Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə55/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
 
32.
 
Sesleri dogry aýdylyp bilmegi öwretmegiň ýollaryny 
öwretmek. 
 

Çagalaryň sesleri dogry aýdyp bilmegi. 

Sesleriň aýratynlyklary. 
Terbiýeçi çagalara sesleri dogry aýtmaklygy öwretmelidir, gerek 
bolan ýagdaýynda sözleýşi kemçilikli çagalary ýöriteleşdirilen çagalar 
edarasyna ugratmalydyr 
Artikulýasion apparat (gep agzalary)- ses aýtmaklygyň esasy bolup 
durýar Sesler agyz boşlugynda emele gelmek bilen dodagyň, diliň, aşaky 
äňiň, ýumşak kentlewügüň, kiçi diliň hereketlerine baglydyr. 
Artikulýasion apparatyndaky kemçilikler (dilasty sapajygyft gysgalygy, 
dişleriň gysylmagynyň nädogrulygy, kentlewügiň beter ýokarda ýa-da dar 
bolmagy we ş m) ýa-da olar şu hereketleriniň ýeterlik derejede 
kamilleşmändigi (diliň, dodagyň az hereketliligi) sesiň nädogry 
aýdylmagyna eltýär. 
Terbiýeçiniň esasy etmeli işleri: 

Diliň hereketini ösdürmek (dili inçeltmegi, ýazgyn görnüşde 
saklamagy, ýokarky dişleriň arasynda saklamagy we ş.m öwretmeli); 

Dodagyň hereketini ösdiirmek (dodagy öiie uzatmagy, tegelemegi 
we ş.m öwretmeli); 

Aşaky äňi belli bir ýagdaýda saklamagy başarmagy öwretmek 
Mekdebe taýýarlyk toparda sözleýşinde kemçiligi bolan çagalar az 
hem bolsa, sözleýşiň ses taýdan dogry aýdylyşynyň üstünde işlemegi 
dowam etdirmelidir: çagalarda aýdyň, labyzly sözleýşi ösdürmeklige, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
145 
sesiň güýjüni sazlaşdyrmagy başarmaklyga üns bermeli Munuň üçin 
aýdym, goşgy bilen baglanyşykly hereketli oýunlary, ses eşidişini 
ösdürmek, howa akymyny kämilleşdimek üçin geçirilýän öwrediji 
oýunlary, ýaňyltmaçlary ulanmaklygyň ähm 
iýeti ulydyr. 
Sözleriň aýdylyşyny ýoýmazdan ýaňyltmaçlary haýallyk bilen 
köpçülikleýin ýa-da ýekelikde-de aýtsaň bolar 
Ýaňyltmajy ilki bilen terbiýeçi dürs aýdyň düşnükli edip aýdýar 
Soňra çagalar ilki köplük bolup, soňra toparlaýyn, ýekelikde 
gaýtalaýarlar.Ýaňyltmajy aýtmagy başarandan soň, ony seslerini 
üýtgedip (pyşyrdap, haýal, batly, çalt) aýdýarlar 
Çaganyň ses medeniýetini ösdürek boýunça ýokarda aýdylýan 
usullary peýdalanmak oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda, 
mekdebe çenli ýaşda çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6 
ýaşly çaga käbir sesleri dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş 
geçirmeli. Aýratynlykda geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen 
terbiýeçi sesi aýdanda çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli 
seretmegini, aýdylýan sesi ünsli diňläp. soňra ony gaýtalamaga-
synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da çaga sesi dogry aýdyp başlanda, 
terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen birlikde, şeýle-de şol sese degişli 
sözleri, goşgulary berýär, ýörite saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň 
etdirýär. Eger-de bu işler öz netijesini bermese, çagany logopede (dil 
düzediş mugallymyna) görkezmelidir 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň älili 
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça 
işläninde çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi 
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki 
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dent alşa. sesiň dogry 
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär. 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň 
äluniýeti uludyr Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşulyp hereket etmegi 
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
146 
labyzlylygy ösdürýär. 
Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-da (irki maşkda, gezelençde we 
ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini ösdürmeklige üns bermelidir. 
Mekdebe taýýarlyk toparda sözleýşinde kemçiligi bolan çagalar az 
hem bolsa, sözleýşiň ses taýdan dogry aýdylyşynyň üstünde işlemegi 
dowam etdirmelidir: çagalarda aýdyň, labyzly sözleýşi ösdürmeklige, 
sesiň güýjüni sazlaşdyrmagy başarmaklyga üns bermeli Munuň üçin 
aýdym, goşgy bilen baglanyşykly hereketli oýunlary, ses eşidişini 
ösdürmek, howa akymyny kämilleşdirmek üçin geçirilýän öwrediji 
oýunlary, ýaňyltmaçlary ulanmaklygyň ähmiýeti ulydyr. 
Terbiýeçi sapaklarda çaganyň sözleýiş apparatyny türgenleşdirmek 
we ses aýdyşyny ösdürmek boýunça oýunlar geçirýär 
Şu maksat bilen sapaklarda eşidişi ösdürmek boýunça ýörite 
oýunlar oýnalýar. 
“Kim aýytdy” ovnv. Topardan bir çaga öňe çykyp durýar Terbiýeçi 
öňde duran çaga gözüni ýummagy ýa-da beýleki çagalara tarap tersine 
öwrülip durmagy tabşyrýar Terbiýeçiniň görkezmegi boýunça toparyň 
çagalaryndan biri öňe saýlanan çaganyň adyny tutýar, öňde duran kimiň 
öz adyny tutandygyny bilmeli. 
Eger-de çaga artikulýasion maşklary dogry ýerine ýetirse,dilini 
gerekli ýagdaýda dogry saklap bilse,howa akymy güýçli,uzak bolsa,onda 
aýdyp bilmeýän ýa-da nädogry aýdýan sesini düzetmeklige geçilýär.
Şeýlelikde,dogry ses aýdylyşyny kämilleşdirmek:çagalara ene 
dilindäki hemme sesleri dogry aýtmagy öwretmekden;sözleýiş 
agzalaryny ösdürmekden;kadaly dem alşy türgenleşdirmekden her bir 
sesi, sözi, sözlemi dogry we aýdyň aýtmagy (labyzlylygy) öwretmekden, 
kadaly depginde sözlemegi (sözleri, sözlemleri aýytmagy, çaltlaşdyrman) 
kämilleşdirmekden ybaratdyr. 
Ene dilindäki sesleri dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede 
ösenligi, kadaly sözleýiş dem alşynyň bolmagy, oňat sözleýiş eşidişi 
sesleri dogry aýtmak esasy bolup durýar. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
147 
Ses aýdylşynyň bozulmagy sözleýşiň apparatynda kemçiligiň (gaty 
we ýumşak kentlewügüň açyk bölünen) bolmagy, dil asty sapajygyň 
gysga bolmagy gep agzalarynyň hereketiniň, sesi tapawutlandyryp 
eşitmekliginiň ýeterlik derejede ösenligine bagly bolýar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin