Agahan Durdyýewiň ömri we döredijiligi (1904-1947) Terjimehal maglumatlar. Türkmen prozasynyň irki wekilleriniň biri Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda garyp maşgalada dogulýar.
Bary-ýogy iki ýaşyny dolduranda ata-ene mährinden mahrum bolan Agahanyň çagalyk döwri öz agalarynyň we aýal doganynyň elinde geçýär. Ol güzeranyny dolandyrmak, garyp agalaryna kömek bermek maksady bilen 17 ýaşyna ýetýänçe öz obasynda çopançylyk edýär.
Agahan Durdyýew 12-13 ýaşlaryndaka sygyr copanlygynyň dasyndan bir oba mollasyndan geldi-geçer sapak alýar.
Ýöne ol esasy sowadyny obada açylan likbezde alypdyr. Geljekki ýazyjy 1921-nji ýylda Mary şäherindäki türkmen döwlet magaryf institutyna okuwa girýär. 1923-1927-nji ýyllarda Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetinde okaýar.
Ýazyjy uniwersiteti gutaryp, ilki «Ýaş kommunist» gazetinde, soň (1928-1931) «Tokmak» žurnalynyň redaksiýasynda jogapkär kätip bolup işleýär.
Ýazyjy edebi döredijilik işine Daşkentde okap ýören ýyllary baslaýar.
A.Durdyýew 1931-1935-nji ýyllarda dürli gazetlerde jogapkär kätip wezipesinde işleýär. 1933-nji ýylda ýazyjynyň «Zarpçylar tolkuny» atly hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär.
A.Durdyýew 1935-1946-njy ýyllar aralygynda «Tokmak» žurnalynda jogapkär kätip, 1931-1946-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň kyssa bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär.
Agahan Durdyýew 1942-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Aşgabatdan Tejene göçüp gidýär we ömrüniň ahyryna çenli öz obalarynda ýasaýar.
Ýazyjy 1947-nji ýylyň maý aýynyň 12-sinde 43 ýaşynda biwagt aradan cykýar.
Döredijilik häsiýetnamasy.Metbugatda onuň ilkinji hekaýalary 1925-nji ýyldan baslap peýda bolýar. Emma ýazyjy hökmünde ony köpçülige tanadan hekaýalary 1927-1928-nji ýyllara degislidir. Bu ýyllarda onuň «Bal tutan barmagyny ýalar» (1927), «Hyýal derýasynda» (1927), «Bürgüt penjesinde bir gözel» (1928), «Annagözel hak-hukugynyň üstünde» (1928), «Bagtly gyzlar» (1928) ýaly hekaýalary çap edilýär.
A.Durdyýewiň «Ýapon soldaty» we «Lotta Şuls» powestleri halkara temasyna bagyşlanan eserleridir. Ýazyjynyň «Ýapon soldaty» powesti ýapon imperialistleriniň basybalyjylykly syýasatyny paş etmeklige, ýerli halkyň aňynda ýüze çykan rewolýusion duýgulary görkezmeklige bagyşlanypdyr. Powestlerde birnäçe kemçilikler bar bolsa-da döwrüň aktual meselelerini öz içine alýan bu eserler A.Durdyýewiň döredijilik tematikasynyň barha ginelýändiginiň nyşanydy.
Agahan Durdyýew türkmen edebiýatynda irki dramaturglaryň biri hasaplanýar. Onuň ilkinji pýesalaryny 1925-nji ýyllarda ceper höwesjeňler sahna çykarypdyrlar. Ýazyjynyň «Maskaly adam», «Zaçýot» (1938), «Pul», «Kim günäkär?» (1936), «Acar» (1940) pýesalary ençeme ýyllar çeper höwesjeňleriň çykyşlarynda, teatr sahnalarynda tomasaçylaryň söýgüsini gazandy.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Agahan Durdyýew saglygynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan, beýleki ýazyjylar ýaly, halky Watan goragyna cagyrýan, watançylygy wasp edýän «Serdar aganyň ogullary» (1941), «Watançy çopanlar», «Garrynyň hekaýalary», «Watanyň gahrymanlary» (1942) ýaly hekaýalaryny, «Partizan gyz» (1942) pýesasyny, «Deputat» (1942) oçerkini ýazdy.
Ol bu döwürde has öndümli işläp, «Meret», «Bagtly ýigit», «Bally molla» ýaly görnükli kyssa eserlerini ýazýar.
Agahan Durdyýew ömrüniň ahyrynda «Han küýli» (1946) diýen satiriki hekaýasyny ýazdy.
«Han küýli» hekaýasy Agahan Durdyýewiň şowly eserleriniň biridir. Bu hekaýasynda ýazyjy ýaltalygy ýazgarmagy niýet edinipdir.
Han küýli oba adamy. Onuň ýaltalyk keseli bar. Ýazyjy hekaýasynda şeýle ýaltanyň oba adamlary tarapyndan terbiýelenilişini görkezmegi maksat edinýär.
Ýazyjy Han küýliniň häsiýetiniň ösüşini görkezmek, hereketlerini suratlandyrmak bilen, onda zähmete yhlasly ýapyşmak ýaly çemeleşmäniň döräp ugrandygyny teswirleýär.
A.Durdyýewiň öz döwründe uly abraýa eýe bolan, okyjylaryň gyzyklanmalaryny gazanan «Bagtly ýigit» powestinde goşun gullugynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, täsiri açylyp görkezilýär.
Powestiň bütin dowamynda Berdi aga bilen Aknabat ejäniň çagalykdan läliksiredilen ýekeje ogly Annagulynyň körpelikden öýli-işikli ýigit bolýan döwrüne çenli başdan geçirenleri öz beýanyny tapypdyr.
Annaguly başda özüni oňarmaýan nalajedeýin oglan hökmünde göz öňüňe gelýär. Bu hili bolşy onuň ýabylaryny suwa ýakmaga gidişi, ýetginjek wagtynda Jumajyk bilen awa gidişi, pagta ýygymyna hemmeden giç barşy, az ýygşy, ýigit ýeten wagtynda sawçylaryň öňünden geçişi baradaky aýry-aýry gyzykly wakalarda teswirlenip görkezilýär. Annaguly ýetginjek hem-de ýigit ýeten döwründe-de işlemegiň, durmuşda özüni alyp barmagyň ugruny bilenok. Munuň üstesine-de, ol ýalta. Bu hakykaty onuň günortana çenli çişip ýatyşy, yraň-daraň edip, arkaýynlyk bilen pagta ýygyşy baradaky epizodlar doly subut edýär.
Annaguly sölpüligi, ýaltalygy bilen oba adamlarynyň agzyna, diline düşýär. Seýle bolansoň, ata-enesi her näçe jan etseler-de, obanyň gyzlaryndan Annagula gelinlik tapyp bilmeýärler.
Annagulynyň goşun gullugyna çagyrylýan ýerini eseriň öwrülişik nokady hasaplamak bolar.
Ol goşun hatarynda gulluk edýän wagtynda häsiýet, düşünje taýdan-da, fiziki taýdan-da terbiýelenýär. Goşun gullugy onuň üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolýar.
Mundan öň, ata-enesiniň, başgalaryň gyjalatly geplerinden halys bolan Annagulynyň özi goşun terbiýesini alyp, düzelmegi ýüregine düwýär. Şonuň üçin ol öz kemçiligi barada ýoldaşlarynyň-da, serkerdesiniň-de berýän duýduryşlaryny ak ýürek bilen kabul edýär. Ine, şu zatlaryň hemmesi Annagulynyň özgermegine getirýär.
Birwagtlar nalajedeýin, ýalta, sölpi hasaplanyp, obada gyz berilmedik Annaguly goşun gullugyndan obasyna täze adam bolup gelýär. Onda goşun gullugynda terbiýelenen gowy häsiýetleriniň birnäçe taraplary ýüze çykýar. Annagulynyň durmuşa, maşgala gurmaga bolan garaýyşlary-da kämilleşýär.
Eserde gahryman baradaky pikirini ýazyjynyň gönümel aýdyp, gahrymany häsiýetlendirmegi has primitiw ýagdaýa getirýänem bolsa «Bagtly ýigit» powesti gahrymanyň häsiýetiniň ösüşini wakalaryň jümmüşinde göz öňüne getirmekde öz döwri üçin uly hadysa bolupdy.
A.Durdyýewiň „Bally molla―, „Meret― ýaly powestleri hem türkmen edebiýatynyň taryhynda öz mynasyp ornuny tapdy.
Ýazyjynyň «Bally molla» hekaýasynda ýaramaz gylyk-häsiýetli adamyň satiriki keşbi suratlandyrylýar. Hekaýada Bally mollanyň hakyky ynsana gelişmeýän häsiýetleri paş edilýär.
A.Durdyýew syýasatyň täsiri bilen gahrymanynyň erbetligini has nygtamak üçin ony «molla» diýip atlandyrsa-da onuň eserde mollaçylyk bilen meşgul bolýan ýeri ýok. Ol ýaramaz häsiýetleri özünde jemlän, gopbam, öwünjeň, durnuksyz, ahlaksyz adam.
Yazyjynyň öz gahrymanyny häsiýetlendirişi şeýledir: «...Öl köne mollady. Onuň kärinden paltasy daşa degenden soň, ol edil tilki ýaly timisgenip, obanyň içinden ussaçylyk kärini tapyp aldy». Barybir Bally molla zandynda bar bolan erbet häsiýetlerinden ara açyp bilmeýär.
Bally mollanyň häsiýetinde ulumsylygy has-da göze ilginç. Ol bu erbet gylygyny her bir pursatda ýüze çykarýar. Näzik eje hyzmat bilen onuň ýanyna baranda, ussa arkan gaýyşýar, özüni bolşundan artyk gereksiredýär.
Oýnatgy, ak girse-de aň girmedik Bally mohla şu hili häsiýetleri, hereketleri bilen sada oba adamlaryna özüni deňi-taýy bolmadyk ökde hünärli adam edip tanatjak bolýar. Şeýdip hem ol özüni abraýly adam etmekçi, gelin-gyzlara özüni haladyp, täzeden öýlenmekçi. Näzik eje kätmenini derrew bejerdip almak üçin Bally mollanyň ugrundan turan bolup, onuň göwnüniň isleýän temasynda gürrüň edýär.
-Hawa, hawa, tüýs seniň diýjek gyzyň, ol saňa mynasyp maşgala, ussa jan, şol kätmeni gaty gowy edip bejereweri...»
Bu sözler ussanyň ýüregine jüňk bolýar. Näzik ejäniň oýundan aýdan şu hili sözlerine ynanan Bally mollanyň özüne has-da göwni ýetýär. Şondan soň, ol täzeden öýlenmegiň kül-külüne düşýär. Ol haly arteline başlyk bolup gelen Gözele öýlenmek üçin pyrlanyp başlaýar. Öňki aýaly bilen aýrylyşýar. Daşky görnüşini üýtgedýär, özüni has döwrebap görkezmek isläp, azara galýar.
Eserdäki wakalar ösdügisaýyn Bally mollanyň hakyky keşbi açylyp başlaýar. Ol Gözeliň ýanyna ýygy-ýygydan baryp, öwnüp, onuň başyny aýlajak bolýar, emma ol işi başa barmaýar. Şu hili hereketleriniň üsti bilen Bally mollanyň obrazy ulumsy, öwünjeň, azgyn adamyň obrazy bolup okyjyda ýigrenç döredip ugraýar.
Bally mollanyň niýeti-päli düzüw bolmansoň näçe urunsa-da edýän hereketlerinden netije çykmaýar. Ony diňe öz aýaly Bibijemal ýa-da Gözel ýazgarman, obadaşlary-da, okyjy hem çyny bilen ýazgarýar. Nädogry hereketleri netije bermänsoň Bally molla ahyrynda aýrylyşan aýaly Bibijemalyň ýanyna boýun burup barýar.
Hekaýada täsin obrazly gahrymanlaryň giden tapgyry döredilipdir. Gözel, Kuly, Näzik eje, Akjemal ýaly başga-da birnäçe gahrymanlaryň her birisi okyjy üçin gyzykly obrazlardyr. Olardan Akjemalyň obrazy ýumoristik häsiýetde döredilip, okyjy üçin hasam täsirli bolupdyr.
Ýazyjynyň döreden obrazlaryň ählisiniň diýen ýaly şowly bolmagy eseriň çeper ýazylandygyny, öz maksadynaýetendigini aňladýar. Hekaýadaky her bir epizod, her bir detal biri-biri bilen baglanyşýar we esasy temanyň, obrazyň, ideýanyň janly görnüşde aýdyňlaşmagyna, sýužetiň ösmegine hyzmat edýär. Bu bolsa eseriň kompozisiýasynyň berkligini görkezýär. Hekaýadaky her bir garşylyk häsiýetleriň, pikirleriň çaknyşmagy bijen baglylykda ösýär. Şonuň üçin hekaýanyň mazmuny çuň emosional häsiýete eýedir.
Hekaýada gahrymanlaryň dili meselesi-de ýazyjynyň üns merkezinde berk saklanypdyr. Ýazyjy gahrymanlarynyň, esasan-da, Bally mollanyň häsiýetine, düşünjesine laýyk dil aýratynlygyny-da ýüze çykarypdyr. Bu bolsa Bally mollanyň obrazynyň has gowy aýdyňlaşmagyna kömek edýär.
Bally mollanyň obrazy betpällik, azgynlyk ýaly häsiýetleri bolan adamlara okyjylarda çuňňur ýigrenç döredip biljek obraz bolup çykypdyr. Beýle kişä ýigrenç döretmek bolsa okyjylary bet häsiýetlere garşy göreşmäge hyjuwlandyrýar. Şu jähtden «Bally molla» eseri möhüm ähmiýete eýedir.
Ýazyjynyň „Gurban―, „Signal― hekaýalaryny hem okyjylar gyzgyn garşyladylar. „Gurban― hekaýasynda baýyň hyzmatynda başagaý bolup ýören oglanjyk barada özboluşly usulda ýumoristik häsiýetde gyzykly gürrüň berilýär. „Signal― hekaýasynyň wakasy mekdep okuwçylarynyň durmuşyndan alnypdyr. Hekaýada arassaçylyk hapysalygyň, täzeçillik köneçilligiň, ylmy medisina galp tebipçiligiň garşysyna goýlupdyr.