T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə16/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Rehmet Seýidowyň döredijiligi
(1910-1955)
Terjimehal maglumatlar. Zehinli şahyr Rehmet Seýidow 1910-njy ýylda Halaç etrabynyň Akderi obasynda dogulýar.
Ýaşlykda ýetim galyp, baýyň batragy bolan Rehmet ýaňy 13 ýaşyndaka baýyň zor salmagy bilen Owganystana gitmäge mejbur bolýar. Ýat ilde Rehmet ilini-ýurduny, Watanyny kuýseýär. Ol pursat tapyp, ata Watana dolanyp gelýär. 1925-nji ýylda Rehmet internada kabul edilýär, orta bilim alýar. Soňra Atamyrat şäherindäki mugallymçylyk tehnikumyny, Aşgabadyň nıugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetini tapawutlanan diploma tamamlaýar.
Şahyryň zähmet ýoly çagalara terbiýe bermekden başlanýar. Soňra Aşgabada gelip, neşirýatda, kinostudiýada, ýazyjylar birleşiginde işleýär.
Döredijilik häsiýetnamasy. R.Seýidowyň döredijiliginiň başlangyjy 30-njy ýyllara gabat gelýär. Şahyryň ilkinji goşgularynda ýaşlary sowatlylyga çagyrmak, daýhanlary kolhoz gurluşygyna gyzyklandyrmak häsiýetindäki umumylyk gabat gelýärdi.
1937-41-nji ýyllarda R.Seýidow «Gara sahypaly garaňky taryh» (1937), «Ma-ral» (1938), «Serhet säherinde» (1937) ýaly eserlerini döredýär. Bu goşgularda belli bir sýužet yzarlanyp, gahrymanlaryň ykballary janlandyrylýar. Şahyr lirikadan epika ýykgyn edipdir. Hut şol goşgular R.Seýidowyň liro-epiki eserleriniň başlangyjyny aňladyp, geljekki poemalaryň buşlukçysy boldy.
R.Seýidowyň otuzynjy ýyllardaky poeziýasynyň ýykgyn edýän iki sany ugrunyň biri şahyryň epika ýykgyn etmegi bolsa, beýlekisi doly manysyndaky lirika ýüzlenmegidir. Şol lirika ýykgyn etmeklikhem R.Seýidowyň poeziýasynyň häsiýetli aýratynlygy bolup, şahyryň şygryýetiniň belentligini kesgitledi. Şol liriki äheňlilik şahyryň döredijiliginde aýratyn bir etap boldy.
Janym, tenim,
Göz röwşenim
Watanym hem halkymdyr!
Her bir zaman
Güýç aýaman,
Oňa aýdym düzerin.
Gün nura baý,
Gijeler Aý
Durmuş doly ýalkymdyr.
Günde-günde
Bagt içinde
Men gulaçlap ýüzerin...
Şahyryň poeziýasynda söýgi hem peýzaž lirikasy bir ugurdan gopýar. Olaryň ikisi biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň ikisinde-de ynsana söýgi, tebigata söýgi bütewi bir zat hökmünde belentlige galýar.
Näzik gabaklaryň hut iňrik ýaly,
Gözüň hem güneş dek göýä ýaşypdyr.
Kirpikleriň aşyk bolan mysaly,
Bir-birini tapyp gujaklaşypdyr.
Howlugyp dem alşyň, näzijek gülşüň,
Meni düýşde görüşiňi aňladýar.
Gözel ak düşekde seň towlanyşyň,
Agşam görsem hyýalymda daň atýar.
Misli alma gonan çyg säherlerde,
Ýaňagyňda bulduraşýan kümüş der.
Bizden başga hiç adam ýok bu ýerde,
Oýan-da, söýgülim, maňa posa ber!
«Uklanyňda» diýen goşgy şahyryň söýgi lirikasynyň ajaýyp mysalydyr. Bu goşguda söýgi ahwalaty gyzyň janly portreti arkaly teswirlenýän bolsa „Gije şemaly― atly goşgusynda peýzažyň usti bilen şahyrana duýgularyny açyp berýär:
Näme alňasaýaň gije şemaly?
Näme üçin gapymdan samrap geçýärsiň?
Göýä sen enteýji bir däli ýaly,
Ýarym uklan tam aýnasyn açýarsyň!
Köp samraýaň, men düşmeýän diliňe,
Kä söz diýýän ýaly, kä-de galmagal.
Gitseň azar berme, uklan gülüme,
Baryp ýat-da, dynjyňy al bu mahal!...
Şahyr otuzynjy ýyllaryň aýaklarynda liriki poeziýa ýykgyn edip, edebiýatymyzda peýzaž hem söýgi lirikasyny bütewileşdirdi.
Peýzaž hem söýgi lirikasy şahyryň döredijilik ugruny kesgitleýjidir. Şahyr söýgüden söz açanda ynsanyň iň bir mukaddes duýgularyny oýarýar, tebigat gözelliklerini wasp edende bolsa, ýadymyza-oýumyza düşmeýän jadylaýjy bir peýzaž herekede gelýär. Bu goşgular şahyryň halk döredijiligidir klassyky edebiýatymyzy tüýs ýürekden söýenligini, rus şygryýetini özleşdirendigini aýdyňlaşdyrýar. Belli bolşy ýaly, Puşkiniň, Lermontowyň, Týutçewiň, Fetiň, Ýeseniniň, Şipaçewiň eserleri R. Seýidowyň döredijilik mekdebine öwrülipdir. Türkmen şahyrynyň peýzaž hem söýgi lirikasy rus şahyrlarynyň şu häsiýetli lirikasyna ýakyndyr.
Ganym urşuň başlanmagy bilen Watany goramaga çagyryjylyk, fronta gidýän ýigitleri ruhlandyryjylyk äheňler R.Seýidowyň döredijiliginde hem çuňňur işlenendir. Şahyryň «Ugratmak» (1941) goşgusynyň liriki gahrymany söýgülisi bilen hoşlaşykda mertlik görkezýär. Şahyryň «Türkmen halkyna» (1942) diýen goşgusynda ogullaryny Watan goragyna ugradan eneleriň merdanalygyna bil baglanylýar.
Şahyryň «Azatgül» (1943) poemasynda halk köpçuliginiň ýeňşiň hatyrasyna fronta kömek edişi şahyrana janlandyrýar.
«Goç ýigit seweşde belli» (1943) poemasy liriki äheni boýunça şahyryň tutuş döredijiliginiň lirika ýykgyn etmek häsiýeti bilen birleşýär.
Urşuň tamamlanmagy, deňi-taýy bolmadyk Beýik Ýeňşiň gazanylmagy, halkyň arzyly maksadyna ýetmegi bilen baglanyşykly şahyr mylaýym liriki äheňler bilen ajaýyp goşgularyny döretdi.
Aý-da bakýar,
Suw-da akýar,
Guşlar ýatýar uklaşyp.
Joş urýar ýaz,
Her ýanda saz
Edýär suwlar ses goşup!..
Obam gözel,
Ös salkyn ýel!
Men gelemde ilime!
Halk parahat,
Jan-da rahat,
Bakýan atyz, çilime...
Aşa duýguçyllyga berlen liriki gahryman pasyllaryň daşky owadanlygyna maýyl bolmaýar-da, onuň içki gözelligini syzmany başarýar. Adaty adamlaryň saýgarmaýan gözelligini aňşyrmany başarýan şahyr ony ussatlyk bilen suratlandyrýar. Okyjynyň göz öňünde janlandyrylýan ol kartina şahyryň suratkeşliginiň näderejede belentligini açyp görkezýär.
Ine, Pöwrizäniň garry daglary,
Bulut oňa dynç almaga çöküpdir.
Bu-da Pöwrizäniň ýaşyl baglary,
Almalary eýýam gülün döküpdir.
Baglarda seslenip, Pöwrize çaýy,
Gije-gündiz şur-şur edip, akyp dur.
Gulpagyn ykjadyp, asmanyň aýy,
Ýuwaşja ýylgyryp, oňa bakyp dur...
«Pöwrize çaýy» (1946) goşgusynda şahyr dagyň başyny bürän bulutlaryň durşuny şahyrana duýgurlyk, synçylyk bilen suratlandyrýar.
Şahyryň «Ýaşlara ýadygär» goşgular ýygyndysy çagalara niýetläpdir.
Teşne Garaguma suwuň gelmegi, munuň diňe adamlar üçin däl, çölüň janly-jandary üçin hem eşrete öwrüljekdigi barasynda şahyt birnäçe goşgulary döretdi. Şahyryň şol goşgular toplumyny jemleýän iň soňky «Awçy, atma jereni» (1954) goşgusy türkmen poeziýasynda-da iň bir saýlama eserleriň hataryna goşuldy.
Awçy, atma jereni!
Onda uly arzuw bar.
Intizar ol, gör ony,
Ol kanala garaşýar.
Gör, injigi inçejik,
Suw diýip köp ýörmekden.
Mahrum etjek sen niçik,
Ony kanal görmekden?
Sanalgyja gün galdy,
Arzuwyna ýeterne.
Kanal çöle ýol saldy,
Gelýär jerenleň ýerne.
Kanal gumy boýun edip,
Geçsin, çöli suwarsyn!
Owlaklaryn oýnadyp,
Jeren-de suwa barsyn.
Awçy, atma jereni!
Onda gowy arzuw bar.
Gowy arzuwy seni,
Etsin oňa rehimdar!
Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda R. Seýidowyň döredijiligi babatynda 30-dan gowrak makala ýazylypdyr. Ý.Nasyrly, D.Haldurdy, B.Welmyradow, B.Seýtäkow, O.Gadamow, R.Alyýew, B.Jürmenek, A.Atajanow, A.Kerimow, A.Ulugberdiýew, N.Aşyrow, R.Rejebow, Ö.Abdyllaýew ýaly türkmen ýazyjylarydyr alymlary bilen bir hatarda moskwaly edebiýatçylar, terjimeçiler, alymlar hem R. Seýidowyň döredijiligine belent baha berdiler.
Döwür bilen döwürdeş gopýan şahyryň şahyr ýüregini ýaşlyk duýgulary gaplap alanda okyjyny biparh goýmaýar. Şahyr özüni baharyň aýdymçysy, bagşysy hasaplaýar.
Barha joşýan
Goşgy goşýan
Men baharlar bagşysy.
Durmuşym saz,
Möwsümim ýaz,
Gül-gülüstan mesgenim.
Heňler etsin
Halka ýetsin
Goşgularmyň ýagşysy!
Bagy-bossan
Türkmenistan
Seňkidir janym, tenim!
R.Seýidow türkmen şygryýetini diňe bir üýtgeşik şahyrana mazmun däl, täze forma bilen hem baýlaşdyrdy. Şahyryň döredijiliginde kemsiz işlenen „Abaý bendi‖ goşgy formasy başga edebiýatdan getirilen bolsa-da R.Seýidowyň şahyrana şalygynda ol hakyky milli häsiýete geçdi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy K.Taňrygulyýew şahyryň kämil şygryýeti we ajaýyp şahsyýeti barada şeýle ýatlaýar: „Meşhur türkmen şahyry Rehmet Seýidowyň ady tutulanda, Köpetdagyň dyzyny ýassanyp ýatan Aşgabadyň baýry, bütin Lebabyň gözelligi, gyş bilen ýazyň sepleşiginde ýere ýyly gidip, bugaryp duran atyzlar, sähel soňrak açylan bägül pyýalasy, tomsuna ygşyl atýan tylla sary bugdaýlyk... göz öňüne gelýär. Jeýhunyň, onuň kenaryndaky gara baglardaky bilbildir torgaý guşlaryň täze-täze mukamy eşidilýär. Şahyr ýadyňa düşende, adamy, bütin tebigaty, ähli gözelligi söýmegi jany-teni bilen başaran, diýsen mylakatly, mährem, nurana, kalby owadan adam göz önüňde janlanýar.
…Rehmet Seýidowdan görelde almaly zatlaryň biri-de onuň ýaşlary, geljek nesli örän eý görenligidi. Ol ýazyjylar soýuzynyň konsultantydy. Şahyr täze eseriň her setirini içgin derňärdi, belliklerini örän sowukganlylyk bilen aýdardy. Onuň ne ýygnakda, ne telefonda gepleşende, ne söhbet edýärkä, ýaşkiçi bolsun, ýaşuly bolsun, sesini gataldanyny gören-eşiden ýok. Sypaýyçylyk bilen, halys ýürekden maslahat bererdi. Ýöne talaby gowşatmazdy. Tutuş goşgynyň ýa-da poemanyň süňňünden, many-mazmunyndan kapyýasyna çenli birin-birin derňäp, eseriň pes kakýan ýerlerini awtoryň özüne boýun aldyrardy. Setiriň akgynlylygyna, kapyýanyň sagdyn bolmagyna aýratyn üns bererdi...‖
Görnükli şahyra doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin