MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
134
Ýagyş ýagýandygy sebäpli, ejem saýawanyny aldy.
Çagalar mazmunly suratlar boýunça eýerjeňli
goşma sözlem
düzýärler. Terbiýeçi çagalara ugrukdyryjy soraglary ("Näme üçin",
"Näme sebäpden?" we ş.m. ) berýär. Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-
da (irki maşkda, gezelençde we ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini
ösdürmeklige üns bermelidir. 5-6 ýaşly çagalarda çeper edebiýata, halk
döredijiligine gyzyklanma döretmek, goşgyny labyzly äheňde aýtmak,
çeper eseriň mazmunyny özbaşdak, yzygiderli gürrüň bermek
öwredilmelidir. Çagalara öz ene dilini ýürekden söýmegi, hormatlamagy
öwretmek hem möhümdir.
"Böwenjik", “Aldanan möjek", "Ýartygulak", "Akpamyk", "Tilki
we geçi", “Ejekejan", “Eşek, horaz we tomzak", “Möjek we ýedi owlak"
ýaly ertekiler çeper edebiýata bolan
gyzyklanmany ösdürmek bilen
çagalaryň sözleýşiniň hem ösmegine ýardam edýär.
Çagalar baglarynda terbiýe bermegiň hemme usullary çaganyň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmeklige gönükdirilendir,
şeýle- de özbaşdaklygy, tutanýerliligi, işjeňligi şahsyýete mahsus kemala
gelmegine ýardam etmelidir. Bu meseleleriň amala aşmagy üçin dürli
terbiýeçilik işlerini kompleksleýin peýdalanmak zerurdyr. Oýunlar we
gyzyklanma çäreleri çagalar bagynda-da, maşgalada-da çaganyň
aýrylmaz hemrasydyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalar dürli oýunlary
oýnamagy gowy görýärler:
hereketli didaktiki, döredijilikli oýunlar.
Terbiýeçi bu oýunlary çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini
üpjün etmekde peýdalanyp biler. Oýunlary, esasan, açyk howada
geçirmek peýdalydyr.
Oýunlar, gyzyklanma çäreleri, maşklar çagalaryň hereketleniş
işjeňligini ösdürýär. Köpçülikleýin oýunlaryň
pedagogik gymmaty
çagalaryň biri-birine bolan hoşniýetli, dostluky gatnaşygyny ýola goýýar.
Biri-birinden öwrenmek
-
bu çaganyň ösüşiniň zerur şertleriniň
biridir. Geçirilýän çäreler estetik terbiýäni hem öz içine alýar. Estetiki
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
135
terbiýe estetiki döredijiligiň ösüşidir. Her
bir çaga öz mümkinçiligine
görä, her bir estetiki gymmatlygy döredijidir. Jaý gurmak bilen ol
arhitektorlyk ukybyny, surat çekmek, ýasamak
bilen çeper nakgaşlyk
ukybyny görkezýän bolsa, tans-aýdym bilen meşgul bolup edýän
hereketleri - bir söz bilen aýdanyňda, çaganyň çeper döredijiligidir.
Çaganyň döredijiligine özbaşdak çeper işjeňlik diýip hem düşünmek
bolýar. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler şol özbaşdak çeper işjeňligiň
döremegine ýol açýar.
Kiçi ýaşly çagalar bilen işlenilende çagalaryň aýdylýan zada
düşünmegine üns berilýär. Uly ýaşly çagalaryň özbaşdaklykda sözi
üýtgetmegi, täze sözýasamagy, sözlem düzmegi göz öňünde tutulýar.
Berilýän ýumuşlar çaganyň ýaş aýratynlygyna görä çylşyrymlaşdyrylyp
bilner.
Mysal üçin, kiçi ýaşly toparda çagalar predmetleri dogry
atlandyrmaly bolsa, uly ýaşda eýýäm predmeti toparlamagy we
umumylaşdyrmagy başarmalydyr.
Dostları ilə paylaş: