Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə51/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara 
Taryhda açyldy täze bir sahap, 
Ýürekden ýer berip gözel hyýala, 
Sowgat edip ösüşlerden bihasap
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara. 
 
Aý-günleň meňzine ýylgyryş çaýyp, 
Bagtyýarlyk döwrüň äleme ýaýyp, 
Aýdym bolup şygyr bolup ajaýyp, 
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara. 
 
Berekede öwrüp yhlaslyň derin, 
Rahatlygny diläp Asmanyň-Ýeriň, 
Köp bolmagy üçin bagtly günleriň 
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
136 
Döwleti artykdyr niýeti pägiň, 
Buýsançly saklaýar dessuryn-däbin, 
Ylymyň-bilimiň giňeldip çägin, 
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara. 
 
Mertlik syryn saklar daglar-gaýalar, 
Watan borjun haklan mydam aýalar, 
Her bir işde halallyga daýanyp, 
Rowaçlygyň ýyly geldi Diýara.
 
 
 
30.
 
Grammatikany özleşdirmäge degişli albom taýýarlamak. 
 

 
Grammatikany özleşdirmäge degişli albom taýýarlamak. 

 
Albomyň ähmiýeti. 
 
Mekdebe çenli bilim we terbiýe çagalar baglarynda maşgala bilen 
arkalaşykly berilýär. 
Çaga daşky dünýä, adamlar we jemgyýet hakynda belli bir 
düşünjeler, tejribeler toplap, garaýyşlaryny emele getirip, beýlekiler 
bilen aragatnaşyga girýär. Şeýlelikde, ol jemgyýetde kesgitli omy tutup, 
ondaky borçlaryny we hukuklaryny ýerine ýetirýän şahsyýete öwrülýär 
Şahsyýetiň döreýşiniň we ösüşiniň üç ugry bar: 
Jemgyýetiň ahlak düzgünlerini öwrenmek (bilmek), kabul etmek we 
ýerine ýetirmek. 

Bu ugry hem şertli iki bölege bölmek mümkin. 

Jemgyýetiň, milletiň ahlak we özüni alyp baryş düzgünlerini
kada- kanunlaryny, urp-adatlaryny, däplerini özleşdirmek. 

Döwletiň kanunlaryny, düzgünlerini özleşdirmek. 

Bu düzgünler hem şertli üç bölekden ybaratdyr. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
137 

Hökmany ýerine ýetirilmeli düzgünler. 

Gadagan, jemgyýetiň kabul etmeýän düzgünleri. 

Ýerine ýetirilmegi mümkin düzgünler. 
Terbiýeçiler. ata-eneler jemgyýetiň, döwletiň ahlak, hukuk 
düşünjelerini çaga üçin düşnükli, aň ýeterli derejede durmuşdan we çeper 
eserlerden alnan gahrymanlaryň mysalynda öwretmeli we olaryň 
birkemsiz ýerine ýetirilmelidigini düşündirmeli. 
Dogry ýerine ýetirilen hereketleri bellemeli, öwmeli, nädogry
ýerine ýetirilen düzgünleri sabyrlylyk bilen düşündirmeli, çagany onuň 
mertebesini kemsitmezden ýazmaly. 
Şahsyýetde özüne we jemgyýete peýdaly bilesigelijilikli 
gyzyklanmalar, watansöýüjilik, ata-enä hormat, borç, jogapkärlik ýaly 
duýgular kemala getirilýär. Öz-özüne hyzmat, ata-enelerine, ýoldaşlary 
na, bütin jemgyýete, döwlete hyzmat etmek meýilleri oýarylýar. 
Şahsyýetiň Watany goramak we anyk işler arkaly oňa hyzmat etmek
zähmet bilen ýurduň ykdysady we kuwwatlylygyna goşant goşmak ýaly 
baş islegleriniň düýbi tutulýar. 
Şahsyýetiň jemgyýet tarapyndan ýazgarylýan endikleriniň 
täsirlerinden özüni saklamak, düzgünleri berjaý etmek, duş gelýän 
kynçylyklara, päsgelçiliklere çydamly bolmak, olara dözümli, sabyrly 
garamak, ygtyýarlylyk, erklilik, öz-özüni dolandyryp bilmek ýaly 
sypatlarynyň esasy tutulýar. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin