Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Nahal  Bir gün mellege  Ekdim bir nahal Ideg, suw berdim, Her gün, her mahal



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə44/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Nahal 
Bir gün mellege 
Ekdim bir nahal
Ideg, suw berdim,
Her gün, her mahal.
 
Eken nahalym,
Ösdi, ulaldy.
Onuň boýuna
Hemme guwandy.
 
Şahasyn yrap, 
Ajap saz edýär.
“ Sag bol “ diýýän dek, 
Hoş owaz edýär. 
 
 
Geliň, çagalar, 
Nahal ekeliň! 
Köp bolsun baglar,
Zähmet çekeliň! 
 
Iň gyzykly hem-de göwniňi açýan çagalyk ýatlamalaryňdaky 
manyly pursat eneli-ataly pursatlaryňdyr, olar bilen bilelikde geçiren 
hoşwagtlylygyňdyr. 
Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly 
ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we 
mukaddes ynsandyr. 
Eneleriň sözleýişi ýapraklaryň çala çala ygşyldaşy ýaly edalydyr. 
 
 
 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
115 
25.
 
Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň
usullary we tärleri. 
 

Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň usullary. 

Sözleýşiň grammatiki gurluşyny öwrenmegiň tärleri. 
 
Grammatik taýdan dogry sözleýşi kämilleşdirmek işi sapaklarda 
öwretmek arkaly amala aşyrylýar. Grammatik taýdan dogry sözleýşi 
öwretmekde öwrediji oýunlaryň,ýumuşlaryň ähmiýeti uludyr.Çaga üçin 
grammatikanyň özleşdirmegiň kyn bolýandygy sebäpli, geçirilýän 
oýunlar we ýumuşlara 5-10 minut wagt berilýär. 
Terbiýeçi sapakda öwreden wagty adalgalary ulanman, sada dilde 
oýunlaryň üsti bilen düşündirýär. Kiçi ýaşly toparda oýun ertekileriň 
gahrymanlaryny goşsaň ýa-da sözlem içinde oturanlardan biriniň atlaryny 
goşup ýumuş berseň, çaga üçin has-da gyzykly bolýar. Çaganyň sapaga 
ünsüni güýçlendirmek maksady bilen kyn ýumuşlar bilen bir hatarda öň 
özleşdirilen ýeňil ýumuşlar hem berse bolar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin