Ejem Bolsa Ýanymda
Käýinji-de ýag ýaly,
Ejem bolsa ýanymda.
Gyş bolsa-da ýaz ýaly,
Ejem bolsa ýanymda.
Doýmak ýok gül ýüzünden,
Mähir doly gözünden.
Ösýär boýum gün-günden,
Ejem bolsa ýanymda.
Köýnek tikse ogluna,
Taýýar eder şol güne.
Eden işim şowuna,
Ejem bolsa ýanymda.
Güneş çaýar asmandan,
“Eje” sözün aýdamdan.
Dünýäm doly aýdymdan,
Ejem bolsa ýanymda.
Muhammetmyrat Kömekow
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
22
4.
Çagalar bagynda okuw maksatnamasy bilen işlemek.
Çagalar bagynyň okuw maksatnamasy.
Okuw maksatnamasy bilen işlemegi öwretmek.
Çagalar
bagynda
okatmagyň
we
terbiýelemegiň
milli
maksatnamasy mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä
daşky durmuşy bilen tanyş etmekden ybarat. Çagalary daşky durmuş
bilen tanyş etmegiň 2 maksady bar:
Çagalary akyl taýdan terbiýelemek we dünýägaraýşyny giňeltmek.
Çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, täze sözleri öwretmek we
söhbetdeşlige taýýarlamak.
Mekdebe çenli kiçi toparda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň suraty boýunça tanamagy öwretmek. Harby
işgärler barada olaryň bitirýän işleriniň zerurlygy egin-eşikleri
barada düşündirmek.
Sorag bermek.
Görkezmek.
Terbiýeçiniň gürrüňiniň nusgasy.
Hekaýa boýunça, hekaýa düzdürmek.
Çagalaryň gürrüňine baha bermek.
Berkarar döwletimizde bilim özgertmeleri esasynda alnyp barylýan
işler hemmetaraplaýyn bilim bermek esasynda kämil şahsyýeti terbiýeläp
ýetişdirmegi göz öňünde tutýar. Çagalar baglarynda akyl, ahlak we estetik
(gözellik) terbiýesi sözleýiş esasynda amala aşýar. Çagalar bagynda
okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasynda çagalar bakja bagynyň
irki we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýşini ösdürmek boýunça
guramaçylyk işleri we okatmagyň usullary görkezilýär. Mälim bolşy ýaly,
irki we mekdebe çenli çagalaryň sözleýşiniň mazmuny daş-töwerekde
bolýan wakalar esasynda aňynda şöhlelenýär. Bu onuň özi, beden
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
23
agzalary, ýakyn adamlary, ýaşaýan otagy, terbiýe alýan çagalar bagy,
seýilgäh, golaýyndaky köçeler, şäher adamlaryň zähmeti, işi, janly we
jansyz tebigat. Uly toparlarda etiki düşünjeler, ýagny daş-töwerekdäki
gurşap alýan adamlar, birek-biregiň öňündäki borjy, birek-birege bolan
sylanyşykly gatnaşyk, tebigat, jemgyýetiň ýaşaýşy, baýramçylyklar bilen
bagly etmeli işleri barada düşünjeler berilýär. Okuw Maksatnamasynda
aşakdaky wezipeler kesgitlenilýär:
Täze bogunlary, ses utgaşmalaryny we sada sözleri aýtmakda
öýkünmegi ýüze çykarmak;
Bir ýaşynyň ahyryna çenli çagalara 10-12 sany aňsatja söz
ulanmagy öwretmek;
Haýwanlara we ösümliklere mähirli garaýşy terbiýelemek;
Çaganyň özüne ýüzlenilen söze düşünmegi, oňa elýeterli sözleýiş
serişdesine görä jogap bermegi öwretmek, ulular bilen
gepleşmäge meýil döretmek;
Çaganyň söz baýlygyny (ony gurşap alan zatlaryň atlarynyň we
olar bilen edilýän hereketleriň hasabyna) ösdürmek;
Ýönekeý sözlemiň gurluşyny özleşdirmek;
Sözleýşiň ses medeniýetini (dogry dem almak, sözleýiş tizligi,
sesi dogry aýtmak) ele almak;
Çaganyň deň-duşlary we özge adamlar bilen aragatnaşygyny
giňeltmek;
-çaganyň geplemek meýlini, islegini, gepe goşulyşmak
ymtylmasyny goldamak;
Sözleýiş medeniýetiniň başlangyjyny özleşdirmegi, ýagny sypaýy
gatnaşygyň sözleýiş görnüşlerini (salamlaşmak, hoşlaşmak,
minnetdarlyk bildirmek) ulanmagy öwretmek;
Söz binýadyny dogry goýmagy (oýnawaçlar bilen oýnamak,
hereketli oýunlar arkaly). Giňeltmegi we ulanmagy öwretmek;
Sanlary, wagty aňlatmak üçin atlaryň, sypatlaryň goşulmalaryny
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
24
ulanmak başarnygyny ýola goýmak;
Sözüň aňladýan şekilini göz öňüne getirmegi öwretmek;
Monologik sözleýşiň ilkinji görniişlerini özleşdirmegi, özüňde
täsir galdyran hadysa barada iki-üç sözlemden ybarat gürrüň
bermegi öwretmiek;
Çeper eseri diňläp, onuň mazmunyna düşünmegi, goşgyny dogry
äheňde aýtmagy öwretmek;
Baglanyşykly we labyzly sözleýşi ösdürmek;
Tanyş ertekiler, goşgular, hekaýalar boýunça sahna oýunlaryna
gatnaşmaga höwes döretmek.
Çeper eserleriň gahrymanlaryna olaryň häsiýetlerine görä garaýşy
terbiýelemek;
Edepli sözleýiş kadalarynyň başlangyjyny öwretmek;
Eseriň mazmunyny ara alyp maslahatlaşmak, gürrüň bermek,
goşgy aýtmak meýli ösdürmek;
Çagalaryň aýratynlykda döredijilikli sözleýiş ukyplaryny
ösdürmek;
Şeýlelikde, sözleýiş çaganyň şahsyýetiniň ösmegine täsir edýär,
ýardam berýär, onuň bilimi, gözýetimi giňeýär, daş-töweregindäkiler
bilen gatnaşykda bolmaga kömek edýär, edep-terbiýe düzgünlerini
özleşdirýär. Sözleýşi ösdürmek bilen çaga daş-töweregine garaýşyny
kämilleşdirýär we oňa tiz öwrenişýär.
Sözleýiş boýunça ýörite bellenen sapaklarda sözleýşi öwretmek
boýunça aşakdaky görnüşler alnyp barylýar:
Çagalaryň ses medeniýetini terbiýeleme;
Sözlük goruny baýlaşdyrmak;
Grammatik endikleri kemala getirmek;
Baglanyşykly sözleýşi öwretmek - monolog-dialog-daş-töwerek
bilen baglanyşyklylykda;
Çeper edebiýat bilen tanyşdyrmak, ýat tutmagy öwretmek;
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
25
Bu işleriň maksady her bir çagada baglanyşykly sözleýşi kemala
getirmekdir. Çaga ýedi ýaşyna çenli sözleýşiň daş-töweregindäki görýän
zatlaryny suratlandyrmak, wakalary gürrüň bermek üçin monolog
görnüşini peýdalanyp bilmegi başarmalydyr. Çaganyň monologyndaky
sözlemleriň grammatik gurluşy edebi diliň normalaryna gabat gelmelidir.
Çaganyň akyl taýdan ösmeginde dil sözleýşiniň kemala gelmeginiň
uly ähmiýeti bar. Çaga ene dilini sözleýşiň oňat nusgalary esasynda
öwretmeli. Çagalar öýkünmek esasynda kämil däl sözleýşi hem
öwrenýärler.
Sözleýşi öwretmegiň iki sany esasy görnüşiniň üstünde durlup
geçilýär:
Çagalaryň terbiýeçi, çagalar bagynyň beýleki işgärleri bilen öz
aralarynda erkin gepleşigi.
Sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar.
Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup
hyzmat edýär.
Mekdebe çenli ýaşly çagalary çagalar edaralarynda terbiýelemekde
we okatmakda “Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we
terbiýe bermegiň Milli maksatnamasynda” esasynda alnyp barylýar.
Maksatnamada mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe maksada,
wezipesi we mazmuny takyk görkezilendi. Maksatnama düzülende
mekdebe çenli ýaşly çagalaryň pedagogikasynyň, psihologiýasynyň hem-
de aýry-aýry dersleri okatmagyň usullary boýunça gazanylan ylmy
barlaglaryň netijeleri göz öňünde tutuldy.
“Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe
bermegiň Milli maksatnamasynda” düzülende çagalaryň hukuk baradaky
kanunlary, Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” kanunyna esaslandy.
Maksatnamanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
Çagalaryň aňynda kemala gelen şahsyýete mahsus bolan sypatlaryň
başlangyçlaryny, esaslaryny döretmekden;
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
26
Öz kärine, hünärine zähmetsöýer, kalby päk , süňňi halal, dogruçyl,
Watanyň ykdysady we medeni ösüşine zähmeti bilen goşant
goşmaga taýýar adamlary terbiýelemekden;
Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryny-Tugrasyny, Baýdagyny,
Senasyny şeýle hem döwletiň kanunlaryny we düzgünlerini bilýän
olary hormatlaýan we ýerine ýetirýän raýatlyk sypatlaryny kemala
getirmekden;
-Ynsan hukugyna, azatlygyň esaslaryna hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň jar eden düzgünlerine hormat goýmagy
terbiýelemekden;
-Çagnyň ýaşaýan ýurdunyň milli gymmatlyklaryna, diline öz
medeniýetinden tapawutlanýan özge medeniýetlere sarpa goýmagy
terbiýelemekden;
-Maşgala agzalaryna, ene-atalaryna mähir, söýgi, hormat
duýgularyny döretmekden, maşgalanyň maddy we ruhy
abadançylygyny guramaga, ösdürmäge bolan islegleri kemala
getirmekden;
Maksatnamada çaganyň mekdebe çenli ösüşi üç (bäbeklik, irki
çagalyk we mekdebe çenli ) döwre bölünip, her döwürde onuň ýaş
aýratynlygyna mahsus umumy alamatlary beýan edilýär.
Çaganyň jemgyýetde tutýan orny we jemgyýetiň ondan edýän
talaplary;
Çaganyň esasy islegleri we meýilleri, ýagny onuň daşky dünýäden
talaplary;
Çaganyň ösüşinde ilkinji ýyllarynda onuň ösüşinde örän düýpli
üýtgeşmeler bolup geçýär. Çaga ilki bir zady tutmagy, seljermegi
öwrenýär. Şeýlelikde, sözleýiş emele gelip başlar. Üç ýaşyna
baranda arkaýyn gürläp bilýär. Çaganyň hereketleriniň kadaly
ösmegi üçin onuň beden we aň ösüşi hökman kadaly ýagdaýda
bolmalydyr.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
27
Çaganyň dem almagy üçin howanyň gerek bolşy ýaly hereketiň
hem onuň dogry ösmegi üçin zerurlykdygyny, az hereket edýän
çagalaryň, köplenç, hemmetaraplaýyn gowşak we ysgynsyz bolup
çykýandyklaryny lukmançylyk ylymlary nygtaýar. Olar sözleýiş dili,
oýnaýan oýunlary, düşünjeleri taýdan hem öz ýaşdaşlaryndan yza
galýarlar.
Çaganyň herket etmegi diňe bir onuň bedeniň saglygy üçin
ähmiýetli bolman, ol çaganyň aklyny hem ösdürýär, onuň daş töweregini
gurşap alýan zatlara düşünişini, gözýetimini giňeldýär hem-de
çuňlaşdyrýar. Çaga hereketiň kömegi bilen öz aklyny baýlaşdyrýan,
günsaýyn bilimlerini artdyrýa hem-de onuň özüne bolan ynamy artýar.
Dostları ilə paylaş: |