Ene diliniň orfoepiýasynyň kadalaryna laýyklykda edebi
dilinde sözleri aýtmagy öwretmek.
Labyzly sözleýişi terbiýelemek (sözleýişde gerekli ýerinde
säginmek, sazlaşykly, belli bir depginde gürlemek arkaly öz pikirleriňi
dogry beýan etmegi öwretmek).
Terbiýeçide sözleýiş dilindäki esasy kemçilikler (sözüň burna salyp
aýdylmagy, sakawlama) barada düşünje bolmalydyr kemçiligiň öz
wagtynda yüze çykarylyp, çaganyň dil düzediş mugallymyna
ugradylmagy' dogry sözleýşi kämilleşdirmäge kömek edýär.
Mekdebe taýýarlanyş toparynda sowat öwretmek sapagy boýunça
çagalary Sözüň ses gurluşy bilen tanyşdyrmak esasy wezipeleriň biridir.
Uly ýaşly topardaky çagalarda hem sözüň ses gurluşy barada ilkinji
düşünjeleri bolmalydyr, sebäbi sözüň ses boýunça derňewi öwretmegiň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
143
öz yzygiderliligi bozulmaly dällir.
Sözi ses boýunça derňemeklik sesiň sözdäki ornuny, gurluşyny
kesgitlemegiň öz içine alýar. Sözdäki sesler bilen çagalar eýýäm orta
toparda goşgularyň, ýomaklaryň üsti bilen tanyşýarlar. Sözleýişi
ösdürmek sapagynda çagalar sözlem ses boýunça aýdylyş tertibini (çalt,
haýal, uzyn, gysga, gaty, ýuwaş) öwrenýärler.Bu hem çagalara ses
boýunça sözleri derňemäge ýardam edýär.
Ilki bilen çagalara ses barada düşünje bermeli. Bir predmet bilen
stoluň üstüne ursak ses eşdilýär, saz guralyndan hem ses çykýar. Biz
gepleşýäris, ol birnäçe seslerden ybaratdyr.
Sözleýiş medenýeti - bu dilin ähli ugurlaryny (ses aýdyşy, labyzly
äheňi, söz baýlygyny, sözleýiş grammatik gurluşyny) dogry ulanmagy
başarmaklykdyr.
Sözleýşiň ses medeniýeti, sözleýiş medenýetiniň bir bölegidir.
Gepleýiş organlaryny hereketlendirip ses çykarmak işi örän kyn we
dowamly. Mekdebe çenli ýaşly çagalar ony töweregidäki adamlar bilen
gürleşenlerinde öwrenýärler. Egerde çagalar kada laýyk, dogry gepleýän
adamlaryň arasynda ösüp kemala gelse, olaryň dogry sözleýşi
özleşdirmegi örän aňsat bolýar. Munuň tersine nädogry sözleýşi diňlese,
olaryň dogry geplemegi kynlaşýar. Çagalar bagyndan mekdebe barýan
çagalaryň sözleýiş dili kämilleşen bolmalydyr. Ene dilini öwretmegiň
esasy meseleleriniň biri ham arassa we dogry ses aýdyşy terbiýelemekdir.
Sözdäki sesleri dogry aýtmaklyk sowaty oňat özleşdirmegiň esasy bolup
durýar. Çagalar 5 ýaşynyň soňunda arassa gepläp bilýärler. Çagalar
bagynda terbiýelenýän çagalar ýedi ýaşyna ýetende okamagy we
ýazmagy öwrenip başlanda arassa dogry geplemegi özleşdirmelidirler.
Mekdepde ses aýdylşy bozulan çagalar, köplenç, ýagdaýda, bilim
almakda kynçylyk çekip, gowşak okaýan çagalaryň hatarynda bolýarlar.
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek ene dilindäki sesleriň
artikulýasiýasyny dogry özleşdirmegi, sesleri dogry aýtmagy, sözleri we
sözlemleri düşünikli we aýdyň sözlemegi, gepleşikde dogry dem
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
144
aýtmagy, sesiň güýjini (çala-ýuwaş, batly) ýeterlik derejede ulanmagy
başarmagy, kadaly depginde (tempde), labyzly gürlemegi öz içine alýar.
Dostları ilə paylaş: |