Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə34/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
19.
 
Sapaklaryň meýilnamasyny düzmek we derňemek. 
 

 
Sapaklaryň meýilnamasyny düzmek 

 
Sapaklaryň meýilnamasyny derňemek

 
Çagalary sözlem bilen tanyşdyrmak sapagynyň meýilnamasyny 
düzmek we derňemek. 
Çagalara sözüň gurluşuny, bogunlaryny öwretmek boýunça 
sapagyň meýilnamasyny düzmek we derňemek. 
Sesi-eşidýäris. Sözi diňleýäris. Sözüň aýdylyşyna basymyň täsiri. 
Talyplara ses dargytmak we düzmek usullaryny peýdalanyp bilmegi 
öwretmek. Çagalary sözüň bogun gurluşy bilen tanyşdyrmaklyga degişli 
sapagyň meýilnamasyny düzmek we derňemek.
Çagalar baglarynda körpeler bilen geçirilýän ähli terbiýeçilik işleri 
meýilnama boýunça alnyp barylýar. Meýilnama terbiýeçilik işlerine 
aýdyňlyk we anyklyk berýär. Terbiýeçi özüniň işini meýilnamalaşdyrmak 
bilen bütin ýyl boýy geçiljek materiallary oňat oýlanyp görýär. Olary 
dogry, deň ölçegde we yzygiderli ýerleşdirýär. Körpeler bilen geçirilýän 
işleri meýilnamalaşdyrmak üçin terbiýeçi bulardan başga-da çagalaryň 
ýaş aýratynlyklaryny hem-de öz toparlaryndakylaryň saglyk 
ýagdaýlaryny, olaryň fiziki taýdan ösüşini, öýlerindäki ýaşaýyş şertlerini, 
maşgalada nähili terbiýelenýändiklerini gowy bilmelidir. Terbiýeçileriň 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
89 
meýilnamalary çagalar bagynyň körpeler bilen geçirýän pedagogik işiniň 
resminamasydyr. Olar sowatly ýazylmalydyr we doly düzgünli 
saklanmalydyr. Meýilnama düzülende çagalar bagyna gelýän körpeleriň 
her bir gününiň mazmunly we gyzykly bolmagy üçin çalyşmalydyr. Eger-
de terbiýeçi meýilnamany düzmäge hem-de ony ýerine ýetirmäge oňat 
taýýarlansa, onda anyk we oýlanyşykly meýilnama hemişe oňat netije 
berer. Terbiýeçi çagalar bagynda geçirýän hemme terbiýeçilik işlerini 
meýilnamada nazarda tutmalydyr. Şeýle hem meýilnamada çagalaryň 
hemme taraplaýyn ösmegi göz öňüne tutulmalydyr. 
Terbiýeçi meýilnama düzmezinden öňürti „Çagalar bagynda 
terbiýeçilik işleriniň maksatnamasyny“ hemme taraplaýyn öwrenmelidir.
Aýratyn-da öz terbiýeçilik işlerini geçirýän toparynyň hem-de 
ondan öňki we soňky toparlarda terbiýeçilik işleriniň mazmunlaryny 
gowy bilmelidir. Mekdebe taýýarlaýyş toparynyň terbiýeçisi çagalar 
bagynyň maksatnamasyndan başga-da mekdebiň birinji klasynyň 
maksatnamasyny oňat bilmelidir.
Terbiýeçi bir hepdelik iş meýilnamasyny düzýär. Meýilnamanyň 
möhletiniň uzak bolmazlygy her günde geçiriljek sapagyň mazmuny 
barada oňat oýlanyp görmäge terbiýeçä mümkinçilk berýär. Terbiýeçi 
meýilnama düzmek üçin çagalar bagynyň maksatnamasyndan materialy 
seçip almalydyr. Seçilip alnan materiallar her bir güne doly 
bölüşdirmelidir.

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin