Sözüň manysy çagalara tanyş bolmaly.
Ýönekeýden çylşyrymlaşdyrmaklyga geçmeli.
Gepleýäniň kimdigini görmän,kimdigini tanamak boýunça
geçirilýän oýunlar( “Kim çagyrýar?”, “Kim adyňy aýtdy?”) hem çaganyň
eşidiş ünslüligini ösdürmäge ýardam edýär.
Fonematik eşidiş
(sesi tapawutlandyryp eşitmegi)-bu bir sesi
beýleki sesden tapawutlandyrmak ukybydyr. Şoň esasynda-da sözler
manysy boýunça bir-birden tapawutlandyrylýar (ot-at,meýdan-Merdan,
daş-diş).
Sözleýşiň depgini we sazlaşygyny kabul etmek-
bu sözi dogry
eşidip,sözüň bogun gurluşyny belli bir depginde sazlaşykly aýtmagy
başarmak.
Sözleýşiň
eşidişiniň
oňat
ösenligi
sesiň,sözüň,sözlemiň
aýdyň,dogry aýdylmagyna,şeýle-de sözüň sazlaşykly,belli bir depginde
aýdylmagyna ýardam edýär.
Ene dilindäki sesleri dogry aýtmak çagalar bagynda doly derejede
kämilleşdirilýär. Çaganyň gep agzalarynyň hereketiniň ýeterlik derejede
ösenligi,kadaly sözleýiş dem alyşynyň bolmagy,oňat sözleýiş eşidişi-
sesleri ogry aýtmagyň esasy bolup durýar.
Ses aýdylyşynyň bozulmagy sözleýiş apparatynda kemçiligiň gaty
we ýumşak kentlewügiň açyk (bölünen ) bolmagy, dil asty sapajygyň
gysga bolmagy gep agzalaryny hereketiniň,sesi tapawutlandyryp
eşitmekligiň ýeterlik derejede ösmedigine bagly bolýar.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
154
34.
Çagalara sesleri dogry aýdyp bilmegi öwretmek baradaky
meşgullanmanyň gurluşy.
Çagalara sesleri dogry aýdyp bilmegi öwretmek
Sesleri dogry aýdyp bilmekde guralýan sapaklar.
-Hormatly Prezidentimiz:
Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil derejede
bilmekleri üçin yzygiderli tagalla edýär. Bu ugurda ýörite “
Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň
konsepiýasy ” kabul edildi. Bu möhüm ähmiýetli resminamada
kesgitlenen wezipeleri okuw işinde amal edip, okatmagyň innawasion
usullaryndan peýdalanýarys we okuwçylara berilýän bilimiň hilini
yzygiderli ýokarlandyrýarys.
Çagalaryň sözleýşiniň ösüşiniň ýaş aýratynlygyny göz öňüne tutup,
ses medeniýetini 3 etapa bölmek bolar:
1 ýaş 6 aýdan 3 ýaşa çenli döwri öz içine alýar, bu döwürde
çaganyň gündeki ulanýan sözlügi çalt depginde ösýär Çaga aýdylýan sözi
öýkünmek arkaly gaýtalamaga synanyşýar. Sözleýşiň ses medeniýetini
terbiýelemek işi, esasan hem, ses meňzetmelerini ulanmak arkaly amala
aşyrylýar.
Bu etapda terbiýeçi aýtmasy aňsat bolan sesleri berkidip, sözüň
dogry we aýdyň aýdylmagyna-da üns berýär. Munda gaýtalamak usuly
ulanylýar: terbiýeçi ses meňzetmelerini, sözleri aýdýar, çagalar
gaýtalaýarlar. Oýnawaçlaryň, suratlaryň ulanylmagy' uly ähmiýete
eýedir.
3 ýaşdan 5 ýaşa çenli aralygy öz içine alýar. Bu ýaşda çagalarda
sözleriň fonetik we morfologik taýdan gurluşy kämilleşär. Yşgalaň
sonorly sesleri dogry aýtmak üçin gep agzalarynyň ýerine ýetirmesi has
kyn bolan hereketleriň üstünde işlemek işi dowam etdirilýär. Terbiýeçiniň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
155
sözleýşi çaga üçin nusga bolup, goşgy, tapmaça öwrenmeklige, gürrüň,
dürli görnüşli öwrediji oýunlary geçirmeklige üns berilýär.
5 ýaşdan 7 ýaşa çenli aralygy öz içine alýar (uly we mekdebe
taýýarlaýyş toparlar), ýagny sözleýişdäki sesiň doly kämiUeşýän
döwrüdir. Terbiýeçi çaganyň aýdylyşy boýunça golaý bolan sesleri
tapawutlandyryp eşitmeklerine üns bemteli Bu etapda öwrediji oyunlar,
giirrüň bennek, aýdyp bennek, ýat tutmak we beýleki usullardan
peýdalanmak bolar Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýeleniekde her
çaganyň sözleýiş ösiişiniň ayrat\nlyg\na- da üns berilmelidir.
I ýaş 6 aýlykdan 3 ýaşa çenli çagalaryň sözleýşiniň ses mede-
niýetini terbiýelemek (I etap.) Bir ýarym ýaşdan 3 ýaşa çenli aralykda
çagalaryň sözleýşe düşünmegi, söz baýly'gynyň artmagy çalt depginde
bolup, sözleriň gurluşy kämilleşip başlaýar Olar ilki ses düzümlerini,
sözleri, soňra bolsa ýönekeýje sözlemleri, sadaja goşgulary goşulyp
bilýärler. Eger çaga 2 ýaşynda 2-3 sözden ybarat bolan sözlemleri aýdyp
bilýän bolsa, 3 ýaşynyň ahyrynda 3-5 sözden ybarat sözlemleri düzärler.
Bu döwrüde diňe bir ulular bilen däl, eýsem deň-duşlary bilen hem özara
gürleşip bilýärler.
Bu döwürde çagalaryň sozleýşiniň ses ugurlary hem ösýär.
(artikulýasion apparatynyň, ses aýdyşyň. eşidiş ünslüliginiň ösmegi)
Çagalaryň sözleýişiniň gowy, dogry, aýdyň, labyzly bolmagy üçin olaryň
irki ýaşyndan başlap sözleýşiniň ses medeniýetini terbiýelemek zerurdyr.
Sözleýşiň ses medeniýetini kämilleşdirmeklik ulularyň çagalar
bilen hemişe, yzy'giderli gürrüňdeş bolup durmagyna baglydyr. Çaganyň
sesi dogry kabul etmekligini, gep agzalarynyň hereketini ösdürmek,
berkitmek bu etapyň esasy wezipesidir.
Munda belli bir sesleriň topary, esasanam ýönekeýje ses toparlary
alynýar: çekimliler (a, u, o, /) dodak (/). h, m, m\J), yzky kentlewük (k, g,
h), dil ujy-diş düýbi (/, d. //). 2 ýaşdan soň artikulýasiýasy boýunça has
çylşyrymly ses toparlary alynýar (r, y, f, ç). Ýöne 3 ýaşly çaganyň sesleri
dogry aýtmagy hökmany däl Sesleri dogry aýtmaklyk ýuwaş- ýuwaşdan,
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
156
sapaklar yzygiderli geçirilende 5-6 ýaşda amala aşyrylýar.
Sesi dogry aýtmakda ulanylýan ses meňzetmeleri çaganyň ýaşyna
görä çylşyrymlaşdyrylýar. Terbiýeçi gerekli bolan ses meňzetmelerini
oýunlarda, goşgularda, hekaýalarda ulanmagy başarmalydyr.
Terbiýeçi möjegiň, atyň, geçiniň suratyny görkezip, haýwanlaryň
berýän seslerini aýdýar, çagalar ses meňzetmelerini gaýtalaýarlar. Bu ses
meňzetmeleriniň ýuwaş-batly edip gaýtalanmagy sesiň güýjüniň
kadalaşmagyna-da kömek edýär.
3-5 ýaşly çagalaryii sözleýşiniň ses inedeniýetini ösdiirniek (II
etap) Çagalaryň sözleýşi 3-5 ýaşaralygynda hem ösmegini dowam
etdirýär. Bu ýaşda çagalaryň sözlügi artyp, kämilleşýär Çagalar sözleri
manysyna görä ulanýarlar. Olar sözleýşi grammatik taýdan dogn ulanyp.
uly bolmad>'k ertekileri, gümiňleri we suratlary belli biryz>'giderlilikde,
oýianyşykly gürrüň berip başlaýarlar. Çagalaröz ene diliniň köp seslerini,
sözleri, sözlemleri aýdyň aýdyp, öz sözleýiş depginine üns berip
başlaýarlar.
Eger 3 ýaşyndaky çaga käbir sesleri (z, ş, ž, r. ç) ýeterlik derejede
dogry aýdyp bilmeseler. şol sesleri berkidip başlamaly däl, sebäbi entek
ýeterlik derejede dogry aýdylmaýan sesleriň şol ýagdaýda berkemegi
mümkin.
Sesi dogry aýtmaklyk gep agzalaryny sesi dogry aýtmaklyga
taýýarlamagy, aýratynlykda aýdylýan sesi kesgitlemegi, şol sesi beýleki
seslerden tapawutlandyrmagy, dogry aýdylýan sesi sözde, sözlemde
berkitmegi öz içine alýar.
Çaga gep agzalarynyň hereketini aýnada görmek bilen, hereketi
ýerine ýetirende olaryň dogry ýerleşişini hem duýmalydyrlar.
Köpçülikleýin oýunlaryň pedagogik gymmatlygy çagalaryň biri-
birine bolan hoşniýetli, dostlukly gatnaşygyny ýola goýýanlygydyr. Biri-
birinden öwrenmek - bu çaganyň ösüşiniň zerur şertleriniň biridir.
Çaganyň daş-töwerek bilen tanyşlygyny toparyň içinde-de, bagyň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
157
meýdançasynda- da ýa-da ondan daşary hem geçirmek bolar. Gezelenç
munuň özi daş- töwerek bilen tanyşdyrmak, gözelligi görüp, duýup
bilmek endigini edinmekdir. Gözelligi görmek her adamda birhili bolýar.
Käbir adamyň şolbada gözüne ilýär, käbir adam bolsa şol bir zady diňe
aýdylandan soň görüp, duýup galýar. Gözellikler, geň-enaýy
zatlarçaganyjoşduryar, sözleýşini has hem işjeňleşdirýär, çünki çagalar
gören zatlaryna öýkünmegi gowy görýärler, biri guşjagaza öýkünse,
başga biri pişige öýkünýär. Daş-töweregiň gözelligi çagada ýakymly
duýgyny döredýär.
Çaga sözleýişi onuň daşgy durmuşy bilen bagly bolup, üç
funksiýany ýerine ýetirýär.
Daşgy dünýäniň hadysalary hakyndaky bilimler, göz öňüne
getirmeler, düşünjeler kanunlar we taglymatlar aňyň mazmunyny
düzýärler.
Akyl ösüşi adamyň durmuşynda, işinde duýan meseleleri
çözmegine, maksatlaryna ýetmegine, işlerine üstünlikli ýerine
ýetirmekligine hyzmat edýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
158
Dostları ilə paylaş: |