Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Türkmenistan – rowaçlygyň Watany



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə59/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Türkmenistan – rowaçlygyň Watany 
Gadamlar batlansyn şan-şöhrat bile
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany. 
Ýylymyz başlandy ajap at bilen, 
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany. 
 
Türkmen toý toýlaýar il-ulusy bilen, 
Geňeşip gojasy-ýaşulysy bilen, 
Günleriň gowudan gowusy bilen, 
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany. 
 
“Ýer alma, goňşy al” diýipdir olar, 
“Hemsaýamaz” diýip söýüpdir olar, 
Dünýä döwletleri dost bolup goldar
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany. 
 
Bize bagt getirdi her geçen ýyllar, 
Hem oňa guwanýar bagtyýar iller, 
Milli Lider bilen has şowly bolar, 
Türkmenistan-rowaçlygyň Watany. 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
162 
Diliň aragatnaşyk serişdesidigi hemmämiz üçin mälim zat. Dil 
jemgyýetiň döremegi, ösmegi üçin zerur şertleriň biri bolup durýar. Dil 
bolmasa adamzat aragatnaşygy amala aşmaýar. 
Bu ýagdaý, hakykatdan-da, örän haýal, kem-kemden kämilleşmek 
ýoluny geçip, adamyň intellektiniň ösmeginde uly özgeriş geçirmek bilen 
döwrümize gelip ýetipdir.
36.
 
Talyplar bilen ses medeniýetini ösdürmäge degişli 
köpçülikleýin we aýratyn geçirilýän işleri meýilnamalaşdyrmak. 
Geçilenleri gaýtalamak. 
 

Köpçülikleýin we aýratyn geçirilýän işleriň ähmiýeti. 

Geçilenleri gaýtalamak üçin ýörite sapak berilýär. 
 
Terbiýeçi her bir çaganyň sesleri aýdyşynyň öz aýratynlyklaryny 
bilmelidir. 
Terbiýeçi ertirlikden öň ýa-da günüň ikinji ýarymynda, haçan-da 
toparda çaga az bolan wagtynda çaga bilen aýratynlykda gürrüüňdeş 
bolanda çagalaryň ses aýdyşyny barlaýar. 
Belli bir çekimsiz sesiň sözüň dürli ýerinde (başynda, ortasynda, 
ahyrynda) gelen sözleri ulanmak arkaly çagalaryň ses aýdyşy barlanylýar. 
Meselem: 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
163 
Terbiýeçi surat görkezip, çagadan suratda görkezilen zadyň adyny 
aýtynlygyny soraýar. Eger-de çaga bilmese, terbiýeçiniň özi aýdyp, soňra 
çaga gaýtaladýar. 
Kiçi ýaşly topardaky çagalara adamyň beden agzalaryny aýtdyrmak 
bilen, çaganyň ses aýdyşyny barlamak bolar (el, aýak, burun, barmak, 
dyrnak, kirpik we ş m). 
Ses aýdyşyny barlamak çaga bilen gürrüň geçirmek, kiçi ýaşly 
çagalar bilen bolsa oýun görnüşinde amala aşyrylýar. 
Topardaky hemme çagalaryň ses aýdyşy okuw ýylynyň başynda 
barlanylýar. Birinji gezekde barlanylanda ses aýdyşynda kemçiligi bolan 
çagalar ýylyň dowamynda barlanylýar. 
Çaganyň ses medeniýetini ösdürmek boýunça ýokarda aýdylýan 
usullary peýdalanmak oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda, 
mekdebe çenli ýaşda çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6 
ýaşly çaga käbir sesleri dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş 
geçirmeli. Aýratynlykda geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen 
terbiýeçi sesi aýdanda çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli 
Şa

şagal

ýowşan

şah

şaha

şaly
Şo

şor
Şy

bagşy

şygyrş

ýaşyl

yşyk

şypbyk


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
164 
seretmegini, aýdylýan sesi ünsli diňläp. soňra ony gaýtalamaga-
synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da çaga sesi dogry aýdyp başlanda, 
terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen birlikde, şeýle-de şol sese degişli 
sözleri, goşgulary berýär, ýörite saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň 
etdirýär. Eger-de bu işler öz netijesini bermese, çagany logopede (dil 
düzediş mugallymyna) görkezmelidir. 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň ähli 
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça 
işlände çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi 
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki 
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dem alşa. sesiň dogry 
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär. 
Sözleýişiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň 
ähmiýeti uludyr. Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşulup hereket etmegi 
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini, 
labyzlylygy ösdürýär. 
Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-da (irki maşkda, gezelençde we 
ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini ösdürmeklige üns bermelidir. 
Sözleýşiň ses medeniýeti bu aýdylýan pikiriň mazmunyna görä 
sözleýşiň hemme talaplaryny berjaý edip beýan etmekdir, ýagny hemme 
sesleri ýerli-ýerinde goýup, intenasiýa boýunça hem-de grammatikanyň 
hemme talaplaryny berjaý etmegine aýdylýar. Terbiýeçiniň öňünde 
durýan ilkinji wezipeleriň biri çaga dil çykyp başlandan aýdýan sözlerini 
dogry aýtmagy, ýagny hemme sesleri ýerli-ýerinde öz aýdylyş basymy 
boýunça çaga ilkiden nädogry öwrenip gitse, soň hem şoňa öwrenip 
gidýär. Meselem: şu wagta çenli köp adamlar, mugallym sözüni basymy 
boýunça dogry aýtmagy başarmaýarlar. Sözleýşiň ses medeniýeti 
diýlende, diňe gepleşikdäki hemme sesleri dogry aýdyp bilmek däldir, 
oňa düşnükli, howlukman intonasiýa boýunça gürrüň etmek degişlidir. 
Ýaňy dil çykyp ugran çagalar gepleşikdäki käbir sesleri (r, s, ş, ž we ş.m.) 
dogry aýdyp bilmeýärler. Olar bilen ýörite iş geçirilýär. Gerek bolsa dil 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
165 
düzedişe ýüz tutulýar. Durmuşda käbir çagalar öz pikirlerini beýan etjek 
bolup, örän howlugyp gepleýärler. Netijede olar pikirlerini dogry aýdyp 
bilmän sakynýarlar. Çagalaryň sakynyp geplemekleriniň başga sebäpleri 
hem bardyr. Ol kelle beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Munuň ýaly 
çagalar bilen ýörite dil düzedijilere, lukmanlar bilen iş salyşýarlar. 
Durmuşda çagalarda, ulularda aýdylýan pikiri (sözlemi) soňuna 
degişli äheňinde aýtmaýarlar, ýagny olar sözlemiň soňky sözlerini iýip, 
galýarlar. Bu işlerini düzetmek sözleýşiň ses medeniýetine degişlidir. 
Durmuşda çagalar bir zady gürrüň edenlerinde dem almaly 
ýerlerini doly bilmeýärler, käbir pikirleri bir demde aýtjak bolýarlar. 
Netijede käbir sesler, sözler eşidilmän galýar. Soňra sözlemiň manysy 
ýitýär, äheňi bölünýär. 
Çagalara ses medeniýetini öwretmek üçin olara aýdylýan sözleri, 
sesleri gowy eşitmekligi, ünsli bolmaklygy öwretmeli. 
Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi dowam edýär. Çaganyň ses 
çykaranynda käbir sesleri aýtmagynda özbaşdaklyk peýda bolýar. 3,4 
aýlyk çaga bogazdan peýdalanyp ses çykarýar. 5 aýlykda uzyn çekimli 
sesleri aýdyp başlaýar. A-a-a, u-u-u ... 5-6 aýlykda bölek-bölek bogunlary 
aýdyp bilýär. Meselem, bi-bi-bi, ma-ma. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
166 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin