XX asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynyň edebiýaty
50-60-njy ýyllarda ýazyjylaryň döwrüň öňündäki wezipelerine çuňňur düşünmekleri bilen baglylykda türkmen edebiýatynyň hazynasy mazmun taýdan giň, forma taýdan barha kämilleşýän dürli-dürli eserler bilen baýlaşdy.
Doganlyk edebiýatlaryň Türkmenistanda, türkmen edebiýatynyň beýleki respublikalarda geçirilen ongünlükleriniň edebiýatymyzyň ösmeginde uly ähmiýete eýe boldy.
Bu döwürde döredilen we prozamyzyň ösüşini görkezýän ýigrimä golaý romanlaryň hataryna Türkmenistanyň halk ýazyjylary B.Kerbabaýewiň «Nebit-dagyny», «Gaýgysyz Atabaý», B.Seýtäkowyň «Doganlar», «Şahyr», «Çöluň ýüregi», H.Derýaewiň «Ykbal», G.Kulyýewiň «Ýowuz günler», N.Pommanyň «Gatakar», B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar», B.Purliýewiň «Çeleken şemaly», Ý.Mämmediewiň «Ene topragy» romanlary goşuldy.
Powestleriň hili dürli-dürli bolsa-da sany 80-den geçdi.
B.Seýtäkowyň «Gyz salgydy», «Ilkinji gün», G.Gurbansäheňowyň «Çakylyk», B.Purliýewiň «Söýgi mukamy»,N. Jumaýewiň «Akmaýanyň ýoly», «Ýuwaş gelni», B.Hudaýnazarowyň «Göreş meýdany» ýaly eserleri oňat powestleriň hatarynda tanalýar. Türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklaryny okyjylara ýetirmekde N. Jumaýewiň «Uruş ody» we «Ýeňiş ýylynyň hekaýaty» atly powestler tapgyry uly ähmiýetli boldy.
Ozal diňe göwrumi uly bolmadyk epiki poemalar bar bolan bolsa, indi Türkmenistanyň halk ýazyjylary A.Kekilowyň goşgy bilen ýazylan «Söýgi» roma-ny, K.Gurbannepesowyň biri-birini logiki taýdan dowam etdirýän «Taýmaz baba», «Gumdan tapylan ýürek», «Ata we ogul», Ç.Aşyrowyň «Ganly saka» ýaly trilogiýalary, A.Atajanowyň «Guşgy galasy» kimin iri poemalary ýüze çykdy.
Dramaturgiýa žanrynda bu ýyllarda ýüze çykan eserler san taýdanam, hil taýdanam öňki ýyllardakydan birjik-de pesde durmaýar. G.Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar», O.Akmämmedow bilen G.Latfulliniň «Sekizinji hazyna», T.Taganowyň «Guýruksyz tilki» ýaly pýesalaryny gowy eserleriň hatarynda agzamak bolar. Dramaturgiýa žanrynyň ösmegine proza eserleriniň sahnalaşdyrylmagy-da belli derejede itergi berdi.
Çagalar edebiýatynyň häzirki wagtdaky ýagdaýy barada söz açanyňda, ozal çagalar ýazyjysy hökmünde adygan H.Ysmaýylowdan başga-da K.Taňrygulyýew, M.Garryýew, A.Baýmyradow, B.Gurbanow ýaly talantly ýazyjy-şahyrlar körpeleri oňat eserler bilen begendirdi.
Liriki poeziýada ýeriň emeli hemrasyna, kosmonawtlaryň edermenligine bagyşlanan goşgular, aýdymlar döredildi. Bu babatda şahyrlar G.Seýitliýewiň, A.Atajanowyň, M.Garryýewiň eserleri belläp geçmäge mynasypdyr.
Garagum kanalynyň gurluşygynda işleýän zähmet pälwanlaryna bagyşlanyp, ýörite goşgular, iri eserler döredilip başlandy. Edermen gurluşykçylaryň obrazynyň türkmen poeziýasynda şöhlelenmegine oňat hilli eserleri bilen ýardam eden şahyr B.Hudaýnazarowyň hyzmaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasynyň türkmen poeziýasyna gelip goşulmagy zähmet gahrymanlarynyň keşplerini döreden täze bir liro-epik eser poeziýamyza goşant boldy.
Şahyrlaryň daşary ýurtlar hakynda döreden eserleri türkmen poeziýasynyň tematiki taýdan giňelmegine kömek etdi. Şahyr R.Alyýewiň «Dünýä aýaga galýar» ýygyndysynyň köp bölegini awtoryň Fransiýa, Italiýa, Turkiýe hakdaky goşgulary tutýan bolsa, G.Seýitliýewiň «Hindistanyň gülleri», A.Kowusowyň «Turkiýe çöllerinde» kitaplary tutuşlygyna daşary ýurtlar barada gürrüň berýär. Bu eserleriň üstüne A.Kowusowyň Eýran, Owganystan we beýleki ýurtlaryň durmuşyndan gürrüň berýän goşgular tapgyrlary hem goşuldy.
Bu ýyllaryň türkmen poeziýasynda özüniň has doly beýanyny tapan temalaryň biri hem taryhy-rewolýusion temadyr. Şeýle eserleriň hataryna K.Gurbannepesowyň «Taýmaz baba», M.Seýidowyň «Ilkinji ädimler», A.Haýydowyň «Zamanamyzyň prometeýleri» atly poemalaryny, A.Atajanowyň «Guşgy galasy» atly eserini mysal getirmek bolar.
Nägehan urşa gahar-gazaby oýarmakda A.Kekilowyň «Söýgi» romany, Ç.Aşyrowyň «Gökýaýlanyň ýigitleri», K.Gurbannepesowyň «Ajy günler, suýji günler», «Gumdan tapylan ýürek», B.Hudaýnazarowyň «Döwrüň depesindäki adam», M.Seýidowyň «Oba ertekisi», «Soldatyň enesi» poemalary uly ähmiýete eýe boldy.
Liriki gahrymanyň ýürek duýgularyny açyp görkezýän goşgular poeziýamyzyň aşakdaky ýaly özboluşly aýratynlyklaryny ýäze çykarmaga ýardam etdi:
1. Şahyrlarymyz zähmet baradaky goşgularynda zähmetiň umumy ähmiýeti barada gürrüň etmän, zähmet adamsynyň ýürek duýgulary barada söz açdylar.
2. Lirikamyzda sýužetli goşgular köpeldi. Bu bolsa poeziýamyzda dramatizmiň, suratkeşligiň ýüze çykmagyna getirdi.
3. Söýgi hakdaky goşgularda şu günki günüň ýaşlarynyň içki dünýälerine aralaşmaga ýykgyn edildi. Diňe bir magşugyň daşky gözelligi barada gürrüň edilmän, olaryň azat söýgi ugrundaky göreşleri hem beýan edildi.
4. Poeziýamyzda didaktiki äheňli goşgularda öňe sürülýän pikirler has çuňlaşdy.
Soňky döwrüň türkmen poeziýasynda şahyrlarymyz näme barada söz açsalar-da, şol zat dogrusynda çuňňur pikir ýöretmäge endik edipdirler.
Ýene bir bellemeli zat: poeziýamyzda soňky döwürde ynsanyň içki dünýäsini, ýalňyzlykda oýlanyşyny görkezýän goşgular köpeldi. Şol oýlanmalar bolsa liriki poeziýamyzda filosofiki äheňiň güýçlenmegine kömek edýär.
Döwrüň poeziýasynda filosofiki äheň täze-täze öwüşginlere eýe boldy. Poeziýany köpsözlulikden, guraksy beýan etmelerden halas edýän şu ugur türkmen poeziýasynyň geljekdäki ösüş ýoluny kesgitleýärdi.
Şahyrlar ownukly-irili epiki poemalarynda lirizme, oýlanma köp ýykgyn edip başladylar. Heniz wakany guraksy beýan edýäň gahrymanlaryň içki dünýälerine ýüzleý aralaşýan poemalar ýüze çykmagyny dowam etdi.
Her niçigem bolsa soňky döwürde şahyrlarymyz epiki eserlerinde guraksy beýan edijilikden gaça durup başladylar. Olar gahrymanlarynyň başdan geçirýän wakalaryny suratlandyranlarynda, onun daşky hereketini görkezýän beýan edijiligiň täsirinden çykmaga çalyşdylar. Gahrymanlaryň ýüreginde döreýän duýgular barada, aňynda bolup geçýän özgerişlikler dogrusynda pikir ýöretmäge ýykgyn etdiler. Bu bolsa olaryň gylyk-häsiýetleriniň açylyp görkezilmegine, özboluşly taraplarynyň ýüze çykmagyna köp dörejede ýardam etdi.
K.Gurbannepesowyň «Taýmaz baba», «Ajy günler, suýji günler», «Ata we ogul», A.Kowusowyň «Ilkinji söýgi», M.Seýidowyň «Oba ertekisi», «Durun mukamy» ýaly poemalarynda biri-birine meňzemeýän gahrymanlar ýüze çykdy.
Epiki poemalarymyzda diňe bir gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri özboluşly berilmek bilen çäklenilmän, şeýle eserlerde şahyryň obrazy hem ýüze çykyp ugrady.
K.Gurbannepesowyň «Gumdan tapylan ýürek», B.Hudaýnazarowyň «Gyzgyn sähra» poemalarynda, A.Kekilowyň «Söýgi» romanynda diňe bir özboluşly Gulnäz, Eziz, Zina, Weli, Ogulnabat, Akmyrat, Halbike, Kör gojaly ýaly gahrymanlary arkaly tanyşmak bilen çäklenmän şahyrlaryň öz gahrymanlarynyň ýerliksiz hereketlerini ýazgaryp, oňaýly hereketlerine guwanyşyny, olaryň duş gelýän wakalarynyň esasynda çykarýan döwür hakdaky oýlanmalaryny synlap bilýäris. Şeýdip hem eserde şahyryň tutýan pozisiýasy, wakalara garaýşy, obrazy aýan bolup galýar.
Soňky döwürde M.Seýidowyň döreden «Biziň şygrymyz», «Oba ertekisi», «Soldatyň enesi», «Halyçy gyz Aýbölek» ýaly liriki poemalarynda awtor duýgulara, oýlanmalara ýykgyn edip, guraksy beýan edijiligiň täsirine duşmändir.
Poeziýamyzda bulardan başga-da liriki poemalaryň ençemesi bar. B.Hudaýnazarow «Durmuş seni söýýärin» atly ýörite liriki poemalar ýygyndysyny çykardy. Liriki poemalaryň sanynyň artmagy epiki poeziýamyzyň surnukdyryjy guraksylykdan dynyp, duýgulara baýlaşmagyny aýdyň subut edýär.
Şahyrlarymyzyň duýgulara ýykgyn etmekleri netijesinde soňky döwürde liriki poemalaryň poema-oýlanma ýaly görnüşleri ýüze çykdy. Şeýle poemalaryň hataryna girýän K.Gurbannepesowyň «Kyrk», B.Hudaýnazarowyň «Ýaşlyk biziň bilendir», M.Seýidowyň «Biziň şygrymyz» poemalarynda belli bir sýužet liniýasy göze ilmeýär. Awtorlar durmuş, poeziýa bilen baglanyşykly pikirlerini umumylaşdyryp, oýlanmalary orta atýarlar.
Şahyrlaryň dürli ýyllarda çap etdiren ýygyndylaryndaky şygyrlaryň käbirini deňeşdirip göreliň. T.Esenowanyň «Ejem hakda söz», G.Seýitliýewiň «Gün owal iki eken», M.Seýidowyň «Ene», B.Hudaýnazarowyň «Keramat», A.Atajanowyň «Atamyň aýasy» ýaly şygyrlarynyň ählisi-de bir wagtrakda dünýä inipdir, olaryň käbiriniň temasy-da bir. Ýöne bu şygyrlar durmuş hakda, ynsan hakda, ýaşuly nesil hakda, geçmiş hakda, şu gün hakda oýlanmaga mejbur edýärler.
A.Atajanowyň «Sallançagym sähra meniň», «Öçme, ojagym» atly ýygyndylary-da nusga alarlykdyr. A.Atajanow öz okyjysyny başdan-aýak bir äheň bilen ýadatmaýar, käte gaýgyly mukam çalýar, käte ýumoristik röwüşlere ýüzlenýär, käte Watanyň sazyna diň salýar, käte okyjy bilen jedele girişýär, bir görsegem, bilbiliň owazyna diňşirgenýär... Şunuň ýaly poetiki dürlülik onuň «Sallançagym – sähra meniň» atly ýygyndysy üçin aýratynam häsiýetlidir. G.Seýitliýewiň «Hindistanyň gülleri» atly goşgular ýygyndysy ýygyndy bir gezekki saparyň, bäş-on günluk gezelenjiň önümi däl, eýsem öl hindi ülkesine telim saparky syýahatlaryň şahyryna hasabatydyr.
G.Seýitliýewiň hindi çagasy, onuň ykbaly dogrusyndaky tema telim sapar ýüzlendi. Şahyr uzyn taryhly, gözel tebigatly, giň ýürekli Hindistanyň geljegini şol çaga bilen baglanyşdyrýar. Şahyryň «Ýüregi oň ýaraly» atly ajaýyp goşgusy munuň gözli-başly şaýadydyr:
Pil awyna, şir awyna çykmaga,
Şir, peleňden batyr ýürek gerekdir.
Äpet pili sürüp barýar bir çaga,
Belki, oň ýüregi
Şeýle ýürekdir.
Çaga ýüregi däl onuň ýüregi,
Oň ýüregi Hindistanyň ýüregi,
Ynsansöýer ýürek onuň ýaragy.
K.Gurbannepesowyň iki kitapdan ybarat «Taýmaz baba» poemasy Oktýabr rewolýusiýasyndan kolhoz gurluşygynyň üstün çykan ýyllaryna çenli bolan döwruň taryhy sahylalarynyň ählisini girizmegi niýet edinmändir. Poema Taýmaz babanyň ýaşlyk ýyllarynyň ýumagyny çöşläp ugramagyndan başlanýar.
Mätäçligiň simwoliki obrazy poemanyn iň güýçli obrazlaryndan biridir. Ol obraz hut Taýmaz babanyň obrazyny janlandyrmak üçin girizilen bolsa-da, soňabaka onuň özi özbaşdak mana eýe bolýar.
K.Gurbannepesowyň şahyrana ideýalary «Ata we oglunda» hem, «Ajy günler, suýji günlerinde» hem täzeçe hyjuw bilen ýadlanýar, täzeçe lybasy egnine atýar, täzeçe öwüşginlere, ynandyryjylyga eýe bolýar.
Şahyr Aman Kekilow mundan birnäçe ýyl ozal başlan «Söýgi» atly romanyny şu döwürde tamamlady. Belli bolşy ýaly, «Söýgi» romanynyň birinji kitaby 1947-nji ýylda çap edilipdi. Onda romanyň esasy gahrymanlary bolan Ogulnabadyň, Begenjiň, Akmyradyň ykballarynyň, durmuş ýollarynyň diňe ilkinji sahypalary açylypdy.
Birinji kitapdan tegelek on ýyl geçensoň, ikinji kitap çap edildi. Onda Ogulnabadyň Begenç ölenden soňky, perişan haly, oňa hossar çykan Oraz aga ýaly giň göwunli, mylakatly adamlaryň mähirli aladasy barasynda aýdylýardy. Romanyň «çözgudi» üçünji kitaba baglydy. Bu kitapda awtor Akmyratdyr Ogulnabadyň arasyndaky mähirli gatnaşyklary, arassa ynsan duýgularyny suratlandyrdy. Begençden galan ýalňyz ýadygäri - Öwezjigi Ogulnabat üçin-de, Akmyrat üçin-de mährem çaga öwrüldi.
Tutuşlygyna alanyňda, «Söýgi» romany uruşdan soňky döwür türkmen edebiýatynyň guwançly üstünliklerinden biridir.
Hekaýa žanryny ösdürmekde köp işler bitiren B.Seýtäkow, N.Pomma, N.Jumaýew, G.Gurbansäheňow ýaly tejribeli ýazyjylarymyz dürli-dürli temalardan eserler döredip, prozamyzy täze-täze hekaýalar bilen baýlaşdyrdylar. B.Seýtäkowyň «Derýada», «Çuwal bagşy», «Gara ýylan», «Goňşy», T.Taganowyň «Hüýrjemal totam», «Saltyk hakynda rowaýat», N.Pommanyň «Taýlak hyzzyn», «Narly Nepesowiç», «Gummezden çykan gyz», «Gyz nirä gitdi», N.Jumaýewiň «Durmuşyň kanuny», «Namys», «Ýürekde kirşen çekmesin», G.Gurbansäheňowyň «Galkynmak» atly eserleri türkmen hekaýa žanrynyň ösüşiň täze basgançagyna galýandygyny aýdyň subut etdi. Prozamyzyň gowy hekaýalar bilen baýlaşmagynda T.Gurbanow, S.Ataýew ýaly ýazyjylar hem özleriniň goşantlaryny goşýar.
Ýazyjy S.Ataýewiň «Kasam», «Aşgabatly çyparja», «Milletçiniň ölümi» hekaýalary bize urşuň gazaply sahnalary barada dogruçyl gürrüň berýär. B.Gulow, Aşyrberdi Kurt ýaly ýaşlaryň döredijiliginde bolsa A.Durdyýewiň «Bally molla» hekaýasyndan başlanan ýumoristik ugur dowam etdirilýär.
Türkmen hekaýasynyň ösüş depgininiň gowşamagy powest žanrymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede pajarlap ösmegi bilen baglanyşykly boldy.
Ähli ýazyjylarymyzyň diýen ýaly poweste ýykgyn etmegi netijesinde, bu ugurda-da gozgalmadyk tema galmady, prozamyz türkmen halkynyň durmuşyna batyrgaý kürsäp girdi. Eger T.Taganowyň «Dürler hazynasy», G.Gurbansäheňowyň «Çakylyk», «Kyrk teňňe», N.Pommanyň «Seýdi hakynda söhbet» powestlerinde klassyk şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Keminäniň, Seýdiniň durmuşyndaň XVIII-XIX asyrlarda türkmen halkynyň adalatsyzlyk zerarly çeken jebir-jepalaryndan gürrüň berilse, B.Seýtäkowyň «Ilkinji gün», N.Jumaýewiň «Akmaýanyň ýoly» atly eserlerinde Daşhowuz, Lebap etraplarynda azatlyk ugrunda göreşen adamlaryň durmuşyndan söhbet açylýar.
Frontçy ýazyjy N.Jumaýew uruş temasyndan gözi bilen goren wakalary hakynda «Uruş ody», «Ýeňiş ýylynyň hekaýaty», «Ýyldyrymyň ömri» ýaly powestlerini döretdi.
B.Hudaýnazarowyň «Göreş meýdany», B.Purliýewiň «Söýgi mukamy», N.Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» atly eserlerinde tebsirän çöle suw getirmäge wada beren zähmetseýer, päk ýürekli gahrymanlar barada gürrüň berilýär.
Emma soňky döwürde ýüze çykan powestler sany boýunça edebiýatymyzyň öňki ýyllarynda döredilen powestlerden artyk gelýän hem bolsa, hili taýdan olardan pesde durýardy. Munuň hem sebäbi ýazyjylarymyz öňki söz ussatlarymyzyň kiçi göwrumli, mazmuna baý powestleriniň okyjylaryň arasynda uly abraýa eýe bolandygyny nazara alyp, şeýle tipdäki eserleri döretmäge girişdiler. Ýöne biziň ýaşlarymyzda şol talantly ýazyjylaryňky ýaly ussatlyk bolmansoň, Jemile, Dolanaý, Düşen, Tanabaý ajaýyp gahrymanlary döretmäge ukyplary ýetmänsoň, olaryň eserleri garaşylýan netijeni bermedi, özboluşly, gylyk-häsiýetlerini açyp görkezmäge ukypsyz bolup çykdy. Awtorlaryn uly ussatlara öýkunip, kiçi sýujete ýykgyn etmegi ikinji tarapdan ownukçyllyga-da getirmän durmady.
Roman žanrymyz bu ýyllarda öňki ýyllardaka garanyňda, durmuşyň jummuşine has batyrgaý, çuňňur aralaşdy. Ozal taryhy temadan söz açýan diňe «Aýgytly ädim» romanymyz bolan bolsa, indi bu hili romanlaryň sany artdy. B.Seýtäkowyň «Doganlar» romany Daşoguz sebitlerinde azatlyk ugrunda göreşen gahrymanlaryň durmuşyndan gürrüň berse, H.Derýaýewiň «Ykbal» romany Mary sebitlerinde erkin durmuşa baş göteren türkmen ýigitleriniň edermenliklerini birin-birin açyp görkezýär. B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romany okyjylary Garrygala, Gyzylarbat etraplarynda bolup geçen azatlyk ugrundaky söweşiň synçysy bolmaga çagyrýar. N.Jumaýewiň «Jeýhun» romanynda Amyderýa boýlarynda rewolýusion hereketiň ýaýbaňlanyşynyň şaýady bolýarys.
Ýazyjy N.Pommanyň «Gatakar», Ý.Mämmediewiň «Ene toprak» romanlary oba durmuşynyň şol döwür üçin möhüm meselelerine bagyşlanýar.
B.Kerbabaýewiň «Nebitdag», B.Purliýewiň «Çeleken şemaly» romanlary türkmen okyjylaryny gara altynyň ussatlary bilen tanyşdyrsa, B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romanynda uruş ýyllarynda tylda edermenlik görkezen gum pälwanlarynyň psihologiýasyna aralaşylýar. G.Gurbansäheňowyň «Toýly Mergen» romanynda şu günki günuň kolhoz adamlary barada söz açylýar. Bu romanlaryň üstüne G.Kulyýewiň «Ýowuz günler», «Ýanbermöz aljirli», «Gara kerwen» romanlary hem goşuldy.
Bu ýyllarda prozaçylaryň hataryna A.Atajanow, N.Jumaýew, B.Hudaýnazarow ýaly zehinli ýaşlaryň gelip goşulmagy bu žanryň ösmegine amatly täsir etdi.
Şahyrlygy bilen tanalýan A.Atajanow proza žanrynda «Meniň döwürdeşlerim» (1960), «Ýürek gözden öň gerýär» (1964) (rus dilinde) atly kitaplaryny çykardy. Onuň kiçi göwrümli dürli eserlerini içine alýan «Nan bilen namys» atly ýygyndysy bolsa türkmen prozasynyň kiçi göwrumli eserlerini liriki joşgunyň öwüşginleri, halk parasady, publisistikanyň ötgürligi bilen bezedi.
H.Durdyýewiň «Dutar dillenende» atly ýygyndysy galamy ezber täze bir zehiniň peýda bolandygyny görkezdi. Ýazyjynyň «Dutar dillenende» kitabyna giren oçerklerinde onuň türkmeniň milli saz sungatynyň ösüş taryhyna beletligi duýulýar.
60-njy ýyllaryň türkmen edebiýatynda powest görnüşinde güýçlerini synan N.Jumaýewiň, N.Hojageldiewiň A.Gurbanowyň, T.Jumageldiewiň, Ý.Mämmediewiň, T.Gurbanowyň, A.Myradowyn eserleri şu žanryň diňe bir sanyna däl, hatda tutuş prozanyň hiline täsir etdi. B.Hudaýnazarowyň, G.Gurbansäheňawyň powestleri hakynda-da şu pikiri aýtsa boljak.
B.Seýtäkowyň «Ynjalyksyz adamlar» (1960), N.Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» (1962), «Kyrk gije, kyrk gündiz» (1962), B.Öwözowyň «Şatlyk çeşmesi» (1966), A.Durdyýewiň «Gün täze kartadan dogýar», G.Seýitmädowyň «Ürgenç gözeli» (1963) we ş. m. eserler kolhoz hem kolhoz meýdanlarynda bolup geçýän wakalary, oba adamlarynyň köp taraply durmuşlaryny öz içine aldy. B.Hudaýnazarowyň «Göreş meýdany» powesti Garagum kanalynyň gurluşykçylarynyň özboluşly durmuşyny şehlelendirdi. G.Kulyýewiň «Köpetdagyň adyrsynda» (1956) powesti daşary ýurt temasyndan söhbet açdy. R.Alyewiň «Sülgünin hatlary» (1956), «Iki ýoluň çatrygynda» (1960), T.Gurbanowyň «Sarygul» (1967) powestleri oba hem şäher intelligensiýasynyň durmuşlaryny, iş aladalaryny öz içine alýar. Taryhy temadan belli-belli taryhy şahslaryň durmuşyny, ýer-suw reformasyny, kolhoz gurluşygyny şöhlelendirýän ençeme powestler döredildi. N.Jumaýewiň «Ak maýanyň ýoly» (1958), B.Seýtäkowyň «Gyz salgydy» (1962), T.Taganowyň «Dürler hazynasy» (1961), G.Gurbansäheňowyň «Kyrk teňňe» (1961), T.Ju-mageldiewiň «Çaknyşyk», A.Durdyýewiň «Keýmir kör» (1965), P.Nurberdiewiň «Seýdi hakynda söhbet» (1961) powestleri bu žanryň tematiki örüsini giňeltdi. N.Jumaýewiň «Ýeňiş ýylynyň hekaýaty», «Uruş ody» (1965), A.Geldiewiň «Ol biziň obadaşymyz» (1964), A.Nazarowyň «Hatarly gadamlar» (1964), «Gan bilen der» (1964), T.Jumageldiewiň «Gelneje» (1968), R.Gelenowyň «Ogulaý» (1966), R.Allanazarowyň «Obamyň gyzy» (1965), A.Paýtykowyň «Uruş ýylynyň oglany» (1966) we ş. m. powestlerinde uruş temasy işlenildi.
Söýgi hem ahlak temasyndan ençeme eserler döredildi. N.Hojageldiewiň «Söýgi hesreti» («Sowet edebiýaty» 1956, № 7), B. Purliýewiň «Söýgi mukamy» (1963), A.Gurbanowyň «Gülnar» (1962), T.Gurbanowyň «Sarygul» (1967), T.Taganowyň «Leňňer pelwan» (1962), B.Seýtäkowyň «Bekmyrat Durdyýew» (1969), O.Akmämmedowyň «Jezalandyrylmaýan jenaýatkärler» (1965), N.Geldiewiň «Söýgi ody» (1968), G.Gurbansäheňowyň «Söýseň...» (1968), R.Allanazarowyň «Ýazyjynyň gyzy» (1969), «Puşman deri» (1968), Ý.Durdyewiň «Ýaşyl yşyklar» (1968), B.Gulowyň «Ýetim» (1965), B.Seýtäkowyň «Ogul sowgady» (1966) powestleri-de altmyşynjy ýyllaryň önümidir.
T.Gurbanowyň «Sarygül», N.Hojageldiewiň «Söýgi hesreti», B.Purliýewiň «Söýgi mukamy», T.Taganowyň «Guljemal», A. Gurbanowyň «Gülnar» powestleri, esasan, söýgi temasyndan ýazylan eserler.
A. Gurbanowyň «Gülnar» powesti göwrum taýdan çaklaňja. Powestiň sýužet gurluşynda, garşylygyň ösdürilişinde dagynyklyk ýok. Gahrymanlary-da sanlyja: Gülnar, Durdy, Nyýazguly. «Gülnar» powesti eseriň baş gahrymany Nyýazgulynyň dilinden gürrüň berilýär. Şol gürrüňler sada, tebigy, milli. Millilik aýratyn hem powestiň baş gahrymany Gülnaryň häsiýetinde gowy jemlenipdir. Powestde boýdan-başa duýgy bilen hereket utgaşyp, Gülnar özboluşly häsiýeti bilen gözüň alnynda ösýär, özgerýär. Janypkeş hem ýürekdeş gyzyň häsiýeti A.Gurbanowyň soňky ýyllarda döreden «Otja», «Şol agşam» powestlerinde Otjanyň, Jereniň häsiýetlerinde barha çuňlaşdy...
Gülnaryň Durdynyň ugrunda kökenek bolşy, Nyýazgula garaýşyndaky belent adamkärçilik biziň aglaba powestlerimizdäki aýal obrazlarynda kemterlik edýän häsiýetdi.
«Gülnardaky» lirizm ony diňe bir özünden öň ýazylan powestlerden tapawutlandyrýar. Gülnar eden işi öňünden bitip barýan, ýalňyşmaýan bir kemsiz ideal gahryman däl. Gülnaryň uzak oýlanman, ölçerip-dökmän bir işi birden-bire edip oturybermek häsiýeti-de bar. Şol häsiýeti bilen ol abraýam gazanýar, şol häsiýeti bilen budreýär hem. Düzetmesiz ýalňyşlyk goýberip, çoçgara çolaşýar.
Brigadir bolup işläp başlanyndan köp wagt geçmänke Gülnaryň Nyýazgulynyn ýanyna darygyp gelmeginde, brigadirlikden el çekmegi ýüregine düwmeginde ýasamalyk ýok. Ol gyzyň häsiýetindäki çalt öwrüm etmekden gelip çykýan netije. Nyýazgulynyň Gülnara berýän maslahatlarynda dine bir ýakyn adamyňa ýürekdeşlik däl, onda her bir meseleden akylly-başly baş çykarýan kämil adamyň duýgusy hem düşünjesi jemlenýär. Şol duýgudyr düşünje-de Gülnary dogry ýola salýar.
Gülnara guwanyp, öz ýanyndan göwün ýüwürdip ýören Nyýazgulynyň oý-pikirlerindäki gapma-garşylyk, gyzyň Nyýazgula garaýşyndaky gizlinlik powesti dartgynlaşdyryp, janly durmuş akymy bilen yzyna duşurip gidip otyr. Akyl bilen duýgynyň arasyndaky göreş Nyýazgulyny otdan alyý, suwa salýar. Ol göreşde gahrymana diňe Gülnar kömek edip biljek. Şu ýerde-de Gülnaryň beýleki gahrymanlaryň köpusine meňzemeýän, diňe onuň özüniňki bolan indiwidual häsiýeti ýüze çykýar. Şol häsiýetem onuň ölçerip-dökjek bolup durman, çalt öwrüm etmeginden gelip çykýar. Gülnaryň gahary gelende ol oýlanyş ukybyny ýitirýär, paýhas ondan arany açýar. Şol kemçilik-de ahyr Gülnary şa ýoldan sowýar.
Lirizme ýugrulan «Gülnarda» gahrymanlaryň pikirdir duýgularyna giň orun berilýär.
Öwrenilýän döwürde taryhy romanlaryň hem birnäçesi döredildi.
H.Derýaýewiň «Ykbal» (1960-1970) romanyndaky ähli wakalaryň sakasynda aýal-gyzlar meselesi dur. Eserde boýdan-başa türkmen aýal-gyzlarynyň geçmişde jebir-jepaly, hasratly ykballary öz beýanyny tapypdyr. Olaryň jemgyýetde neneňsii agyr günlere sezewar edilendikleri ynandyryjy, täsirli waka ýordumy arkaly açylyp görkezilipdir. Aýal-gyzlaryň ajy ykballary baradaky meseläniň töwereginde jemgyýetdäki çaknyşyklary, gapma-garşylyklary häsiýetlendirmegi ýazyjy öz öňünde maksat edip goýupdyr.
B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda (1961-1965) görkezilýän wakalar Demirgazyk Türkmenistanda we Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda bolup geçýär. Roman Türkmenistanda Oktýabr rewolýusiýasy döwründäki we ondan öňki wakalary çeperçilik taýdan gowy teswirleýän eser bolup çykdy. «Doganlar» romanynda, adyndan belli bolşy ýaly, halklaryň dost-doganlyk meselesi, dürli halklaryň wekilleriniň azat-erkin durmuş, adalat ugrunda göreşişleri has töwerekleýin beýan edilýär. Eserde türkmen, rus, özbek, garagalpak, tatar halklarynyň wekilleri bilelikde hereket edýärler.
G.Kulyýewiň „Gara kerwen― (1971) romanynda iňlisleriň Orta Aziýada özleriniň syýasatyny ýöretmek ugrunda eden hereketleri, kontrrewolýusion meýilleri çeper suratlandyrylýar. Romanda wakalar iňlis aňtaýjysy polkownik Forsteriň adyndan beýan edilýär.
Tejribeli aňtaýjy Forster Hindistanda we beýleki ýurtlarda uly işler bitiripdir, agalarynyň ynamyny gazanypdyr. Forsteriň kerweni hileli niýetler bilen Maşatdan Orta Aziýanyň jümmüşine ugraýar. Iňlis aňtaýjysynyň wezipesi içki kontrrewolýusion güýçleri herekete getirmeli, halkyň başagaýlygyndan peýdalanyp, Türküstany iňlis koloniýasyna öwürmek üçin az güýç bilen basyp alar ýaly şertler taýýarlamaly.
B.Kerbabaýewiň «Gaýgysyz Atabaý» romany Türkmenistan respublikasynyň ilkinji hökümet ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýewiň durmuş ýoluna, iş-aladalaryna bagyşlanypdyr. Romanyň baş gahrymany Gaýgysyz ýaşlyk ýyllaryndan başlap, onuň respublikanyn hökumet ýolbaşçysy wezipesine çenli eten uzak hem çylşyrymly durmuş ýoly juda ýokary çeperçilik derejesinde teswirlenýär.
Romanda Gaýgysyzyň rus-ýerli mekdebinde okaýşy, Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýa-syny tamamlaýşy hem rus işçileriniň ýardam etmegi bilen onuň kalbynda rewolýusion meýliň peýda bolmagy täsirli wakalaryň üsti bilen yzarlanýar. B.Kerbabaýew «Nebitdag» (1957) romanyny ýazmazdan ozal senagat şäheri bolan Nebitdaga uzak möhletli göçüp bardy, işçi durmuşyny içgin öwrendi. Diňe bir iş prosesi bilen däl, ýazyjy işçileriň dynç alşy bilen-de gyzyklandy, olaryň maşgala durmuşyna-da belet boldy, ýaňy dörän türkmen işçiler synpynyň täze däp-dessurlary nähili özleşdirýändikleri bilen hem içgin tanyşdy.
B.Kerbabaýewiň «Nebitdag» romanynda nebit gözleýjileriň irginsiz aladasy, olaryň tebigat bilen aldym-berdimli söweşi ýazyja ýakyn bolan şireli dilde, dartgynly wakalaryň göwnejaý sepleşdirilmeginde beýanyny tapýar. Romanyň baş gahrymany Annatuwak Çowdurowyň obrazy täsirli çykypdyr. Uzak wagtlyk iş tejribesine daýanyp, özüne göwni edýän, gol astyndaky işgärlere diňe buýruk etmäge endik eden bu gahryman «men-menlik» etmek derejesine çenli barypdyr. Ol soň ýalňyşyna düşünýär.
Rus, azerbaýjaň türkmen we gaýry halklaryň wekilleriniň obrazy diňe bir iş prosesinde janlandyrylman, olar dynç alyşda-da, toý saçagynyň başynda-da ysnyşykly orun tapýar.
Altmyşynjy ýyllaryň ahyrynda G.Gurbansähedowyň «Toýly Mergen» (1970) romany peýda bolup, ol häzirki zaman meselesine has düýpli çemeleşýänligi bilen türkmen edebiýatynda gyzgyn seslenme tapdy.
Edebiýatyň kämilliginiň alamaty hökmünde görülýän roman žanry türkmen edebiýatyna ymykly aralaşdy. Olaryň haýsy biri dogrusynda gürrüň gozgalsa-da roman žanrynyň ösüşindäki basgançaklary yzarlamak mumkin.
Front hem tyl birliginiň uly güýjuni teswirleýän eserleriň iň gowularynyň biri hökmünde B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» (1970) romanyny mysal getirmek bolar.
Gaýtarylyp getirilen Keýik, gaýyn öýüne gelende, adamsy Ýurdaman eýýäm fronta gidipdir. Ýedi aý mundan ozal durmuşa çykan gelniň bir aý ýanýoldaşynyň ýanynda bolup, türkmeniň däbi boýunça, ýoňsuz wagty aýralykda geçirmegi, fronta ugraýan adamsy bilen adam şekilli hoşlaşmakdan hem mahrum bolmagy gözgyny ýagdaý. Ol ümbilmez baldyzy Keýkeri gürrüňe goşup, Ýurdamanyň ugramazyndan ozal näme diýenini, nähili hereketler edenini göz eňune getirjek bolup aladalanýar. Ýazyjy Keýik gelniň şondan soňky oýlanmalaryny, onuň içki dünýäsinde gopýan gaý-harasady örän göwnejaý suratlandyrýar.
Mana düşmez baldyzynyň her bir sözünden many çykarmaga taýýar gelniň iň soňky pursatda Ýurdaman bilen ynsan ýaly hoşlaşmaga-da ýol bermedik dessuryň etmişlerini paş edýän ýangynly sözlerinde ullakan many bar.
B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romanynda hadysadan häsiýete ýykgyn etmeklik duýulýar. Ýazyjy wakalary boýdan-başa yzarlajak bolup durman, esasy ünsüni häsiýeti açyp görkezmeklige gönükdirýär. Eserin epikliginden lirikligi has agramly çykypdyr.
Ellinji ýyllaryň ikinji ýarymy hem altmyşynjy ýyllar türkmen prozasynyň ösen ýyllary boldy. Şu döwre çenli türkmen edebiýatynda poeziýa has agramly bolan bolsa, indi ol öz ornuny proza bilen çalyşdy.
Bu döwür türkmen prozaçylarynyň köpçulikleýin uly göwrumli eserlere ýüzlenip, türkmen edebiýatyna roman žanrynyň ymykly aralaşan ýyllary boldy. Türkmen edebiýatynda köp tomly romanlaryň örüsi giňedi.
Öwrenilýän döwürde drama zanrynda hem ep-esli öňegidişlik gazanyldy.
G. Kulyýew «Ýürege emir edip bolmaz» dramasynda Garagum kanalynyň gurluşygynda işleýän doganlyk halklaryň durmuşyndan söz açyp, gaýduwsyz gahrymançylyk görkezip, tebsirän çöle suw getirýän pälwanlary wasp edýän bolsa, B. Amanow «Joralar» atly pýesasynda bilim almakda-da, söýgi meselesinde-de hiç kimden pesde durmaýan joralar Aýlardyr Akgülüň reňkli pagtanyň sortuny oýlan tapmakda, halkyň saglygy ugrunda göreşmekde görkezýän asylly işlerini teswirlemäge synanyşyk etdi.
Dramaturglar G.Latfullindir O.Akmämmedowyň «Sekizinji hazyna» komediýasynda, T.Taganowyň «Guýruksyz tilki», A.Esenowyň «Bibigül» dramalarynda bolsa kolhoz mallarynyň baş sanyny ösdürmekde, önümliligini artdyrmakda arman zähmet çekýän oba adamlarynyň duýgularyna içgin aralaşyldy.
Ahlak taýdan azgyn, durnuksyz tipleriň gylyk-häsiýetlerindäki erbet taraplary paş etmekde G.Muhtarowyň «Möhüm operasiýa», «Şeýtan zurýatlary», A.Garlyýewiň «Agalar hem çagalar», M.Gurbangylyjowyň «Çalaran başlar», N.Geldiewiň «Tagan paňk» dramalarynda synanyşyk edildi.
Ýazyjy H.Derýaýewiň «Mähri», A. Esenowyň «Erkin ýürekler», A.Mämiliýewdir B. Suhanowyň «Ýedigenim ýedi ýyldyz» pýesalary söýşup, durmuş gurýan ýaşlaryň durmuşyndan söz açýar.
G.Muhtarowyň «Iň soňky duşuşyklar», «Kim jenaýatkär», T.Taganowyň «Ikinji naharhana», N.Geldiewiň «Husyt» atly pýesalarynda aňsat eklenjiň kül-külüne düşüp, galplyk edip, soňundan hem degerli jezasyny çekip, dogry ýola düşýän adam-lar barada gürrüň berilýär.
Soňky ýyllaryň türkmen dramaturgiýasynda duýpleýin işlenilen temalaryň esasy şulardan ybaratdyr. Elbetde, dramaturglarymyz bu temalaryň daşyndan başga-da käbir temalardan söz açdylar. B.Amanowyň «Mollanepes», «Kemine» dramalarynda klassyk şahyrlarymyzyň durmuşyndan söhbet açyldy.
Görnuşi ýaly, häzirki zaman türkmen dramaturgiýasy uly ösuşleri başdan geçiripdir, döwurdeşlerimiziň arzuw-hyýallaryny suratlandyrmaga çalyşýardy.
G.Muhtarowyň «Möhmm operasiýa» pýesasy, H.Derýaewin «Mähri», T.Esenowanyň «Senin yşgyňda» dramalary Adamlaryň ahlak taýdan barha päkizelenýändigini, erbet gylyklardan saplanýandygyny oňat suratlandyrýar.
B.Amanowyň «Kemine», «Mollanepes», M.Gurbangylyjowyň «Şahyryň ölümi», D.Agamämmedowyň «Porhan», B.Annanurowyň «Köpri» ýaly eserleri we türkmen dramaturglarynyň bir aktly pýesalary ylmy derňew üçin gyzykly faktlary özlerinde jemleýär.
Çagalar edebiýatymyz üçin hem soňky ýyllar iň hasylly ýyllar boldy. K.Taňrygulyýewiň «Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň» atly goşgular toplumy, M.Garryýewiň «Ussahanada», A.Baýmyradowyň «Oglanlykdan on gün» atly poemalary, B.Gurbanowyň «Çarwa mergeniň gürrüňi» atly powesti we başga-da birnäçe eserler çagalar edebiýatymyzyň iň şowly eserleridir. Çagalary gowy eserler bilen begendirip durmakda şahyrlar A.Atajanow, A.Haýydow, M.Seýidow, K.Gurbannepesow hem körpeler üçin oňat eserleri döredip gelýärler. A.Haýydowyň «Ýaz goşgulary», M.Seýidowyň «Arzygülüň hiňňildigi», K.Gurbannepesowyň «Maşgala we mekdep» atly ýygyndylary bu aýdylan sözleriň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň içinde M.Seýidowyň «Arzygülüň hiňňildigi» atly goşgular ýygyndysy şowly çykypdyr.
Çagalar edebiýatymyzyň kemçilikli taraplary dowam edýärdi. Käbir ýazyjylaryň eserlerinde heniz çaga psihologiýasyna doly aralaşmazlyk, kämahal körpeleri mümkinçiliklerinden artykmaç hereket etdirmeklik duýulýardy. Şeýle ýagdaýa N.Baýramowyň «Döwli guýy» powestinde gabat gelýäris.
Türkmen edebiýaty 1956-1967-nji ýyllarda her tarapdan uly ösüşi başdan geçirdi. Eserleriň tematikasy giňäp, hili gowulandy, şu günki günüň adamlarynyň keşbini görkezýän birnäçe ajaýyp gahrymanlaryň obrazlary döredildi.
Dostları ilə paylaş: |