Arkadagym bar
Belent bolsun mertebäň,
Adyň dolsun äleme.
Siz nurana Gün bolup,
Nur saçýaňyz ilime.
Türkmenistan Diýarda
Bir bagtyýar çagym bar.
“Döwlet adam üçindir!”
Diýýän Arkadagym bar.
Beýik-beýik binalaň
Göge düşýär ýalkymy.
Bagtyýarlyk döwrümiz
Galkyndyrýar halkymy.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
148
33.
Sözleýşiň ses medeniýetini öwretmek barada düşünje.
Medenýetdillik sözleýişiň bir görnüşidir.
Çeper sözlüligi öwretmek.
Terbiýeçi her bir çaganyň sesleri aýdyşynyň öz aýratynlyklaryny
bilmelidir
Terbiýeçi ertirlikden öň ýa-da günüň ikinji ýarymynda, haçan-da
toparda çaga az bolan wagtynda çaga bilen aýratynlykda gürrüňdeş
bolanda çagalaryň ses aýdyşyny barlaýar.
Belli bir çekimsiz sesiň sözüň dürli ýerinde (başynda, ortasynda,
ahyrynda) gelen sözleri ulanmak arkaly çagalaryň ses aýdyşy barlanylýar.
Meselem: “Ş" sesli sözlere mysallar
Şa
•
şagal
•
ýowşan
•
şah
•
şaha
•
şaly
Şo
•
şor
Şy
•
bagşy
•
şygyrş
•
ýaşyl
•
yşyk
•
şypbyk
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
149
Şe
•
şemal
•
şeker
•
eşek
•
çebşek
• çüýşe
Şi
•
şir
•
şitil
•
işik
•
pişik
•
käşir
Şö
•
şöhle
Şä
• şäher
Şü
•
şüle
Iş
•
diş
•
işçi
•
çebiş
äş
•
bäş
Üş
•
köwüş
Öş
•
döş
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
150
Terbiýeçi surat görkezip, çagadan suratda görkezilen zadyň adyny
aýtmaklygyny soraýar. Eger-de çaga bilmese, terbiýeçiniň özi aýdyp,
soňra çaga gaýtaladýar.
Kiçi ýaşly topardaky çagalara adamyň beden agzalaryny aýtdyrmak
bilen, çaganyň ses aýdyşyny barlamak bolar (el, aýak, burun, barmak,
dyrnak, kirpik we ş m).
Ses aýdyşyny barlamak çaga bilen gürrüň geçirmek, kiçi ýaşly
çagalar bilen bolsa oýun görnüşinde amala aşyrylýar.
Topardaky hemme çagalaryň ses aýdyşy okuw ýylynyň başynda
barlanylýar. Birinji gezekde barlanylanda ses aýdyşynda kemçiligi bolan
çagalar ýylyň dowamynda barlanylýar.
Çaganyň ses medenýetini ösdünnek boyunça ýokarda aýdylýan
usullary peýdalanmak oňat netije berýär Bu usullar dogry alnyp barlanda,
mekdebe çenli ýaşda çagalar sesleri dogry aýdyp bilýärler. Eger-de 5-6
ýaşly çaga käbir sesleri dogry aýdyp bilmese, onuň bilen aýratyn iş
Uş
•
guş
•
baýguş
Oş
•
goştorba
•
älemgoşar
Aş
•
gözýaş
Yş
•
pyşdyl
•
nagyş
•
ýagyş
•
gamyş
•
gyş
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
151
geçirmeli. Aýratynlykda geçirilýän işiň yzygiderligi şeýle: ilki bilen
terbiýeçi sesi aýdanda çaganyň ses apparatynyň hereketine ünsli
seretmegini, aýdylýan sesi ünsli diňläp. soňra ony gaýtalamaga-
synanyşmagyny talap edýär. Haçan-da çaga sesi dogry aýdyp başlanda,
terbiýeçi şol sesi başga sesler bilen birlikde, şeýle-de şol sese degişli
sözleri, goşgulary berýär, ýörite saýlanyp alnan suratlar boýunça gürrüň
etdirýär. Eger-de bu işler öz netijesini bermese, çagany logopede (dil
düzediş mugallymyna) görkezmelidir
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemek işi ene diliniň ähli
sapaklarynda- da göz öňünde tutulýar Terbiýeçi sapakda surat boýunça
işlände çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak, baglanyşy'kly sözleýşi
ösdürmek bilen bir hatarda oňat diksiýany-da terbiýeleýär Beýleki
sapaklarda hem eşidiş ünslüligine, kadaly dem alşa sesiň dogry
aýdylmagyna, labyzlylyga üns berilýär.
Sözleýşiň ses medeniýetini terbiýelemekde saz sapaklarynyň
äluniýeti uludyr Çaganyň sazy diňlemegi. saza goşuly p hereket etmegi
çaganyň eşidiş ünslüligini, sözleýşiň kadaly dem alşyny, depginini,
labyzlylygy ösdürýär.
Terbiýeçi sapakdan daşary wagtda-da (irki maşkda, gezelençde we
ş.m) sözleýşiň ses medeniýetini ösdürmeklige üns bermelidir.
Sözleýşiň ses medeniýeti bu aýdylýan pikiriň mazmunyna görä
sözleýşiň hemme talaplaryny berjaý edip beýan etmekdir, ýagny hemme
sesleri ýerli-ýerinde goýup, intenasiýa boýunça hem-de grammatikanyň
hemme talaplaryny berjaý etmegine aýdylýar. Terbiýeçiniň öňünde
durýan ilkinji wezipeleriň biri çaga dil çykyp başlandan aýdýan sözlerini
dogry aýtmagy, ýagny hemme sesleri ýerli-ýerinde öz aýdylyş basymy
boýunça çaga ilkiden nädogry öwrenip gitse, soň hem şoňa öwrenip
gidýär. Meselem: şu wagta çenli köp adamlar, mugallym sözüni basymy
boýunça dogry aýtmagy başarmaýarlar. Sözleýşiň ses medeniýeti
diýlende, diňe gepleşikdäki hemme sesleri dogry aýdyp bilmek däldir,
oňa düşnükli, howlukman intonasiýa boýunça gürrüň etmek degişlidir.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
152
Ýaňy dil çykyp ugran çagalar gepleşikdäki käbir sesleri (r, s, ş, ž we ş.m.)
dogry aýdyp bilmeýärler. Olar bilen ýörite iş geçirilýär. Gerek bolsa dil
düzedişe ýüz tutulýar. Durmuşda käbir çagalar öz pikirlerini beýan etjek
bolup, örän howlugyp gepleýärler. Netijede olar pikirlerini dogry aýdyp
bilmän sakynýarlar. Çagalaryň sakynyp geplemekleriniň başga sebäpleri
hem bardyr. Ol kelle beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Munuň ýaly
çagalar bilen ýörite dil düzedijilere, lukmanlar bilen iş salyşýarlar.
Durmuşda çagalarda, ulularda aýdylýan pikiri (sözlemi) soňuna
degişli äheňinde aýtmaýarlar, ýagny olar sözlemiň soňky sözlerini iýip,
galýarlar. Bu işlerini düzetmek sözleýşiň ses medeniýetine degişlidir.
Durmuşda çagalar bir zady gürrüň edenlerinde dem almaly
ýerlerini doly bilmeýärler, käbir pikirleri bir demde aýtjak bolýarlar.
Netijede käbir sesler, sözler eşidilmän galýar. Soňra sözlemiň manysy
ýitýär, äheňi bölünýär.
Çagalara ses medeniýetini öwretmek üçin olara aýdylýan sözleri,
sesleri gowy eşitmekligi, ünsli bolmaklygy öwretmeli.
Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi dowam edýär. Çaganyň ses
çykaranynda käbir sesleri aýtmagynda özbaşdaklyk peýda bolýar. 3,4
aýlyk çaga bogazdan peýdalanyp ses çykarýar. 5 aýlykda uzyn çekimli
sesleri aýdyp başlaýar. A-a-a, u-u-u ... 5-6 aýlykda bölek-bölek bogunlary
aýdyp bilýär. Meselem, bi-bi-bi, ma-ma.
Terbiýeçi çaganyň sözleýşi,esasan hem,sözdäki sesi çalt we dogry
kabul etmegi üçin ses eşidişini ösdürýär.
Gepleýiş sesini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň ähmiýeti uludyr.
Gepleýäne seretmän diňe pyşyrdyny eşitmek.
Bu oýunlar (“Men näme didim,hany bil?”) sözleri dürs,dogry aýdyp
bilýän çaga ýa-da terbiýeçi tarapdan geçirilip bilner.Çagyrylan çaga
terbiýeçiniň aýdanyny gaýtalaýar.
Şeýle oýunlary geçirmek üçin sözler saýlanyp aýlanda şulara dürs
üns bermeli:
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
153
Dostları ilə paylaş: |