Çaganyň nerwi ulgamynyň ýagdaýyna; ünslüliginiň, ýatkeşliginiň
pikirlenmesiniň ösüşine we ş.m.;
Bilim derejesine we söz baýlygyna; sesi kabul edişiniň, sözleýiş
apparatynyň (gep organlarynyň) hereketiniň ýagdaýyna;
Eme dilini grammatikasynyň çylşyrymlylygyna;
Çaganyň daş-töwerekdäkileriň sözleýiş diliniň grammatikasynyň
ýagdaýyna; çaganyň sözleýşine terbiýeçiniň gözegçiligine.
Okuw ýylynyň başynda terbiýeçi çagalaryň nähili grammatiki
ýalňyşlyklary goýberýändigi bilmelidir. Şu maksat bilen hem ol her gün
çagalaryň sözleýşine syn etmelidir; käbirleri bilen suratlar, predmetler
arkaly sorag-jogap alyşmalydyr.
Dil biliminde “grammatika" sözi iki manyda ulanylýar. Ol
birinjiden sözleýşiň grammatik gurluşyny, ikinjiden bolsa sözleriň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
112
üýtgeýşi we sözlemdäki baglanyşygy baradaky düzgünleriň toplumyny
aňladýar.
Grammatika ylym hökmünde mekdepde öwredilip başlanýar.
Eýýäm başlangyç synplarda grammatikanyň esasy düzgünleri we
kanunlary özleşdirilýär. Mekdep çagalary şol düzgünleri özleşdirmek
bilen adalgalary, kesgitlemeleri öwrenip ýatlaýarlar. Sözleýşi ösdürmegiň
usulyýeti çagalaryň sözleýşiniň grammatik gurluşyny özleşdirmesini göz
öňünde tutýar.
Sözleýşe düşünmek üçin, diňe bir sözleriň manysyna düşünmek
bilen çäklenmän. eýsem bu sözleriň arasyndaky grammatik taýdan
arabaglanyşygyny hem bilmek zerurdyr. Eger çaga sözüň grammatiki
gurluşyna düşünmese, şol sözüň sözlemdäki manysyna düşünmez.
Grammatika - diliň logikasydyr, ýagny sözleýşiň grammatiki gurluşy
özleşdirilende çaganyň pikirlenmesi-de şol bir wagtyň özünde
kämilleşýär. Çaganyň sözleýşiniň grammatiki gurluşyny özleşdirmegi
onuň sözleýiş diliniň, aňynyň ösmegine-de belli bir derejede täsir edýär.
Çagada sözleýşiň grammatik gurluşy irki ýaşdan kämilleşip başlaýar.
Eýýäm 3 ýaşly çagalaryň sözleýşinde sözleýşe mahsus bolan söz
toparlary esasy grammatiki kategoriýalary bolýar. Bu ýaşdaky çagalar
ulular, deň- duşlary bilen gürleşenlerinde gysgajyk sözlemleri ulanmagy,
sözleri ýöňkemede, sanda üýtgetmegi başarýarlar. Bu ýaşda sözleýiş çaga
üçin esasy aragatnaşyk serişdesi bolup durýar. Ýöne bu entek ýeterlik
derejede kämilleşmedik sözleýişdir Çaga ýönekeý, goşma sözlemleri
emele getirmegi (sintaksis); sözleri sanda, ýöňkemede, täze sözleri
ýasamagy hem öwrenmelidir
Ýörite saýlanyp alnan öwrediji oýunlaryň, ýumuşlaryň üsti bilen
geçirilýän sözleýiş sapaklary grammatiki endikleri, başarnyklary
berkleşdirmäge has-da kömek edýär.
Çagalaryň hemmesinde sözleýşiň grammatiki gurluşynyň ýagday
deň derejede bolmaýar. Munuň sebäbi şulara baglydyr:
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
113
Dostları ilə paylaş: |