3-4 ýaşly çagalarda grammatikany ösdürmek.
Bu ýaşdaky çagalar sözleýişi gaty basym ösýär. 3 ýaşdaky
çagalaryň sözlügi 1300-1500 söze ýetýär, 4 ýaşa çenli olaryň sözleýşi iki
esse artýar. Sözleýiş dilinde grammatiki gurluşlar peýda bolup başlaýar.
Takmynan 2 ýaşda çaga sözleri ýeňiş we wagyt-orun düşümlerde
aýdyp başlaýar, ýöne ol düşümleri çalyşýar. Atlar bilen birlikde çaga
sypatlary we işlikleri özleşdirýär. Iki ýarym ýaşda çagalar bäşlikleri
birlik-köplük sanda (Jeren barýar, biz barýarys); zamablarda (alýar, aldy
); ýöňkemede (sen gel, ol git) üýtgedip başlaýar.
Sözleýiş dili çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegine, gözýetiminiň
giňemegine täsir edýär. Ýöne 2-4 ýaşdaky çagalar sözleýşiniň grammatiki
gurluşyny özleşdirmekde entek kynçylyk çekýärler. Çagalaryň
sözleýşiniň grammatiki gurluşynyň üstünde işlemekligi atlardan
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
116
başlamaly, sebäbi atlar biziň gepleşik dilimizde köp ulanylýar, munda
başga-da atlaryň üýtgemegi esesynda beýleki söz toparlary hem üýtgeýär.
Kiçi
ýaşly
çagalarda
sözleýşiň
grammatiki
gurluşyny
kämilleşdirmekde göz öňünde tutmaly.
Atlaryň yzyna söýgülilik derejesiniň goşulmasyny goşmak arkaly
täze söz ýasamak (Aýna-Aýnajyk, jüje –jüjejik);
Atlaryň yzyna san goşulmalaryny goşmak arkaly sözi
üýtgetmek(gurjak-gurjaklar, kitap-kitaplar);
Atlaryň birlik we köplük sanda ýöňkeme bilen üýtgetmek (meniň
kitabym-biziň kitabymyz);
Işlikleri zamanda üýtgetmek (Oraz oýnady, Oraz oýnaýar, Oraz
oýnar);
Ýönekeý sözlem düzmek (Aman kitap okaýar) we ş.m.
Okuw meýilnamasyna laýyklykda çagalar baglarynda tomus dynç
alyş günlerinde okuw sapaklarynyň deregine, körpeleriň ýaş
aýratynlyklaryna görä, tassyklanylan gün tertibine laýyklykda
gezelençler, gyzyklanma çäreleri, dürli oýunlar, aýdym-saz çäreleri, dürli
bäsleşikler geçirilýär. Bu çärelere terbiýeçiniň döredijilikli çemeleşmesi,
pedagogik-psihologik talaplar esasynda berjaý etmegi göz öňünde
tutulýan maksada ýetmäge şert döredýär. Bu işlerde terbiýeçiniň öz
hereketleri, sözi bilen çagalaryň ünsüni özüne çekip bilmeginiň hem
ähmiýeti uludyr. 01 çagalaryň ünsüni özüne çekmek bilen olarda
gyzyklanma, bilesigelijilik ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine şert
döredýär.
Çagalar baglarynda terbiýe bermegiň hemme usullary çaganyň
hemme taraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmeklige gönükdirilendir,
şeýle-de özbaşdaklygy, tutanýerliligi, işjeňligi şahsyýete mahsus bolan
kemala gelmegine ýardam etmelidir Bu meseleleriň amala aşmagy üçin
dürli terbiýeçilik işlerini kompleksleýin peýdalanmak zerurdyr.
Oýunlar we gyzyklanma çäreleri çagalar bagynda-da maşgalada-da
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
117
çaganyň aýrylmaz hemrasydyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar dürli
oýunlary oýnamagy: hereketli, didaktiki, döredijilikli oýunlary gowy
görýärler. Terbiýeçi bu oýunlary çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly
ösüşini üpjün etmekde peýdalanyp biler. Oýunlary, esasan, açyk howada
geçirmek peýdalydyr. Hereketli oýunlar çagalaryň hereket işjeňligini
ösdürmek üçin peýdalanylýar Bu çäreler çagalaryň daýanç-hereketleniş
synalaryny işjeň herekete getirýär. Oýunlardaky kem-käs ýadawlyk
peýdaly, bu ýadawlyk yzygiderli gaýtalanmak bilen bedeniň fiziki
ýüküne öwrenişmegine, işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär,
emma aşa ýadamaklaryna ýol berilmeli däldir. Oýunlar özüne çekijiligi,
şowhunlylygy bilen çaganyň aşa ýadamagyna getirýär. Aşa ýadawlygyň
çaganyň oýna bolan höwesini gowşatmagy mümkin. Bu çaganyň
işdäsine, ukusyna, özüni duýşuna täsir edýär. Çagalarda ýakymly
lezzetiň, şadyýanlygyň, akyl, ahlak we beden ösüşiniň kadaly bolmagy
üçin gyzyklanma çäreleri we oýunlar maksadalaýyk gezekleşdirilmelidir.
Has işjeň hereketli oýunlar asuda oýnalýan oýunlardyr çäreler bilen
utgaşykly alnyp barylmalydyr.
Oýun
-
durmuş mekdebi. Oýunlar arkaly çaganyň akyl taýdan ösüşi
kämilleşýär. Olarda synçylyk, ugurtapyjylyk, kynçylygy ýeňip geçmek
ýaly häsiýetler kemala gelýär. Oýun çaganyň öz daşyny gurşap alan
hakykatdan has-da gyzykly hakykat bolup görünýär. Çaga oýunlarda
durmuş hakykatyny öz çaga düşünjesi arkaly şöhlelendirmegi başarýar.
Oýun bar ýerinde hereket bolup, ol hereketleriň sazlaşygyny emele
getirýär. Oýunlaryň okuw- terbiýeçilik işinde ähmiýeti uludyr.
Oýunlar –
gyzyklanma çäreleri, maşklar çagalaryň hereketleniş
işjeňligini ösdürýär. Köpçülikleýin oýunlaryň pedagogik gymmatlygy
çagalaryň biri- birine bolan hoşniýetli, dostlukly gatnaşygyny ýola
goýýanlygydyr. Biri- birinden öwrenmek - bu çaganyň ösüşiniň zerur
şertleriniň biridir. Çaganyň daş-töwerek bilen tanyşlygyny toparyň
içinde-de, bagyň meýdançasynda- da ýa-da ondan daşary hem geçirmek
bolar.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
118
Gezelenç - munuň özi daş- töwerek bilen tanyşdyrmak, gözelligi
görüp, duýup bilmek endigini edinmekdir. Gözelligi görmek her adamda
birhili bolýar. Käbir adamyň şolbada gözüne ilýär, käbir adam bolsa şol
bir zady diňe aýdylandan soň görüp, duýup galýar. Gözellikler, geň-enaýy
zatlar çagany joşdurýar, sözleýşini has hem işjeňleşdirýär, çünki çagalar
gören zatlaryna öýkünmegi gowy görýärler, biri guşjagaza öýkünse,
başga biri pişige öýkünýär. Daş-töweregiň gözelligi çagada ýakymly
duýgyny döredýär. Geçirilýän çäreler estetik terbiýäni hem öz içine alýar.
Estetiki terbiýe estetiki döredijiligiň ösüşidir. Her bir çaga öz
mümkinçiligine görä, her bir estetiki gymmatlygy döredijidir. Jaý gurmak
bilen ol arhitektorlyk ukybyny, surat çekmek, ýasamak bilen çeper
nakgaşlyk ukybyny görkezýän bolsa, tans-aýdym bilen meşgul bolup
edýän hereketleri - bir söz bilen aýdanyňda, çaganyň çeper doredijiligidir.
Çaganyň döredijiligine özbaşdak çeper işjeňlik diýip hem düşünmek
bolýar. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler şol özbaşdak çeper işjeňligiň
döremegine ýol açýar.
Oýunlar we beýleki dürli gyzyklanma çärelerine terbiýeçi
ýolbaşçylyk edende oýunçylaryň ýagdaýyny ünsden düşürmeli däldir we
bedene düşjek agramy kadalaşdyryp durmalydyr. Oýunlardan başga çeper
mazmunly maşklary, dürli çäreleri hem geçirmek bolýar. Gyzyklanma
çäreleri, oýunlar, tebigy şertlerde oýnalýan dürli oýunlar çagalaryň öz
ýaşaýyş ýerine bolan söýgüsini ahlak we estetik duýgularynyň
çuňlaşdyrmagyna getirýär, däp-dessurlarymyzy öwrenmegimize hem
täsir edýär. Edebi çäreler sazly kompozisiýalar bolup geçýän gyzykly
wakalary açyp görkezmek bilen ulularyň alyp barýan işi bilen
tanyşdyrýar. Dürli gurjak oýunlaryny geçirmek ahlak terbiýesini bermek
bilen birlikde sözleýşini ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Sazly döredijilikli
oýunlar çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýet bolmak
bilen dürli görnüşde alnyp barylýar. Oýunlarda çagalar köpçüligi kemala
gelýär, çaganyň şahsyýetiniň hemme tarapynyň ösüşine ýardam edýär.
Pedagogika we psihologiýa ylmy-barlaglary çuňňur döredijilikleri
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
119
ukyplarynyň ösüşiniň mekdebe çenli döwre düşýändigini görkezýär.
Çaganyň haýsy işini alyp görseň-de, goý, ol oýun bolsun, surat çekmek
bolsun, zähmet çekmek bolsun şol işleriň hemmesinde çaganyň
pikirlenmesi bilen bilelikde hereketiniň arasyndaky täze-täze
gatnaşyklaryň bardygyny görýäris. Çaga döredijiligi öýkünmeklige
esaslanyp, çaganyň ösüşiniň möhüm faktory bolup hyzmat edýär, şeýle-
de döredijilik ukyplarynyň açylmagyna getirýär.
Fiziologiýa ylmy boýunça adamda 5 duýgy organy bolýar. Olar
göz, gulak, agyz, burun, deri. Şol organlar her gün müňlerçe zady duýýar.
Duýgular dogry kabul edilende adamyň içki dünýäsini manylaşdyrýar.
Şol duýgularyň ösüp gelýän ýaş nesilde dogry terbiýelenmegi zerurdyr.
Çagalar baglarynda, sagaldyş merkezlerinde beden terbiýesini
kämilleşdirmek diňe pedagogik prosesiň mazmunynyň we usullarynyň
hemişe kämilleşdirilip durulmagyna baglydyr
Dostları ilə paylaş: |