MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
133
Köpçülikleýin sapaklar toparyň ähli çagalaryny öz içine alýar
(gezelenç döwri synlamak, hereketli oýunlar, çagalaryň döredijiligini ýa-
-da tomaşalary synlamak). Beýleki işler toparlaýyn geçirilýär (toparlary
gezekleşdirmek bilen). Çagalar bilen ýekelikdäki işler hem göz öňüne
tutulmalydyr (goşgy, matal ýatlamak we ş.m). Günüň dowamynda
geçirilmeli işiň görnüşini (köpçülikleýin, toparlaýyn, ýekelikde)
terbiýeçiniň özi kesgitlemeli).
Çaganyň sözleýşiniň grammatiki gurluşyny kämilleşdirmek işi
yzygiderlilikde alnyp barylmalydyr. Çaganyň sözleýşine diňe bir sapak
wagtdan bolman, eýsem onuň gündelik durmuşynda-da gözegçilik edip
durmaly. Sapakdan daşary wagtda hem çagalaryň goýberýän grammatiki
ýalňyşlyklary düzedilip durulmaly. Terbiýeçi goýberlen ýalňyşy
gaýtalaman, onuň dogry görnüşini aýtmaly. Käwagytlar ata-eneleriň
ýalňyş sözleýşi çaganyň sözleýşine täsir edýär. Şeýle ýagdaýda terbiýeçi
olar bilen gürleşip, edilýän talabyň dogrudygyny düşündirmeli.
Çagalar atlary (suratdaky pretmetleriň atlaryny) birlik-köplük sanda
üýtgedip aýdýarlar. Terbiýeçi ilki bilen pretmediň we köp pretmediň
nähili atlandyrylýandygyny düşündirýär. Soňra terbiýeçi bilen pretmediň
adyny aýdýar ýa-da suratyny görkezýär, çagalar ony köplük sanda
aýdýarlar. Atlary (pradmet suratlary) kemlik-söýgülilik derejede üýtgedip
aýydýarlar. Terbiýeçi ilki bilen pretmeti (uly almany-kiçi almany)
görkezýär. Soňra uly-kiçi pretmeti nähili atlandyrmalydygyny
düşündirýär. Çagalar terbiýeçiniňki ýaly edip beýleki sözleri (atlary
kemlik-söýgülilik derejede üýtgedip) aýdýarlar. Atlary ýöňkemede (birlik
we köplük sanda) üýtgedip aýdýarlar. Ilki bilen çagalar terbiýeçiniň
nusgasy, soňra bolsa ýatdan özleri ütýgedip aýdýarlar.
Dostları ilə paylaş: