MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
139
saklamagyň bir görnüşidir.
Dialogik sözleýişde dogry sorag düzüp bilmegi. jogap bermegi,
söhbetdeşiň gürrüňiniň üstüni ýetirmegi, düzetmegi, öz pikiriňi aýtmagy
başarmaklyk esasydyr.
Gepleşik arkaly çaganyň işjeňligi artýar.
Gepleşik diňe bir sapakda däl-de, eýsem sapakdan daşarda hem
geçirilýär.
Sapak okadylanda, okuwçylar bilen krosword çözmek, tapmaçalara
jogap bermek, klasterleri doldurmak, dialog gurmak ýaly gönükmeler
işledilse, olar ýerine ýetirilende, interaktiw usullardan we multimedia
serişdelerinden giňden peýdalanylsa, oňyn netije berer.
Sapagyň öý işini soramak döwründe, dürli usullardan peýdalanmak
arkaly , okuwçylaryň sapagy özleşdirişlerini anyklamak bolar.
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi.
Heýjanelek, janelek,
Çagalar oýnara geldi
Ös, saçym, ös,
Ösmeseň bes
Atyma duşak
Bilime guşak
Hödürlenjek ýumuşlaryň şertlerini slaýtlarda taýýarlamak, sapagy
tehniki taýdan üpjün etmek bilen bir hatarda, çagalaryň ýumuşlara aýdyň
düşünmeklerine mümkinçilik döreder. Ertekiler geçilende bolsa, olary
çagalara ses berdirmek arkaly sahnalaşdyrmak hem bolar.
Dostları ilə paylaş: