiň grammatik gurluşy irki ýaşda kämilleşip başlaýar. Eýýäm 3
ýaşly çagalaryň sözleýşinde sözleýşe mahsus bolan söz toparlary esasy
grammatiki kategoriýalary bolýar. Bu ýaşda sözleýiş çaga üçin esasy
aragatnaşyk serişde bolup durýar.Ýöne bu entek ýeterlik derejede
kämilleşmedik sözleýişdir. Çaga ýönekeý,goşma sözlemleri emele
getirmegi (sintaksis); sözleri sanda, ýöňkemede, täze sözleri ýasamagy
hem öwrenmelidir. Ýörite saýlanyp alnan öwrediji oýunlaryň,
ýumuşlaryň üsti bilen geçirilýän sözleýiş sapaklary grammatiki endikleri,
başarnyklary berkleşdirmäge has-da kömek edýär. Çagalaryň
hemmesinde sözleýşiň grammatiki gurluşyny ýagdaýy deň derejede
bolmaýar. Munuň sebäbi şulara bagly.
Dostları ilə paylaş: