Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə53/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
140 
31.
 
Çagalara sesler barada düşünje bermek. 
 

 
Sesleri dogry aýdylyp bilmegi öwretmegiň ýollary. 

 
Terbiýeçiniň sesleri öwretmekde ulanýan usullary. 
 
Sözleýiş dili islendik dili esasynda hasyl edýär.Sözleýişde sözleýiş 
agzalaryny endik boýunça hereket etdirmeli.Şonuň netijesinde zerur 
bolan ses hasyl bolýar. Sözleýiş agzalarynyň hereketini ses çykarman 
pikir edilende ýa-da bir zat okalanda dodaklaryň gymyldamagyna agyz 
açylyp ýumulşyny görmek bolýar.Söz agzyň hereketini owaz goşulsa 
onda şonuň netijesinde ses emele gelýär.Sesler bolsa sözleýiş birliklerini 
emele getirýär.Ses sözüň iň kiçi birliginde dil öwrenmek sesden 
başlanýar.Sesiň diňe özi sözleýşi emele getirip bilmeýär.Munuň üçin 
sesler diliň beýleki dil serişdeleri kömege gelmeli (basym säginme äheň) 
şolaryň gatnaşmagy ýagny bilelikde aýdylmagy sözleýişiň hasyl bolýar 
säginme jüledäki arakesmeleridir.Äheň aýdylýan pikiriň many aňladýan 
bölekleri 
(sözi-sözlemi)biri-birinden 
tapawutlandyrmaga 
we 
birleşdirmäge hyzmat edýär. 
Aýdylşyň tizlik derejesi ýa-da depgini aýrylmaz bölegidir.Çalt 
depgi bilen aýtmak sözleýşini häsiýetli boýar.Has yuwaş geplemek 
gorkýan bir zatdan heder edýän adamyň sözleýşine mahsusdyr.Tenler 
(ten)esasy heňe goşulýar goşmaça ses öwüşgünleridir.Gepleşikde 
ulanylýan sesler iki topara bölünýär. 

Çekimli sesler. 

Çekimsiz sesler. 
Sözleýiş medeniýeti - bu diliň ähli ugurlaryny (ses aýdyşy, labyzly 
äheňi, söz baýlygyny, sözleýşiň grammatik gurluşyny) dogry ulanmagy 
başarmaklykdyr. 
Sözleýşiň ses medeniýeti sözleýiş medeniýetiniň bir bölegidir. 
Gepleýiş organlaryny hereketlendirip sesi çykarmak işi örän kyn we 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
141 
dowamly. Mekdebe çenli ýaşly çagalar ony töweregindäki adamlar bilen 
gürleşenlerinde öwrenýärler. Eger-de çagalar kadalaýyk, dogry gepleýän 
adamlaryň. 
Arasynda ösüp kemala gelse, olaryň dogry sözleýşi özleşdirmegi 
örän aňsat bolýar. Munuň tersine nädogry sözleýşi diňlese, olaryň dogry 
geplemegi kynlaşýar. Çagalar bagyndan mekdebe barýan çagalaryň 
sözleýiş dili kämilleşen bolmalydyr. Ene dilini öwretmegiň esasy 
meseleleriniň biri hem arassa we dogry ses aýdyşy terbiýelemekdir. 
Sözdäki sesleri dogry aýtmaklyk sowaty oňat özleşdirmegiň esasy bolup 
durýar. Çagalar 5 ýaşynyň soňunda arassa gepläp bilýärler. Çagalar 
bagynda terbiýelenýän çagalar ýedi ýaşyna ýetende okamagy we 
ýazmagy öwrenip başlanda arassa dogry geplemegi özleşdirmelidirler. 
Mekdepde ses aýdyşy bozulan çagalar, köplenç ýagdaýda, bilim 
almakda kynçylyk çekip, gowşak okaýan çagalaryň hatarynda bolýarlar. 
Käbir ýagdaýlarda bäş-alty ýaşly çagalar ene dilindäki sesleri dogry 
aýtsalar-da, aýdyň, dürs gürlemeýärler. Munuň sebäbi olaryň örän çala, 
haýal ýa-da çalt gürlemegindedir. Olar howlugyp diňe bir sesleri däl, 
eýsem bogunlary hem goýberip gürleýärler. Kem-kemden, belli 
biryzygiderlilikde düşnükli. aýdyň ses aýdyşy öwretmeklik çagalar 
bagynda sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemegiň esas\' meselesi bolup 
durýar. 
Çagada dogry sözleýiş medeniýetini terbiýelemekde terbiýeçiniň 
täsiri örän uludyr. 
Terbiýeçi çagalara gepleşikde dogry dem almagy, ene dilindäki 
hemme sesleri, sözleri dogry, aýdyň aýtmagy, howlukman labyzly 
gürlemegi öwredýär. 
Şol bir wagtda terbiýeçiler dogry ses aýdyşy kämilleşdirmekde 
käbir dil düzedişlik usullary ondan peýdalanyp bilerler. 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek beýleki ugurlary (söz 
baýlygy, sözleý'şiň grammatik gurluşy, baglanyşykly sözleýiş) ösdürmek 
bilen birlikde amala aşyrylýar. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
142 
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek ene dilindäki sesleriň 
artikulýasiýasyny dogry özleşdirmegi, sesleri dogry aýtmagy, sözleri we 
sözlemleri düşnükli we aýdyň sözlemegi, gepleşikde dogry dem almagy, 
sesiň güýjüni (çala-ýuwaş, batly) ýeterlik derejede ulanylmagy 
başarnagy, kadaly depginde (tempde), labyzly gürlemegi öz içine alýar. 
Çagalarda dogry sözleýşi terbiýelemekde terbiýeçi şu aşakdaky 
meselelere üns bermelidir: 

 
Sözleýşi, eşidişini ýuwaş-ýuwaşdan terbiýelemek (ses 
belentligindäki eşidiş, eşidiş ünslüligi, sesi tapawutlandyryp eşitmegi, 
sözleýşiň depginini we sazlaşygyny kabul edişini ösdürmek). 

 
Dogry ses aýdyşy kämilleşdirmek: çagalara ene dilindäki 
hemme sesleri dogry aýtmagy öwretmek; artikulýasion apparatyny (gep 
agzalaryny) ösdürmek; kadaly dem alşy türgenleşdirmek; her bir sesi, 
sözi, sözlemi dogry we aýdyň aýtmagy (oňat diksiýany) terbiýelemek; 
kadaly depginde sözlemegi (sözleri, sözlemleri haýallatman, 
çaltlaşdrman) kämilleşdirmek. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin